Şotland barlag geçirijileri öz ene diliňden başga dilleri bilmegiň garrylykda huşuň kütelmeginiň ösüş howpuny ep-esli derejede pese düşürýändigini, üstesine-de, gartaşan çaglaryň daşary ýurt dilini öwrenmegiň beýniniň garramagyny haýallatmaga ukyplydygyny mälim etdiler. Edinburg uniwersitetiniň barlag geçirijileri Edinburg şäheriniň 1936-njy ýylda doglan 835 ýaşaýjysynda barlag geçiripdirler. Olaryň birinji gezek 1947-nji ýylda, ikinji gezek hem 2008-2010-njy ýyllar aralygynda akyl ukyplary synagdan geçirilipdir.
195 gatnaşyjy 18 ýaşyna çenli ikinji dili, 65-si bolsa, ony eýýäm, 18 ýaşy dolandan soňra öwrenipdir. Öz ene dili – iňlis dilinden başga ýene-de bir dil bilýän synag geçirilýänleriň akyl ukyplary synagdan geçirilende, juda ýokary netijeler görkezipdir. Bu oňaýly netije ikinji dili 30-40 ýaşdan soň öwrenen gatnaşyjylarda, şeýle hem, pensiýadaka dil öwrenenlerde hem ýüze çykaryldy.
Beýnini nädip goramaly?
Beýni – adam bedeniniň iň esasy agzalarynyň biridir. ХХI asyrda köp hünärler akyl işi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Ýöne näme üçindir biz öz beýnimiziň sagatlygy hakda az alada edýäris.
10 sany endik assa-assadan beýnimize zeper ýetirýär: 1. Ertirlik naharyndan boýun gaçyrmak. 2. Doýanyňdan artyk iýmek. 3. Çilim çekmek. 4. Köp mukdarda şeker iýmek. 5. Hapalanan howa. 6. Ukyňy alyp bilmezlik. 7. Alkogolly içgiler. 8. Kesellän wagtyň işlemeklik. 9. Kitap okamazlyk. 10. Gürlemezlik.