Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe obasynyň çäginde gurlan “Türkmen aýna önümleri” kärhanasy hem şeýle ylmy esaslandyrmany özünde jemleýän, bu ugra degişli sebitde iri önümçilik kärhanalarynyň biridir. Bu önümçilik kärhanasynda çig mal hökmünde dolomit, hek daşy, kwarsly çäge, natriý sulfaty we kömür ulanylýar. Dolomit hem-de hek daşy owradylan görnüşde önümiň çig mal düzümine goşulýar. Aýnanyň düzümine goşulýan çäge hem ýörite niýetlenen eleklerde elenip dürli zyňyndylardan saplanylýar. Soňra bular ýörite garyjy enjamlaryň kömegi bilen garyşdyrylýar. Bu önümçilik prosesleri, ýagny owradylma, döwülme hem-de elekden geçirme prosesleri “Türkmen aýna önümleri” kärhanasynyň çig mallary baýlaşdyrmak we taýýarlamak bölüminde amala aşyrylýar. Bu bölümde hem-de tutuş “Türkmen aýna önümleri” kärhanasynda önümçilik proseslerini amala aşyrmaga ukyply ýokary inženerçilik çözgütlerden ugur alýan Germaniýanyň, Italiýanyň, Awstriýanyň, Finlýandiýanyň önümleri bolan tehnologiýa maşynlary we aýnany termiki usulda işläp geçmäge ukyply senagat peçleri ornaşdyrylyp, olaryň amala aşyrýan önümçilik işleri doly derejede awtomatlaşdyrylandyr. Işleriň şeýle usulda guralmagynyň özi önüm birligini saklamaga, önümçilikde öndürjiligiň ýokary depginini üpjün etmäge, howply pursatlaryň döremeginiň öňüni almaga gönükdirilendir. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň önümçilik desgalaryny häzirki zaman innowasiýa tehnologiýalary bilen üpjün etmek baradaky maksatnamalarynyň iş ýüzünde amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
“Türkmen aýna önümleri” kärhanasy köp komponentli çig mal düzümini gaýtadan işläp taýýar önüm görnüşine getirmäge niýetlenen önümçilik kärhanasy bolup, bu önümçilikde işler dört çalşykda alnyp barylýar. Önümçilik üçin zerur bolan çig malyň düzümini taýýarlamakda bu kärhananyň düzümindäki meýilnamalaşdyryş bölümine degişli önümçilik tejribehanasynyň eýeleýän orny örän uludyr. Öndürilýän önümiň ýokary hil derejesini üpjün etmekde çig malyň düzümine girýän her bir komponentiň mukdar birligini kesgitlemek arkaly önümiň berkligi gazanylýar. Önüm öndürmek üçin çig malyň düzümine girýän her bir komponentiň möçberi, ony öndürmäge harçlanýan ýylylyk mukdary, şol ýylylygy gazanmakda harçlanýan ýangyjyň we howanyň mukdary kesgitlenýär. Bularyň ählisi ýokary ykdysady netijeleri gazanmak maksadyndan ugur alnyp amala aşyrylýan işlerdir.
“Türkmen aýna önümleri” kärhanasynda “Çig maly baýlaşdyrmak we taýýarlamak” bölüminden başga-da “Aýnany senagat taýdan gaýtadan işleýän” bölümde Finlýandiýanyň “Glastone” kompaniýasynyň önümi bolan taplama pejinde galyň hem berk aýnalar öndürilýär. “Glastone” kompaniýasynyň tehnologiýa maşynynyň kömegi bilen iki we ondan-da köp gatdan ybarat aýnalary laminasiýa örtügi bilen örtmek prosesi amala aşyrylýar. Laminirlenen aýnalar Günüň şöhlesinden goramak we gyzgynlygyň kadaly saklanmagyny üpjün etmäge ukyplydyr. Laminirlenen aýnalardan başga-da, bu önümçilikde Germaniýanyň “Buhler” we “HORN”, şeýle-de Italiýanyň “Bottero” kompaniýalarynyň tehnologiýa maşynlarynyň kömegi bilen Gün şöhlesinden goraýan we ýylylygy tygşytlaýan ýüzüne reňk örtülen düz aýnalar we gaplyk çüýşe önümleri öndürilýär.
“Türkmen aýna önümleri” kärhanasy 833 adamyň zähmet çekmegine niýetlenendir. Bu bolsa, önümçilik kärhanalarynyň halkymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek bilen bir hatarda ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmeginiň ygtybarly daýanjydyr. Bu ýerde dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýüzi örtükli aýnanyň 1 million inedördül metrini, laminirlenen aýnanyň 100 müň, taplanan aýnanyň hem 300 müň, aýna paketleriniň bolsa, 400 müň inedördül metrini öndürmek göz öňünde tutulýar. Bu önümçilikde peýdalanylýan çig malyň esasy böleginiň bolsa öz ýurdumyzyň çäginden alynmagy önümçilik kärhanasynyň girdejililigini has-da artdyrýar. Munuň özi bu önümleriň öz ýurdumyzyň çäginde ulanmaga ýaramly bolmagy bilen çäklenmän, eýsem, daşary döwletler bilen hem ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly mümkinçilik berýär.
Myratmuhammet Myradow,
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
uly mugallymy.