Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, Hazar deňziniň türkmen kenarynda döredilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy halkara forumlaryň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Bu gezek Awaza dünýäniň dürli ýurtlaryndan energetika pudagynyň wekillerini kabul etdi. 23-24-nji maý aralygynda Awazadaky “Berkarar” myhmanhanasynda Türkmenistanyň IX halkara Gaz kongresi geçirildi. Bu halkara forumyň guramaçylary bolup, “Türkmengaz” Döwlet konserni bilen Gollandiýanyň “KHB Holland” kompaniýasy çykyş etdi.
Foruma dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan 400-e golaý wekil gatnaşdy. Şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan, ABŞ-dan, BAE-den, Ýaponiýadan, HHR-den, Koreýa Respublikasyndan, Türkiýeden, Hindistandan, Owganystandan, Pakistandan, GDA döwletlerinden wekilçilikli toparlar geldi.
Kongrese gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, türkmen topragy – tebigy baýlyklaryň hazynasy. Diňe ägirt uly “Galkynyş” gaz käniniň özi-de munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Türkmenistan häzirki wagtda energetika pudagynda öňden däp bolup gelýän strategik hyzmatdaşlar bilen bir hatarda, öz energiýa hyzmatdaşlygyny Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar we günorta-günbatar ugurlary boýunça giňeltdi. Dünýäniň öňdebaryjy meşhur maliýe we nebit-gaz kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýdy.
Maslahatlaryň dowamynda düzümleýin bölümleriň hem-de ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edaralarynyň wekilleri çykyş edip, gaz çykarýan we gaýtadan işleýän senagatyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar.
Foruma gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistanda täze gaz ýataklary açyldy hem-de “Ýaşlar” we “Garaköl” ýataklary bilen bilelikde, häzirki döwürde 27 trillion kub metr gaz gory bolan “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Şeýle hem ýurdumyzyň dürli künjeklerinde tebigy gazyň täze gorlarynyň ýüze çykarylmagynyň gazyň mümkin bolan eksport möçberleriniň 2018-nji ýylda 100 – 120 milliard kub metr, geljekde bolsa her ýylda 160 – 170 milliard kub metr harytlyk gaz derejesinde boljakdygy barada aýtmaga mümkinçilik berýär.
Çykyş edenler ýurtlary durnukly ösdürmek maksady bilen energiýa serişdelerini daşary ýurtlara ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmak ulgamynda türkmen Lideriniň başlangyçlaryny ara alyp maslahatlaşyp, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň sebit üçin strategik ähmiýetine aýratyn üns berdiler.
Şeýle hem maslahatda ýurdumyzyň gazy gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň barşynda ýakyn wagtda birnäçe maýa goýum taslamalarynyň tehniki-ykdysady esaslaryny taýýarlamagyň meýilleşdirilýändigi barada maglumatlar aýdyldy. Olaryň hatarynda Lebap welaýatynyň Bagaja ýatagynda tebigy gazy gaýtadan işleýän we suwuklandyrylan gazy çykarýan gurnamany döwrebaplaşdyrmak bar. Onuň binýadynda ýylda 80 müň tonna kauçuk we 45 müň tonna polistirol öndürýän gazhimiýa toplumy gurlar. Merkezi Garagumda Daşoguz welaýatynyň Ýylanly gaz gysyjy desgasynyň ýanyndaky ýatakda her ýylda etany gaýtadan işlemek boýunça we 35 müň tonna önüm öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurluşygynyň mümkinçilikleri öwrenilýär.
Foruma gatnaşyjylar energiýa serişdeleriniň ählumumy bazarynyň ösüşiniň, energetika howpsuzlygynyň we Türkmenistanyň dünýä bazarlaryna gazy ugradýan möhüm ýurt hökmündäki ornunyň wajyp meselelerine garadylar.