Çaýhanalar barada gürrüň edilende gök çaý barada durup geçmek has-da gyzykly bolsa gerek. Çaý lezzetinden doýma ýok. Adam bedeninde madda alyş-çalşygyna gatnaşmak bilen umumy beden durnuklylygyny we işjeňligini kadalaşdyryjy içgileriň biri bolup, çaý türkmen halkynyň asyrlardan asyra aşyp gelen, adamzat ýaşaýşynda tejribeden geçen, ilkinji hezzet edilýän içgileriniň biridir. Bu barada hormatly Prezidentimiziň paýhasyndan dörän “Çaý-melhem hem ylham” atly eserinde ylmy subutnamalar bilen aýratyn nygtalyp geçilýär.
Ýokary gyzgynlykda ýanyp duran oduň üstünde çaý atylan suwy uzak wagtlap saklamaklyk içginiň tagamyna oňaýsyz täsir edýär. Çaý demlenende ilki bilen çäýnegi gyzgyn suw bilen çaýkamaly we atym çaý gerekli mukdarda atylyp, üstünden gyzgyn suw guýlup, takmynan 10-15 minut üstüni basyryp goýmaly. Bu onuň ýokumlylygyny we lezzetini has-da ýokarlandyrýar.
Çaýyň adam bedenine edýän täsiri hem uludyr. Gök çaýyň düzüminde polifenol, aýratynam, katehinin, askorbin turşusy (witamin C), mineral elementlerden hrom, marganes, selen, sink we birnäçe fotohimiki birleşmeler saklanýandygy sebäpli gara çaý bilen deňeşdirilende has güýçli antioksidant bolup hyzmat edýär. Alymlar tarapyndan geçiriýän ylmy barlag işlerinde çaýyň nerw, ýürek gan-damar, içege aşgazan ýollarynyň, endokrin, gan, süňk ulgamlarynyň we peşew ýollarynyň kesellerini bejermekde we öňüni almakda möhüm orun eýeleýändigi bellenilýär. Şol birwagtda onuň adam bedeniniň aýnasy bolan agyz boşlugynyň, beden agzalarynyň keselleri bolan dişiň kariýes we kariýesden özge keselleri, dişýany dokuma, agyz boşlugynyň nemli barda, dil, dodak we ownuk sülekeý mäz keselleriniň öňüni almakda we bejermekde giňden peýdalanylýandygy bellenilýär. Gök çaýyň düzüminde polifenol we kofeiniň bolmagy bedende gyzgyny kadalaşdyrýar we ýaglary eretmekde teaflawin uly itergi berýär. Bu bolsa, umumy beden keselleriniň döremegindäki sebäpleri aradan aýyrýar. Gök çaý diňe bir ýagy eretmän, eýsem, umumy bedende insuliniň duýujylygyny we işjeňligini ýokarlandyrmak bilen ýaş erkek adamlarda glýukozanyň işjeňligini kadalaşdyrýar. Şeýle-de gök çaý içmek bilen umumy bedendäki ýaglary eretmek bilen bir wagtda ganyň düzüminde holesteriniň mukdaryny peseldip semizligiň öňüni almaga ýardam berýär we ýürek, gan-damar keselleriniň sebäplerini aradan aýyrýar. Gök çaý özüne sorujy, tämizleýji, arassalaýjy, antimikrob häsiýetleri bolanlygy üçin tozan-tozga, kirşenli, çaňly, tüsse we ýakymsyz ys bar bolan ýerlerde işleýän adamlara-da yzygiderli wagtly-wagtynda içmeklik maslahat berilýär. Adam bedenini çöküp galan zäherli, zyýanly maddajyklardan saplamakda we arassalamakda möhüm orny bardyr, esasan hem çaýyň diňe özüni arassa içmek, ýagny süýji, nogul-nabatsyz içilmegi haýyrly hasap edilýär.
Üstümizdäki ýyl “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly diýip atlandyryp, asyrlary aşyp gelen milli mirasymyzy döwrebap öwrenilip giňden peýdalanmaga, bu ugurda has-da kämilleşmäge ajaýyp mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Oguljemal Taganowa,
TDLU-nyň stomatologiýa fakultetiniň talyby.