Dün­ýä­niň ila­ty­nyň çalt dep­gin­ler­de kö­pel­me­gi­niň ne­ti­je­sin­de ulag­la­ryň sa­ny hem bar­ha art­ýar. Ulag­la­ryň ho­wa goý­ber­ýän zy­ýan­ly gaz­la­ry bol­sa, yn­san sag­ly­gy üçin howp eme­le ge­tir­ýär. Şo­nuň üçin hä­zir­ki wagt­da tu­tuş dün­ýä­de eko­lo­gik ulag­la­ra aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­lip baş­lan­dy. Şeý­le ulag­la­ryň ha­ta­ryn­da öň­de­li­gi we­lo­si­ped eýe­le­ýär. Köp ýurt­lar­da adam­la­ry we­lo­si­ped ulan­ma­ga, ga­ly­ber­se-de iş ýer­le­ri­ne hem we­lo­si­ped­li git­mä­ge hö­wes­len­dir­mek üçin giň ge­rim­li çä­re­ler ge­çi­ril­ýär. Dün­ýä­de we­lo­si­pe­diň giň ge­rim­de ula­nyl­ýan ýurt­la­ry bo­lan Gol­lan­di­ýa, Da­ni­ýa, Is­pa­ni­ýa, Fran­si­ýa, Ger­ma­ni­ýa ýa­ly Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da we­lo­si­pe­de aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär.

We­lo­si­ped sü­rü­ji­le­ri­ni hö­wes­len­dir­mek üçin ýö­ri­te ýol­lar, köp­rü­ler, tu­nnel­ler we we­lo­si­ped se­ýil­gäh­le­ri gu­rul­ýar. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Ýew­ro­pa­da her ýyl 18 mil­li­on 750 müň sa­ny we­lo­si­ped sa­tyl­ýar. Ger­ma­ni­ýa­da bu gör­ke­zi­ji 4,5 mil­li­ona deň­dir.

Gol­lan­di­ýa­da we­lo­si­ped beý­le­ki köp­çü­lik­le­ýin ulag­la­ry­na ga­ra­nyň­da, öň­dä­ki or­ny eýe­le­ýär. Bu ýurt­da we­lo­si­ped­çi­ler üçin ýö­ri­te ýol­lar dö­re­di­lip­dir. 7-den 70 ýa­şa çen­li ila­tyň äh­li gat­la­gy­nyň we­kil­le­ri we­lo­si­ped sür­ýär. We­lo­si­pe­diň ýur­duň ulag gat­na­wyn­da­ky pa­ýy 27 gö­te­ri­me, iri şä­her­ler­de bu gör­ke­zi­ji 60 gö­te­ri­me çen­li ýet­ýär.
We­lo­si­ped sür­mek ýa-da we­lo­si­ped ula­gyn­dan peý­da­lan­mak Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne 513 mil­liard ýew­ro yk­dy­sa­dy gir­de­ji ga­zan­dyr­dy. Da­ni­ýa­da her 10 adam­dan 9-yn­da we­lo­si­ped bar. 11-15 ýaş ara­ly­gyn­da­ky ça­ga­la­ryň 49 gö­te­ri­mi mek­de­be we­lo­si­ped­li gatnaýar. Ýur­duň paý­tag­ty Ko­pen­ga­gen­de 1970-nji ýyl­lar­da kö­çe­ler­dä­ki we­lo­si­pedleriň sa­ny 28 gö­te­ri­me deň bo­lan bol­sa, 2016-njy ýyl­da bu gör­ke­zi­ji 105 gö­te­ri­me ýet­di.
Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da we­lo­si­ped­li gün­de­lik ge­çil­ýän ara­lyk şeý­le­räk: Be­ýik Bri­ta­ni­ýa 0,1 km, Ita­li­ýa 0,2 km, Nor­we­gi­ýa 0,4 km, Awst­ri­ýa 0,4 km, Finl­ýan­di­ýa 0,4 km, Bel­gi­ýa 0,9 km, Da­ni­ýa 1,7 km.
513 mil­liard ýew­ro­lyk girdejiniň 15,4 mil­li­ar­dy eko­lo­gi­ýa­dan, 2,80 mil­li­ar­dy te­bi­gy baý­lyk­lar­dan, 191,27 mil­li­ar­dy sag­lyk­dan, 63,09 mil­li­ar­dy yk­dy­sa­dy­ýet­den, 20 mil­li­ar­dy teh­no­lo­gi­ýa­dan, 131 mil­li­ar­dy wagt­dan, 50 mil­li­ar­dy dur­muş go­rag­ly­ly­gyn­dan, 19,6 mil­li­ar­dy he­re­ket­li­lik­den yba­rat bol­dy.
Di­ňe Ýew­ro­pa­da däl, eý­sem, dün­ýä­niň köp ýur­dun­da we­lo­si­pe­de diý­seň uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. My­sal hök­mün­de Awst­ra­li­ýa­ny, Rus­si­ýa­ny, Ame­ri­ka­ny we Ýa­po­ni­ýa­ny gör­kez­mek bo­lar.
Soň­ky mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Ame­ri­ka­da 66,5 mil­li­on we­lo­si­ped­çi bar. Şol bir wagt­da we­los­port bi­len meş­gul­lan­ýan­la­ryň sa­ny hem yzy­gi­der­li art­ýar. 5 ýyl­da ola­ryň sa­ny 5,7 mil­lio­na ba­ra­bar bol­dy. Mun­dan baş­ga-da, ABŞ-da we­lo­si­ped ba­za­ry hem oňat gir­de­ji ga­zan­dyr­ýar. We­lo­si­ped söw­da­sy we onuň dür­li äti­ýaç­lyk we be­zeg şaý­la­ry na­zar­da tu­tu­lan­da, ba­za­ryň ba­ha­sy 6 mil­liard dol­la­ra ba­ra­bar­dyr. 2015-nji ýyl­da 17,4 mil­li­on we­lo­si­ped sa­tyl­dy. Ame­ri­ka­ly­lar her ýyl or­ta­ça we­lo­si­ped üçin 23 dol­lar sarp ed­ýär.
Soň­ky ýyl­lar­da elekt­rowe­lo­si­ped­le­riň söw­da­sy­nyň hem ge­ri­mi gi­ňel­ýär. Çak­la­ma­la­ra gö­rä, 2023-nji ýyl­da elekt­rowe­lo­si­ped­le­riň äh­lu­mu­my söw­da­sy 40 mil­lio­na go­laý­lar. Azi­ýa-Ýu­waş um­ma­ny se­bi­ti bu ugur­da öň­de­li­gi eýe­le­ýär.
2016-njy ýyl­da we­lo­si­pe­diň äh­lu­mu­my ba­za­ry 45 mil­liard dol­la­ra deň bo­lan bol­sa, 2024-nji ýyl­da bu gör­ke­zi­ji­niň 17 mil­liard dol­lar kö­pe­lip, 62 mil­liard dol­la­ra deň bol­jak­dy­gy çak­la­nyl­ýar.
Rus­si­ýa­da hem we­lo­si­ped sür­me­gi hö­wes­len­dir­mek üçin dür­li çä­re­ler ge­çi­ril­ýär. Her ýyl ýurt­da 3 ge­zek “Işe we­lo­si­ped­li gi­de­liň!” çä­re­si gu­ral­ýar. Bu köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped ýö­ri­şi bol­man, öz­baş­dak iş­le­riň üçin we­lo­si­ped­den peý­da­lan­mak üçin ge­çi­ril­ýär.

