Öz­be­gis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew we Tür­ki­ýä­niň Pre­zi­den­ti Re­jep Ta­ýyp Är­do­gan 30-njy ap­rel­de Daş­kent­de öz­bek-türk gat­na­şyk­la­ry­nyň stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy­ny tä­ze de­re­jä çy­kar­mak ba­bat­da bi­le­lik­dä­ki be­ýa­na­ta gol çek­di­ler. Gep­le­şik­le­riň bar­şyn­da yk­dy­sa­dy, söw­da, ulag-lo­gis­tik, se­na­gat, ener­ge­ti­ka, ylym-bi­lim, sy­ýa­hat­çy­lyk we beý­le­ki ugur­lar bo­ýun­ça 24 res­mi­na­ma gol çe­kil­di. Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew met­bu­gat ýyg­na­gyn­da iki ýur­duň söw­da do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri­ni ýa­kyn ýyl­lar­da 5 mil­liard dol­la­ra çen­li ýe­tir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýän­dik­le­ri­ni bel­le­di. 2017-nji ýy­lda bu ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky söw­da do­la­ny­şy­gy­ 1,5 mil­liard dol­la­r, 2018-nji ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de bu gör­ke­zi­ji 20 gö­te­rim ar­typ, 400 mil­li­on dol­la­ra ýet­di.

ABŞ-nyň se­na­ty döw­let sek­re­ta­ry we­zi­pe­si­ne 54 ýaş­ly Maýkl Pom­peo­ny tas­syk­la­dy. Ol bu we­zi­pä bel­le­nen­den soň, 28-nji ap­rel­de Er-Ri­ýa­da özü­niň il­kin­ji res­mi sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­dy. Maýkl Pom­peo Sa­ud Ara­bys­ta­ny­na sa­pa­ryn­dan soň, Ys­ra­ýyl­da we Ior­da­ni­ýa­da bol­dy. 2-nji maý­da ABŞ-nyň tä­ze döw­let sek­re­ta­ry ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Do­nald Tram­pyň hem-de wi­se-pre­zi­dent Maýk Pen­siň gat­naş­ma­gyn­da ka­sam ka­bul et­di.

Pa­kis­ta­nyň Ka­ra­çi şä­he­rin­de 800 müň ada­ma ni­ýet­le­nen met­ji­diň gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýar. Bu bi­na ulu­ly­gy bo­ýun­ça dün­ýä­de üçün­ji or­ny eýe­lär. Mek­ge­dä­ki we Me­di­ne­dä­ki met­jit­ler iň uly met­jit­ler­dir. Ys­lam ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da gu­rul­ýan bu met­ji­diň dü­zü­min­de Ys­lam yl­my-bar­lag mer­ke­zi, Ys­lam mu­ze­ýi we Hal­ka­ra uni­wer­si­te­ti bo­lar.

Ýa­po­ni­ýa­nyň, Hy­ta­ýyň we Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň li­der­le­ri 9-njy maý­da To­kio­da Ko­reý ýa­rym ada­syn­da hyz­mat­daş­ly­gyň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gep­le­şik ge­çi­rer­ler. Ýa­po­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Sind­zo Abe, HHR-iň Döw­let ge­ňe­şi­niň prem­ýe­ri Li Kes­ýan we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Mun Çže In da­gy Phan­mun­jom­da­ky ko­reý ara sam­mi­ti­niň ne­ti­je­le­ri we se­bi­tiň umu­my ýag­daý­la­ry ba­ra­da mas­la­hat­la­şar­lar. Şeý­le hem, Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň Pre­zi­den­ti­niň 6 ýa­rym ýyl­dan soň­ra, il­kin­ji ge­zek res­mi sa­par bi­len Ýa­po­ni­ýa bar­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär.

28–29-njy ap­rel­de Täh­ran­da Eý­ra­nyň we Ýew­ro­pa­nyň işe­wür­ler fo­ru­my ge­çi­ril­di. Bu fo­rum Eý­ra­nyň Ýew­ro­pa döw­let­le­ri bi­len bank we işe­wür­lik gat­na­şyk­la­ry­na gö­nük­di­ri­len­dir. Fo­ru­myň çäk­le­rin­de Eý­ra­nyň we Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň söw­da gat­na­şyk­la­ry­nyň gel­je­gi, hal­ka­ra stan­dart­la­ry, au­dit stan­dart­la­ry, ma­ýa go­ýum müm­kin­çi­lik­le­ri we beý­le­ki me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Mun­dan ozal­ky fo­rum Ger­ma­ni­ýa­nyň Frank­furt şä­he­rin­de ge­çi­ri­lip­di.

