25-nji maýda Türkmenistanyň milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli halyçylyk sungatyna bagyşlanan “Arşyň nepisligi” atly täze eseriniň tanyşdyryş dabarasy boldy. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramynyň öňüsyrasynda neşir edilen el hünäriniň ebedi gözelligi hakyndaky bu kitap milli Liderimiziň öz halkyna, çeper elli türkmen halyçylaryna, bu täsin sungatyň ýurdumyzdaky we dünýä ýüzündäki ähli muşdaklaryna ýene bir ajaýyp sowgat boldy.
Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznalarynda saklanýan surat eserleriniň, şeýle hem döwlet çeperçilik akademiýasynyň, çeperçilik mekdebiniň talyplarynyň eserleriniň sergisi guraldy. Sergide milli Liderimiziň “Arşyň nepisligi” atly täze kitaby görnükli orunda ýerleşdirilipdir.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýokary çaphana derejesinde neşir edilen “Arşyň nepisligi” atly kitaby türkmen halkynyň baý ruhy we maddy medeniýeti bolan deňsiz-taýsyz milli halyçylyk sungatyna bagyşlanypdyr. Ajaýyp bezelen bu neşir türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilipdir, bu bolsa dünýäniň dürli künjekleriniň giň okyjylar köpçüligi üçin onuň düşnükli bolmagyna ýardam berýär.
Neşirde halkymyzyň gymmatly mirasy bolan ajaýyp halylar hakynda gyzykly gürrüň berilýär. Bu kitap müňýyllyklaryň dowamynda halkymyz tarapyndan täsin gözelligi saklanan ajaýyp milli sungatymyzyň dünýäsine syýahata çagyrýar. Kitapda milli Liderimiz öz pähim-paýhasy bilen türkmen halylarynyň göllerine siňdirilen çuňňur many-mazmuny örän inçelik bilen açyp görkezýär.
Hormatly Prezidentimiziň täze eseri “Ilden-ile aşan nusgalar”, “Gözellik dowamaty”, “Tebigylyk aýdymy”, “Haly-zynat”, “Hakyda we dowamat” atly baplary hem-de göýä haly uçaryň üstünde döwürleriň we aralyklaryň içinden geçip, syýahat etmäge mümkinçilik berýän köpsanly ajaýyp suratlary öz içine alýar.
Döwlet Baştutanynyň eserinde türkmenleriň durmuşynda halynyň ähmiýetine, haly we haly önümlerini taýýarlamagyň usullaryna, olaryň bezeginiň ýörelgelerine we tilsimlerine, milli sungatlar, edebiýat, ýazuw bilen baglanyşygyna aýratyn üns berilýär. Şeýle hem “Arşyň nepisligi” kitabynda arheologiýa we etnografiýa barlaglarynyň maglumatlary, taryhy senenamalardan we geçen asyrlaryň ýazuw çeşmelerinden alnan gyzykly maglumatlar getirilýär hem-de türkmen halysynyň dünýä sungatyna täsiri barada pikir ýöredilýär.
Tanyşdyrylyşa gatnaşyjylar öz çykyşlarynda milli Liderimiziň ýokary çeperçilik many-mazmuna we ussatlyga eýe bolan hakyky deňsiz-taýsyz sungat eserleri – haly dokamagyň ajaýyp merkezi bolan Türkmenistanyň halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny dikeltmäge we mundan beýläk hem ösdürmäge örän uly şahsy goşandy hakynda aýtdylar. Ösüşiň uzak ýoluny geçip, beýik we baý taryhy medeni mirasly halkyň ruhy taýdan özboluşlylygynyň çeper şöhlelenmesi bolmak bilen, haly gölleri häzirki zaman Türkmenistanyň milli nyşanlarynyň biri bolup durýar.
Şeýlelikde, täze neşir türkmen haly sungatynyň giň görnüşlerini özünde jemläp, şol birwagtda hem halynyň many-mazmunynyň özboluşly ensiklopediýasy bolup durýar. Halkymyzyň ruhy we medeni gymmatlyklarynyň ýüze çykmasyny özünde jemlän, bu bahasyna ýetip bolmajak baýlyk tutuş dünýä medeniýetiniň wajyp genji-hazynasy bolup durýar. Ine, şu sebäpli hem özboluşly amaly-haşam sungaty, haly dokamagyň gadymy ýörelgeleri, milli nagyşlar hem-de zergärlik sungaty, başga sözler bilen aýtsak, Watanymyzyň medeniýetiniň “altyn gaznasy” döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz aladalary bilen gurşalandyr. Hormatly Prezidentimiziň bu täsin sungatyň belentliklerine tarap taryhyň bäş müň ýyldan gowrak döwründe yzygiderli ösýän türkmen halyçylygynyň şöhradyny ebedileşdirjek “Arşyň nepisligi” atly binýatlyk eseri munuň ajaýyp mysaly bolup durýar.