Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Oba ho­ja­lyk top­lu­my­nyň eda­ra bi­na­sy­nyň mas­la­hat­lar za­lyn­da Daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň bü­tin­dün­ýä gü­ni my­na­sy­bet­li “Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi – eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­nyň me­ka­ny” at­ly hal­ka­ra yl­my-ama­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di. Fo­ru­my Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we ýer se­riş­de­le­ri ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti gu­ra­dy.

Türk­men paý­tag­tyn­da bu hal­ka­ra mas­la­ha­tyň ge­çi­ril­me­gi ýur­du­my­zyň te­bi­ga­ty go­ra­mak ul­ga­myn­da wa­jyp me­se­le­le­ri çöz­mek­de Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­ti­niň we tu­tuş dün­ýä­niň çäk­le­rin­de eko­lo­gi­ýa mak­sat­na­ma­la­ry­ny hem-de tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň ta­gal­la­la­ry­ny bir­leş­dir­mek bo­ýun­ça eýe­le­ýän mö­hüm or­nu­nyň bar­ha art­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di.
Daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň bü­tin­dün­ýä gü­ni 1972-nji ýyl­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan dö­re­dil­di we şon­dan bä­ri Ýer şa­ry­nyň köp ýurt­la­ryn­da giň­den bel­le­nil­ýär. Şol gü­ne ga­bat­la­ny­lyp, Ýer ýü­zü­niň dür­li kün­jek­le­rin­de eko­lo­gi­ýa bi­lim­le­ri­ni wa­gyz et­mek bo­ýun­ça giň möç­ber­li mas­la­hat­lar we ama­ly çä­re­ler ge­çi­ril­ýär.
Ýur­du­myz­da ge­çi­ri­len hal­ka­ra mas­la­ha­ta da­şa­ry ýurt­lar­dan köp san­ly myh­man­la­ryň gat­naş­ma­gy Türk­me­nis­ta­nyň iri hal­ka­ra gu­ra­ma­lar we eko­lo­gi­ýa ul­ga­myn­da dün­ýä­niň yl­my-bar­lag mer­kez­le­ri bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Ýyg­na­nan­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­ne ibe­ren Gut­la­gy­ny uly üns bi­len diň­le­di­ler. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Gut­lag­da bel­leý­şi ýa­ly, bi­ziň ata-ba­ba­la­ry­myz ýa­şaý­şyň çeş­me­si bo­lan te­bi­gat bi­len yla­la­şyk­da ýa­şa­ma­gyň öz­le­ri­ne mah­sus bo­lan ýö­rel­ge­le­ri­ni dö­re­dip­dir­ler.
Hal­ka­ra mas­la­hat­da edi­len çy­kyş­lar­da eko­lo­gi­ýa çä­re­le­ri­niň hä­zir Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň tä­ze ýag­da­ýy­na, tu­tuş halk ho­ja­ly­gyn­da te­bi­gat­dan peý­da­lan­ma­gyň düý­bün­den tä­ze nus­ga­sy­na geç­mek üçin esa­sa öw­rül­ýän­di­gi bel­le­nil­di.
Mas­la­ha­tyň bar­şyn­da Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len bi­le­lik­dä­ki mak­sat­na­ma­la­ryň we tas­la­ma­la­ryň çäk­le­rin­de, şol san­da bio­köp­dür­lü­lik, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi, suw se­riş­de­le­ri­ni aýaw­ly sak­la­mak we do­lan­dyr­mak, ýur­du­my­zyň aý­ra­tyn go­ral­ýan çäk­le­ri­ni ös­dür­mek, Ha­zar deň­zi­niň ke­nar ýa­ka­syn­da eme­li ada­la­ry dö­ret­mek ul­ga­my­nyň çäk­le­rin­de eko­lo­gi­ýa ul­ga­myn­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy­nyň dür­li me­se­le­le­ri­ne ba­gyş­la­nan çy­kyş­lar diň­le­nil­di.

Silapguly GAROWOW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky
TO­HU-nyň talyby.