4–5-nji maý­da Daş­kent­de Azi­ýa-Ýu­waş um­man te­le­ra­dio gep­le­şik­le­ri bir­le­şi­gi­niň (ABU) ad­mi­nist­ra­tiw Ge­ňe­şi­niň mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Öz­be­gis­ta­nyň te­le­ra­dio kom­pa­ni­ýa­sy 2004-nji ýyl­dan bä­ri ABU-nyň dü­zü­mi­ne gir­ýär. Azi­ýa-Ýu­waş um­man te­le­ra­dio gep­le­şik­le­ri bir­le­şi­gi dün­ýä­niň 69 ýur­dun­dan 281 gu­ra­ma­ny öz içi­ne al­ýar we 3,5 mil­liard to­ma­şa­çy­sy bar.

27-nji ap­rel­de Phan­mun­jom­da Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Mun Çže In bi­len De­mir­ga­zyk Ko­re­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Kim Çen Ynyň ara­syn­da ta­ry­hy du­şu­şyk ge­çi­ril­di. Bu Gü­nor­ta Ko­re­ýa bi­len De­mir­ga­zyk Ko­re­ýa­nyň ara­syn­da­ky ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len du­şu­şyk­dyr. Gep­le­şik­le­riň do­wa­myn­da iki ýur­duň li­der­le­ri pa­ra­hat­çy­lyk, gül­läp ösüş we je­bis­leş­mek ha­kyn­da­ky bi­le­lik­dä­ki Phan­mun­jom Jar­na­ma­sy­na gol çek­di­ler. Res­mi­na­ma­da Pre­zi­dent Mun Çže Iniň şu ýy­lyň güý­zün­de Phen­ýa­na me­ýil­leş­dir­ýän sa­pa­ry ha­kyn­da be­ýan edil­ýär. Şeý­le hem yla­la­şyk­da De­mir­ga­zyk we Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň de­mir we aw­tou­lag ýol­la­ry­ny bi­rik­dir­mek ba­ra­da­ky döw­le­ta­ra me­se­le­le­ri­niň üs­tün­de dur­lup ge­çil­ýär.

29-njy ap­rel­den 4-nji maý ara­ly­gyn­da Pe­kin­de dün­ýä­niň iň wa­jyp we iň iri aw­to ser­gi­le­ri­niň bi­ri bo­lan “Auto Chi­na 2018” ge­çi­ril­di. Pe­kin­dä­ki ser­gi her iki ýyl­dan bir ge­zek ge­çi­ri­lip, on­da adat­ça, hy­taý aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­le­ri­niň önüm­le­ri gör­ke­zil­ýär. Şu ýyl­ky ser­gi 220 müň ine­dör­dül meý­dan­da­ky se­kiz pa­wi­lon­da ýer­leş­di­ri­lip, olar­da 1000-den gow­rak aw­tou­lag köp­çü­li­ge hö­dür­len­di. Ola­ryň 105-si­ni bu ýe­re ge­len­ler il­kin­ji ge­zek gör­ýär­ler.

Hytaýyň Mil­li Ener­gi­ýa Eda­ra­sy­nyň (NEA) mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, şu ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de te­bi­gy ga­za is­leg ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rü­ne ga­ra­nyň­da, 10% ar­typ, 71,2 mil­liard kub met­re ba­ra­bar bo­lup­dyr. Ýa­şa­ýyş jaý­la­ryn­da te­bi­gy ga­za is­leg 23% ar­typ­dyr. Ýurt­da ho­wa­ny aras­sa sak­la­mak mak­sa­dy bi­len kö­m­rüň sarp edi­li­şi azal­dy­lyp, te­bi­gy ga­zyň ula­ny­ly­şy­nyň art­dy­ryl­ma­gy­na uly gol­daw be­ril­ýär.