Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli 24-25-nji maýda däbe öwrülen “Ak şäherim Aşgabat” atly XVII köpugurly halkara sergisi geçirildi. Halkara gözden geçiriliş çäresi dünýäniň esasy syýasy, söwda, ykdysady, aň-bilim hem-de medeni paýtagtlarynyň birine öwrülen Aşgabadyň ösüşlerine bagyşlandy. Bu çäre Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy. Serginiň çäklerinde gurluşykdan başlap, elektrik energiýasyna, gaýtadan işleýän we ýerli senagata, bezege hem-de şäher durmuşyny abadanlaşdyrmaga çenli özara peýdaly hyzmatdaşlyk üçin gyzyklanma döredýän zatlaryň giň gerimi hödürlendi.
Forumyň işine ýurdumyzyň hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň kärhanalarynyň, şeýle hem Beýik Britaniýadan, Fransiýadan, Germaniýadan, Gazagystandan, Koreýadan, Russiýadan we beýlekilerden iş toparlarynyň 80-den gowragynyň wekilleri gatnaşdylar. Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän halkara forumlaryň türkmen bazaryna gelip gowuşýan önümleriň we hyzmatlaryň görnüşlerini hem-de hilini ýokarlandyrmagyň möhüm guralydygyny bellemelidiris.
Serginiň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bu köp ugurly sergi şol ugurdaky hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän taraplar üçin ýol görkeziji bolar, şeýle hem gözel paýtagtymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, öňdebaryjy tejribeleriň giňden öwrenilmegine uly ýardam eder.
Sergide ýokary tehnologiýaly enjamlar, gurallar, döwrebap gurluşyk we timarlaýyş serişdeleri, kompýuter hem-de aragatnaşyk mümkinçilikleri, azyk senagaty, ekologiýa meselelerini çözmekde, sporty we syýahatçylygy ösdürmekde, ylmy, işgärler, medeni kuwwaty artdyrmakda gazanylan üstünlikler hödürlendi.
Sergi meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan uly bolmadyk seýilgäh bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çekdi. Onuň gurluşygynda şähere amatly ýaşaýyş ýagdaýyny saklamaga hem-de tebigaty goramaga, ählumumy ekologiýa meselelerini çözmäge goşant goşmaga ýardam edýän ekologiýa taýdan arassa ulgamlara we energiýany tygşytlaýjy tehnologiýalara aýratyn üns berildi.
Şeýle hem Aşgabat şäheriniň gününiň öňüsyrasynda birbada seýilgähleriň dördüsiniň: Berkararlyk etrabynda “Kemine” seýilgähiniň, Köpetdag etrabynda Nurmuhammet Andalyp adyndaky seýilgähiň, Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde, Magtymguly şaýolunyň we Tähran köçesiniň kesişýän ýerinde, şeýle hem Büzmeýin etrabynyň Gündogar köçesiniň ugrunda seýilgähleriň açylmagynyň çuňňur manysy bardyr. Munuň özi “bagy-bossana bürenen şäher”, “seýilgähler şäheri” diýen jümleleriň hakykata öwrülýändigine şaýatlyk edýär.
XVII köpugurly halkara sergisi täze taslamalar we teklipler bilen tanyşdyrmak üçin özboluşly meýdançany döretdi, şeýle hem daşary ýurtly myhmanlara Aşgabadyň senagat, medeni we aň-paýhas mümkinçiliklerini, onuň ägirt uly durmuş-ykdysady serişdelerini özünde jemleýän Türkmenistanyň halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň hem-de düzümleriniň ýeten sepgitleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.