“The Gu­ar­di­an” ne­şi­ri­niň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, pa­les­tin şa­hy­ry we ro­man­çy­sy, mu­gal­lym Eb­rahim Nas­ral­lah arap çe­per ede­bi­ýa­ty bo­ýun­ça 2018-nji ýy­lyň Hal­ka­ra baý­ra­gy­na my­na­syp bol­dy. Emin ag­za­la­ry­nyň ýo­ka­ry ba­ha­sy­na eýe bo­lan “Itiň ikin­ji dar­ka­şy” ro­ma­ny ýa­zy­ja uly ýe­ňiş ge­tir­di. Nas­ral­lah 50 müň dol­lar pul baý­ra­gyn­dan daş­ga­ry, ro­ma­ny­ny iň­lis di­li­ne ter­ji­me et­dir­mek müm­kin­çi­li­gi­ne hem eýe bol­dy.
Eser­de çyl­şy­rym­ly adam­zat gat­na­şyk­la­ry ba­ra­da iç­gin gür­rüň be­ril­ýär. Nas­ral­lah iň­lis di­li­ne ter­ji­me edi­len dört ro­ma­nyň, şa­hy­ra­na ýy­gyn­dy­la­ryň, şol san­da, 2009-njy ýyl­da Hal­ka­ra “Bu­ker” baý­ra­gy­nyň gys­ga sa­na­wy­na dü­şen “Ak at­la­ryň wag­ty” ro­ma­ny­nyň aw­to­ry­dyr. 1954-nji ýyl­da dog­lan ýa­zy­jy Sa­ud Ara­bys­ta­ny­na mu­gal­lym­çy­lyk et­mä­ge gel­me­zin­den ozal, Ior­da­ni­ýa­da pa­les­ti­na­ly bos­gun bo­lup ýa­şa­dy.
Arap ede­bi­ýa­ty bo­ýun­ça Hal­ka­ra baý­ra­gy 2007-nji ýyl­da esas­lan­dy­ryl­dy. Emin ag­za­la­ry bu sa­par öz eser­le­ri­ni 2016-njy ýy­lyň iýu­nyn­dan 2017-nji ýy­lyň iýu­ny­na çen­li ara­lyk­da ne­şir et­di­ren bel­li arap ýa­zy­jy­la­ryny saý­lap al­dy. Şeý­le hem, gys­ga sa­na­wa dü­şen­le­re 10 müň dol­lar pul baý­ra­gy be­ril­di.