Tos­kan uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry Ýew­ro­pa­nyň iň gar­ry aga­jy­ny ta­pan­dyk­la­ry­ny mä­lim et­di­ler. Ony Ita­li­ýa­nyň gü­nor­ta­syn­da­ky Pol­li­no mil­li se­ýil­gä­hin­de ýü­ze çy­kar­dy­lar. Sel­jer­me­le­re gö­rä, aga­jyň ýa­şy 1230 ýyl bo­lup, ol en­tä­gem ös­ýär we onuň bir­nä­çe bir ýyl­lyk hal­ka­la­ry eme­le ge­lip­dir. Bu agaç bi­len bag­la­ny­şyk­ly köp san­ly mag­lu­mat­lar “Ecolo­gy” žur­na­lyn­da çap edi­lip­dir.
Alym­la­ra köp san­ly ga­rry agaç­lar mä­lim­dir, ýö­ne ol agaç­la­ryň ýaş­la­ry­ny çen bi­len ha­sap­la­mak müm­kin. Pol­li­no se­ýil­gä­hin­dä­ki sos­na­nyň ýa­şy­ny onuň bir ýyl­lyk hal­ka­la­ry­nyň kö­me­gi bi­len anyk­la­mak ba­şart­dy. Bu ösüm­lik Geld­reýh sos­na­la­ry­nyň (Bos­ni­ýa sos­na­sy) gör­nü­şi­ne de­giş­li­dir. Bu gör­nüş­dä­ki sos­na­la­ryň ýe­ne-de bi­ri Ýew­ro­pa­nyň iň gar­ry aga­jy bol­ma­ga da­laş­gär­dir. 1075 ýyl­lyk sos­na Gre­si­ýa­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da ös­ýär.
Alym­lar Pol­li­no se­ýil­gä­hin­dä­ki iň gar­ry aga­jy 4 ýyl­da öw­ren­di­ler. Ola­ryň pi­ki­ri­ne gö­rä, sos­na bi­ziň eý­ýa­my­myz­dan öň­ki VIII asy­ryň ahy­ryn­da ösüp baş­lap­dyr. Bu dö­wür so­wuk ho­wa şerti bi­len ta­pa­wut­la­nyp­dyr. Soň­ra ösüm­lik bir­nä­çe gyz­gyn ho­wa şertini, şol san­da güýç­li gu­rak­lyk­la­ry baş­dan ge­çi­rip­dir. Alym­la­ryň aýt­ma­gy­na gö­rä, uzak ýa­şa­ýan sos­na­laryň ösüş aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny öw­ren­mek hä­zir­ki za­man to­kaý­lyk­la­ry­nyň äh­lu­mu­my ma­ýyl­gan­ly­ga nä­hi­li tä­sir et­jek­di­gi­ne dü­şün­mä­ge kö­mek be­rer.

Ýakup ÝAZMYRADOW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň mugallymy.