Dünýäde ilkinji habarlar gullugynyň esaslandyryjysy Şarl-Lui Gawasyň sagady Şweýsaruýanyň Ženewa şäherinde geçirilen auksionda 3 million dollara satyldy. Bu barada «Frans Press» habarlar gullugy habar berýär. Şweýsariýanyň «Bregeut» kompaniýasy tarapyndan ýasalan altyn sagadyň diamteri 5,5 santimetre deňdir. Şeýle hem onda gün we aýy görkezýän kalendar hem ýerleşdirilipdir.
Fransiýaly bank işgäri, terjimeçi hem-de žurnalist Şarl-Lui Gawas 1835-nji ýylda “Gawas” atly ilkinji habarlar gullugyny esaslandyrdy. 1944-nji ýylda bolsa, onuň esasynda häzirki wagtda dünýäniň iň abraýly hem-de öňdebaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň biri hasaplanýan “Frans Press” habarlar gullugy döredildi.