Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bina edilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ulanylmaga berilmegi bilen ýurdumyz iri portly ýurtlaryň hataryna goşuldy. Hazar deňziniň türkmen kenarynda gurlan deňiz porty Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitiniň ähli ýurtlary üçin uly ähmiýete eýe boldy. Umuman, deňiz portlary ýurtlaryň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklaryň has-da işjeňleşmegine uly goşant goşýar.
Gazetimiziň şu sanynda dünýäniň iri portlary hem-de olaryň ähmiýeti barada gyzykly maglumatlary size ýetirmegi makul bildik.
Ýurduň ykdysadyýetine uly goşant goşýan portlar ulaglaryň beýleki görnüşlerinden, ýagny howa, awtomobil we demir ýol ulaglaryndan netijeli peýdalanmak üçin gerekli infrastruktura bilen üpjün edilen bolmaly. Bu ýagdaý ulaglaryň ähli görnüşleriniň sazlaşykly utgaşýan bitewi merkezini emele getirip, portuň esasy logistiki merkeze öwrülmegine goşant goşýar. Hytaý bilen Günorta Koreýa import we eksport harytlarynyň hasabyna deňiz ýük gatnawyny köpeldýän bolsa, Rotterdam we Antwerpen ýaly şäherleriň portlary demir ýollary, derýalardyr kanallar arkaly Ýewropa sebitiniň içki böleklerine ýük daşamaga mümkinçilik berýänligi sebäpli ähmiýetini artdyrýar.
Iri deňiz portlary dürli görnüşli – gury, suwuk, ürgün, himiki serişdeler ýaly ýükleri ýükläp-düşürmäge niýetlenen, şeýle hem ýolagçy terminalyny, gämilere tehniki ideg edýän desgalary özünde jemleýär. Gämi duralgalarynda ýük kabul etmek, saklamak, ýüklemek we düşürmek üçin peýdalanylýan ulag serişdeleriniň tehnologik we awtomatlaşdyrylan usulda bolmagy ýükleriň gysga wagtda düşürilmegine we ýüklenilmegine hem-de harytlaryň barmaly menziline has ir barmagyna ýardam edýär. Şeýle hem belli ululykdaky gämileri kabul etmek üçin deňziň ýeterlik derejede çuň ýa-da çuňaldylan bolmagy zerurdyr.
Dürli görnüşli ýükleri daşamaga mümkinçilik berýän konteýnerleriň peýda bolmagy gämä has köp ýüki sygdyrmaga we bir gezekde daşamaga mümkinçilik berdi. Şol sebäpli soňky ýyllarda konteýner arkaly daşalýan ýükleriň mukdary barha artýar. Sowadyjyly konteýnerler bolsa, azyk harytlaryny we beýleki sowuk saklanmagy zerur bolan harytlary daşamakda giňden peýdalanylýar. Deňizlerde konteýner gatnatmakda öňdebaryjy kompaniýalaryň arasynda Daniýanyň “Maersk Line”, Şweýsariýanyň “Mediterranean Shipping Company”, Fransiýanyň “CMA CGM S.A.”, Hytaýyň COSCO we Germaniýanyň “Hapag-Lloyd” kompaniýalary bar. Ýaponiýa, Günorta Koreýa, Hindistan we beýleki ýurtlarda hem deňiz gatnawlaryny amala aşyrýan iri kompaniýalar bar. Häzirki wagtda konteýner gämileriniň iň ulularynyň uzynlygy 400 metre, ýük göterijiligi 20 müň TEU-a (şertli standart konteýneri) golaýlaýar.