Ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutýan, adam baradaky aladany ilkinji orunda goýýan hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda temmäkä garşy göreşmek boýunça bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa, halkyň saglygyna howp salýan çilimkeşlige garşy göreşi meýilnamaly, yzygiderli we köpçülikleýin, has netijeli amala aşyrmaga itergi berdi.
Adam bedeninde çilimiň heläkleýji täsirine duçar bolman galýan ýekeje-de agza ýokdur. Onuň düzümindäki nikotin iýmit siňdiriş, ýürek-damar, gan aýlanyş, dem alyş ulgamlaryna ägirt uly zyýan ýetirýär. Işdäňi kesýär, iýmit siňmegini kynlaşdyrýar, aşgazanyň, gyzylödegiň we beýleki iýmit siňdiriş agzalarynda ýaralaryň, howply täze döremeleriň ýüze çykmagyna getirýär. Çilimkeşleriň arasynda dodagyň, bogazyň, diliň we öýkeniň rak keseli, miokardyň infarktlary, ateroskleoz giňden ýaýrandyr. Munuň özi çilimiň tüssesinde iň zyýanly himiki birleşmeleri bolan kanserogen maddalaryň – nitrozaninleriň we benzopireniň has köp bolmagy bilen düşündirilýär. Bu ýerde günäliniň “oduna ýanýan” bigünäler, ýagny iş ýerinde ýa-da maşgalada çilimkeşiň ýanynda bolmaly bolýan “passiw çilimkeşler” barada hem gürrüň gozgamak zerurlygy ýüze çykýar. Sebäbi çilim çekýäniň özüne garanyňda, gapdalyndakylara 20% artyk zyýan ýetýändigi alymlar tarapyndan subut edildi. “Passiw çilimkeşlik” ylaýta-da kiçi ýaşly çagalar, ösüp gelýän ýetginjekler we göwreliler üçin has howpludyr. Ylmy maglumatlara görä çilim çekýän maşgalada çagalar şeýle zyýanly endigi bolmadyk maşgaladaky çagalara garanyňda demgysma we beýleki ýokary dem alyş ýollarynyň keselleri bilen iki esse ýygy keselleýärler. Çilimiň iň uly düzedip bolmajak zeperi, onuň nesle geçýän hromosom mutasiýalaryny döretmäge ukyply bolmagydyr. Nikotin aýal-gyzlaryň, geljekki eneleriň, göwreli gelinleriň we çaga emdirýän aýallaryň, bäbekleriň saglygyna ummasyz zyýanlydyr. Sebäbi göwrelilik döwründe plasenta göwredäki çagany enäniň bedenindäki dürli zyýanly täsirlerden goraýar, emma nikotin plasentadan hem göni geçýär, bäş sekundyň dowamynda eýýäm ýatgynyň gan damarlary daralýar, çaga bilen plasentanyň arasyndaky gan aýlanyş bozulýar, çaga bedenine barýan kislorodyň we beýleki peýdaly maddalaryň mukdary azalýar. Yzygiderli gaýtalanýan şeýle ýagdaýlar dürli hadysalara getirip biler.
Biziň gülläp ösýän Diýarymyzda sagdyn ýaşamaga ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini nazara almak bilen, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip ýaşamaklygy endik edineliň!
Ejeş Amanowa,
Görogly etrap hassahanasynyň bölüm müdiri.