Ary­lar we ösüm­lik­le­riň to­zan­lan­mak ha­dy­sa­sy bol­ma­dyk bol­sa gün­de­lik iý­mit sa­na­wy­myz­da ýeral­ma, kä­şir, so­gan, burç, ko­fe, ýer­tu­da­na, po­mi­dor we al­ma bol­maz­dy.
Şu ýylyň 20-nji maý­ynda il­kin­ji ge­zek ary­la­ryň bü­tin­dün­ýä gü­ni bel­le­nip ge­çil­di. Bu baý­ram­çy­ly­gyň ge­çi­ril­me­gi­niň mak­sa­dy ary­la­ryň ýok bo­lup git­mek how­pu­na üns çek­mek­den yba­rat. Şeý­le hem ila­ta ary­la­ryň äh­mi­ýe­ti­ni we ola­ry go­ra­ma­gyň usul­la­ry­ny dü­şün­dir­mek göz öňün­de tu­tul­dy.
Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Azyk we oba ho­ja­lyk gu­ra­ma­sy (FAO) we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça BMG-niň Mak­sat­na­ma­sy­nyň (ÝU­NEP) hü­när­men­le­ri ary­la­ryň ýok bo­lup git­me­gi­niň öňü­ni al­mak ba­bat­da bir­nä­çe ge­zek be­ýa­nat bi­len çy­kyş et­di­ler. Hü­när­men­ler mi­we ge­tir­ýän gül­le­riň to­zan­lan­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýän bu mör-mö­jek­ler syn­py­nyň we­kil­le­ri­niň azal­ma­gy­nyň äh­lu­mu­my azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek ba­bat­da­ky iş­ler­de kyn­çy­lyk dö­ret­me­gi­niň müm­kin­di­gi­ni bel­le­ýär­ler.
Ary­la­ryň bü­tin­dün­ýä gü­ni my­na­sy­bet­li çap edi­len be­ýa­nat­lar­dan gör­nü­şi ýa­ly, dün­ýä­dä­ki azyk önüm­le­ri­niň 75 gö­te­ri­min­den gow­ra­gy bel­li bir de­re­je­de to­zan­lan­ma bag­ly bo­lup durýar. To­zan­landyryjy­lar – ary­lar, guş­lar hat-da uç­ýan sy­çan­lar ösüm­lik­le­riň kö­pel­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär.
Ary­la­r maş­ga­la­sy­nyň azal­ma­gy Ýew­ro­pa­da 1960-njy ýyl­la­ryň ahy­ryn­da ýüze çykyp baş­la­dy. 1998-nji ýyl­da ol has-da ýo­kar­lan­dy. Bu gör­ke­zi­ji Bel­gi­ýa, Fran­si­ýa, Ger­ma­ni­ýa, Ita­li­ýa, Gol­lan­di­ýa we Be­ýik Bri­ta­ni­ýa ýa­ly ýurt­lar­da has-da gör­ne­tin gö­rün­ýär.
Tu­tuş dün­ýä­de ary­lar­dan we beý­le­ki to­zan­laý­jy­lar­dan gel­ýän peý­da bir ýyl­da 500 tril­li­on dol­la­ra go­laý­la­ýar.

Ogulhajat JUMAGULYÝEWA,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň mugallymy.