Dünýäniň 70 göterimden gowrak önümleri konteýnerleriň ýardamy bilen ummanlar arkaly daşalýar. Dünýäniň iň uly portlary Hytaýda ýerleşýär. Munuň Hytaý bilen bir hatarda beýleki Uzak Gündogar ýurtlarynda hem önümçiligiň ýokary bolmagynyň täsiri uludyr. Aziýa ýurtlaryndan dünýäniň dürli künjeklerine eksportuň mukdary ýokary derejede bolmagynda galýar. Dünýäniň iri portlarynyň arasynda Şanhaý öňdäki orunlary eýeleýär. Singapuryň porty bilen bäsleşýän Şanhaý porty ýylda 25 milliondan gowrak konteýner kabul etmäge ukyplydyr. Bu port örän uly girdeji getirýär. Singapur uzak wagtlap dünýäniň iň iri portlarynyň biri bolmagyny dowam etdirýär. Port 600 gektardan gowrak ýeri eýeläp, bu ýerde 200 töweregi söwda ugry hereket edýär. Häzirki wagtda bu halkara porty dünýäniň 120-den gowrak döwleti, 600 töweregi porty bilen hyzmatdaşlyk edýär. Maglumatlara görä, ähli konteýner gatnawlarynyň 7 göterimi Singapuryň üsti bilen gelýär. Hytaýyň iri portlarynyň biri ýerleşýän Gonkong ýylda 21 million konteýner kabul etmäge ukyplydyr. Ýurduň Žençžen şäherinde yklymyň ýene-de bir iri porty bolup, ol ýylda 18 million konteýner kabul edip bilýär.
Gämigurluşygynda we deňiz arkaly ýük gatnawynda öňdäki orunlary eýeleýän Günorta Koreýanyň Pusan porty hem dünýäniň iň uly portlarynyň biri hasaplanýar. Onuň duralgasyna ýylda 12 million ýükli konteýner gelýär. Geografik taýdan amatly ýerde ýerleşýän Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary söwdasynda Jebel Ali portunyň paýy uludyr. Alys ýurtlardan bu ýere gelýän harytlaryň köpüsi gara ýollar arkaly ýurduň we sebitiň beýleki ýerlerine ugradylýar. Dubaý porty ululygy boýunça dünýäniň dördünji terminalydyr. Ol ýylda 12 million konteýneri kabul edýär.
Niderlandlaryň Rotterdam porty ýokary tehnologiýaly ýükläp-düşüriji we ýük daşaýjy tehnikalary bilen tapawutlanýar. Ýewropanyň iň iri portunyň hyzmat ediş mümkinçiligi ýylda 10 million konteýnere barabardyr.