Dur­mu­şyň hi­li
We­lo­si­ped­de 30 mi­nut ge­ze­lenç et­mek adam be­de­ni­niň bir ýyl­lyk fi­zi­ki iş­jeň­lik ze­rur­ly­gy­ny üp­jün ed­ýär, se­miz­li­giň we beý­le­ki howp­ly ke­sel­le­riň öňü­ni al­ýar. Yzy­gi­der­li we­lo­si­ped sür­ýän adam­lar az ke­sel­le­ýär­ler.

Yk­dy­sa­dy­ýet
We­lo­si­ped sür­mek üçin inf­rast­ruk­tu­ra dö­ret­mek yk­dy­sa­dy­ýe­te gir­de­ji­li bol­ýar. Sag­ly­gy go­ra­ýyş üçin çyk­da­jy­la­ryň azal­ma­gy­na, kö­çe­ler­de aw­tou­lag dy­k­ny­şyk­la­ry­nyň ara­dan aý­ryl­ma­gy­na we ho­wa ha­pa ga­z­la­ryň goý­be­ril­me­gi­niň öňü­ni al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Tiz­lik
We­lo­si­ped 5 ki­lo­metr ara­ly­ga çen­li iň ýyn­dam ulag ha­sap­lan­ýar. Bu ugur­da ol aw­tou­lag hem-de jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ryn­dan öňe saý­lan­ýar.

Amat­ly müş­de­ri­ler
Da­şa­ry ýurt­ly bi­ler­men­le­riň pikirine gö­rä, we­lo­si­ped­çi­ler bö­lek sa­tuw, hyz­mat pu­da­gy hem-de jem­gy­ýet­çi­lik iý­mit kär­ha­na­la­ry üçin amat­ly we dü­şe­wünt­li müş­de­riler ha­sap­lan­ýar.

Eko­lo­gi­ýa
We­lo­si­ped – ulag­la­ryň eko­lo­gik gör­nüş­le­ri­niň öň­de­ba­ry­jy­sy.