Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze ösüşlere tarap ynamly gadam urýan ýurdumyz halkara syýasy, ykdysady, söwda hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlygyň esasy merkezine öwrüldi. Ýurdumyzda halk hojalygynyň dürli pudaklarynda amala aşyrylýan giň gerimli hem-de ägirt uly maýa goýum taslamalary diňe biziň ýurdumyz üçin däl-de, sebit hem-de dünýä ýurtlary üçin strategik ähmiýete eýedir. Şeýle iri taslamalar ulag ulgamynda-da giň gerimde durmuşa geçirilýär. Hazaryň kenaryndaky wakalar munuň aýdyň subutnamasydyr.
Gojaman Hazar deňziniň kenarynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen halkara derejesindäki çäreler milli Liderimiziň öňdengörüjilikli ulag diplomatiýasynyň özboluşly senasyna öwrüldi. Hazaryň türkmen kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Beýik Ýüpek ýoly – täze ösüşlere tarap” atly halkara forumyň hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ulag ministrleriniň IX duşuşygynyň geçirilmegi hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ulanmaga berilmegi ulag ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň has-da işjeňleşdirilmegine ägirt uly goşant goşdy. Bu iri çärelere gatnaşmak üçin dünýäniň dürli döwletlerinden ýokary derejeli wekiliýetler, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de ençeme ýurtdan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Türkmenbaşy şäherine geldiler.
Awazadaky kongresler merkezinde geçirilen “Beýik Ýüpek ýoly – täze ösüşlere tarap” atly halkara forum milli Liderimiziň yglan eden “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynyň şanly wakalarynyň biri bolmak bilen, Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek babatda alyp barýan tagallalaryna uly goldaw boldy.
Halkara maslahatyň gün tertibine ulag we logistika ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, şol sanda portlaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň meseleleri girizildi.
Hormatly Prezidentimiz bu ýokary derejedäki maslahatda eden taryhy çykyşynda hyzmatdaşlyk, ynam, özara hormat goýmak ýörelgeleriniň Türkmenistanyň halkara syýasatynyň esasyny düzýändigini belläp, Türkmenistanyň Gündogar bilen Günbataryň arasynda ulag ulgamyndaky iri taslamalary bilen özboluşly köpri bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ulag ulgamynyň dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmagy, “Gündogar – Günbatar” we “Demirgazyk – Günorta” ugurlarynda geçelgeleri we halkalary baglanyşdyrýan esasy uly ýollaryň ugry boýunça milli infrastrukturanyň has-da giňeldilmegi ugrunda tagallalaryň edilýändigini belläp geçdi.
Şeýle hem milli Liderimiz Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty barada-da durup geçdi. Porty gurmak baradaky çözgüt kabul edilende, ilkinji nobatda, içerki zerurlyklardan ugur alnandygyny bellän döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy şäherindäki deňiz portunyň ähmiýetiniň öz-özünden milli çäklerden daşary çykýandygyny nygtady. Türkmenistanyň günbatarynda, strategik taýdan möhüm bolan Hazar sebitinde bu desganyň ulanylmaga berilmegi bilen sebitara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, Hazarara gatnawlarynyň möçberlerini we hilini artdyrmak üçin iri meýdança döreýär, ulag akymlarynyň täze gurluşy kemala gelýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Milli Liderimiz Hazar sebitindäki ulag hyzmatdaşlygynda Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň ähmiýetiniň uludygyny nygtap, Hazaryň dostluk hem-de hyzmatdaşlyk deňzidigini we deňiz arkaly serhetleşýän Azerbaýjanyň Baku porty, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitiniň portlary, Gazagystanyň Aktau porty hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Enzeli we Neka portlaryna deňiz gatnawlaryny ösdürmäge giň mümkinçilik döretjekdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz ulag we logistika ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleriniň üstünde giňişleýin durup, bu ugurda iri halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belledi. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin köp sanly halkara başlangyçlary öňe sürendigini, olaryň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolandygyny we ençeme ýurduň bu başlangyçlaryň awtordaşy bolup çykyş edendigini bellän hormatly Prezidentimiz BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri, ilkinji nobatda, BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy (ÝYK) hem-de BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany üçin ykdysady we durmuş komissiýasy (AÝYDK) bilen has ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny mälim etdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň, ÝYK-nyň we AÝYDK-nyň tejribesi esasynda Merkezi Aziýa üçin Türkiýä çykalgasy boljak Modal Ýoly döretmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi. Bu guramalaryň çäklerinde türkmen tarapy Owganystan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe ulag geçelgesiniň gurluşygynyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagy işjeňleşdirmäge çagyrýar. Türkmenistan şeýle hem TRASEKA maksatnamasynyň işjeň hyzmatdaşy we gatnaşyjysy hökmünde çykyş etmäge taýýardyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Umuman, hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýanyň Gündogar bilen Günbatary birleşdirýän esasy köpri bolup hyzmat etmegi ugrunda işjeň hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagy ugrunda tagallalaryň birleşdirilmeginiň möhümdigini belledi.
Halkara forumda çykyş edenler Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek boýunça Türkmenistanyň başlangyçlarynyň goldanylýandygyny aýdyp, geljekde uly mümkinçilige eýe bolan bu ugurda bilelikde işlemäge hem-de tejribe alyşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.
“Beýik Ýüpek ýoly – täze ösüşlere tarap” atly halkara forumyň jemleri boýunça degişli Jarnama kabul edildi, onda duşuşyga gatnaşyjylaryň uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, umumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine laýyk gelýän häzirki zaman dünýä ulag ulgamyny döretmek boýunça döwletara we sebitara gatnaşyklara täze itergi bermäge ymtylmalary öz beýanyny tapdy.
Halkara forum hem-de Halkara deňiz portunyň taslamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň, onuň netijeli daşary syýasatynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Bu syýasat ählumumy ösüşiň we parahatçylygyň bähbidine uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlyga gönükdirilendir.