Bri­tan we hin­di hü­när­men­le­ri gök çaý ýap­ra­gy­nyň na­no­bö­le­jik­le­ri­niň düw­nük öý­jük­le­ri bi­len üs­tün­lik­li gö­reş­ýän­di­gi­ni ýü­ze çy­kar­dy­lar. Bu ba­ra­da “IFL Science” ne­şi­ri ha­bar ber­ýär. Olar baş­ga bir bar­lag ge­çir­ýän wagt­la­ry tö­tän­den bu açy­şyň üs­tün­den bar­dy­lar. Alym­lar ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da na­no­öý­jük­le­riň bi­ri bo­lan kwant no­kat­la­ry­ny al­ma­gyň usul­la­ry­ny göz­le­di­ler. Şeý­le öý­jük­ler adat­ça, adam be­de­nin­dä­ki dür­li on­ko­lo­gik pro­ses­le­ri anyk­la­mak mak­sa­dy bi­len ula­nyl­ýar. Şeý­le bö­le­jik­le­ri sin­tez ýo­ly bi­len al­mak ýe­ňil iş däl. Mun­dan baş­ga-da, olar kä­ha­lat­lar­da nä­hoş üçin zy­ýan­ly hem bo­lup bi­ler. Gö­rüp otur­sa­lar, na­no­bö­le­jik­le­ri çaý ýap­rak­la­ryn­dan hem alyp bol­ýan eken. Bu ju­da ýö­ne­keý we ar­zan düş­ýär.
Alym­lar çaý ýap­rak­la­ry­nyň ekst­rak­ty­ny kad­mi­ýa­nyň sul­fa­ty (CdSO4) we nat­ri­niň sul­fa­ty (Na2S) bi­len ga­ryş­dyr­dy­lar. Şon­dan soň, na­no­bö­le­jik­le­ri dö­ret­mek pro­se­si he­re­ke­te gi­ri­zil­di. Na­no­bö­le­jik­le­riň kö­me­gi bi­len düw­nük­den şi­kes ýe­ten öý­ke­niň 80 gö­te­rim zy­ýan­ly do­ku­ma­sy­ny ýok et­mek ba­şart­dy.
Kwant no­kat­la­ry­ny al­ma­gyň tä­ze usu­ly ju­da amat­ly bo­lup, na­no­bö­le­jik­le­riň nä­ho­şa ama­ly taý­dan hiç hi­li zy­ýa­ny ýok. Ýö­ne mu­nuň özi öý­ken düw­nü­gi­ni ça­ýyň köp muk­da­ry­ny ulan­mak ar­ka­ly be­je­rip bol­jak­dy­gy­ny aň­lat­ma­ýar. Hä­zir­lik­çe kwant no­kat­la­ry­nyň düw­nük ke­se­li­ni be­jer­mek­de nä­wagt ula­nyl­jak­dy­gy bel­li bol­man, mu­nuň üçin ýe­ne-de köp bar­lag­la­ryň ge­çi­ril­me­gi ge­rek.

Annamyrat GARÝAGDYÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň talyby.