Gü­nor­ta ko­re­ýa­ly ýa­zy­jy ze­nan Han Kang şu ýy­lyň ab­raý­ly “Bu­ker” baý­ra­gy­na my­na­syp bol­dy. Bu baý­rak ýa­zy­ja “The Vege­ta­ri­an” (“We­ge­ta­ri­an”) at­ly ro­ma­ny üçin gow­şu­ryl­dy. Bu ba­ra­da 16-njy maý­da Lon­do­nyň Wik­to­riý we Al­ber­ta mu­ze­ýi­niň gu­ra­ma­çy­la­ry ta­ra­pyn­dan gu­ra­lan da­ba­ra­ly ag­şam­lyk na­ha­ryn­da mä­lim edil­di. Emin ag­za­sy, bri­tan ýa­zy­jy­sy Boýd Ton­kin ko­reý di­lin­den iň­lis di­li­ne ter­ji­me edi­len bu ese­riň çe­per­çi­lik sýu­že­ti­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­di. Eser­de Ýong Haý at­ly ko­re­ýa­ly aýa­lyň keç yk­ba­ly ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär.
50 müň funt (72 müň dol­lar tö­we­re­gi) möç­ber­dä­ki sy­lag ýa­zy­jy we iň­lis di­li­ne ter­ji­me eden De­bo­ro Smi­tiň ara­syn­da paý­la­nyl­dy. Şu ma­ha­la çen­li Han Kan­gyň ady di­ňe öz wa­ta­nyn­da bel­li­di we “We­ge­te­ri­an” onuň hal­ka­ra de­re­je­sin­de meş­hur­ly­ga eýe bo­lan il­kin­ji eser­i­dir. Bu ki­tap Gü­nor­ta Ko­re­ýa­da 11 ýyl ozal, ne­şir edi­lip­di. 2016-njy ýyl­dan baş­lap, “Bu­ker” baý­ra­gy­nyň gow­şu­ry­ly­şy­nyň düz­gün­le­ri üýt­ge­di. Onuň esas­lan­dy­ry­lan wag­ty – 2005-nji ýyl­dan bä­ri baý­rak her iki ýyl­dan bir ge­zek iş­le­riň je­mi bo­ýun­ça be­ril­ýär­di. In­di bol­sa, ony bel­li bir ki­tap we onuň ter­ji­me­si üçin gow­şur­ýar­lar.