Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz dünýäde ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösýän kuwwatly döwletleriň biri hökmünde tanalýar. Ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşiniň täze taryhy tapgyry ykdysadyýetimiziň beýleki ulgamlary bilen bilelikde, bilim ulgamynyň hem yzygiderli kämilleşdirilmegini talap edýär.
Türkmenistanda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, bilim ulgamynda baý tejribe toplanyldy. Iň täze kompýuterler, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalarynyň, çagalar baglarynyň we çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň gurulmagy, halkara guramalar, dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, daşary ýurt dillerini okatmagyň kämilleşdirilmegi döwletimizde bu ulgamy düýpli özgertmäge aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Döwletimizde ýaş türkmenistanlylaryň ajaýyp bilim we terbiýe alyp, eziz Watanymyza we halkymyza mynasyp hyzmat etmegi üçin ähli şertler döredilýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biziň esasy wezipämiz halkymyzyň taryhyny bilýän, ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan uly üstünliklerine buýsanýan, Garaşsyz Türkmenistanyň şan-şöhratyny has-da artdyrmaga çalyşýan hakyky watançylaryň ýokary bilimli neslini ýetişdirmekden ybaratdyr.
Milli Liderimiziň atalyk aladalaryna jogap hökmünde ýaş türkmenistanlylar öz özleşdirýän bilimlerini halkara bilim olimpiadalarynda hem netijeli ulanyp, baýrakly orunlara mynasyp bolup, ýaşyl Tugumyzy al-asmana göterýärler. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň dürli ders ugurlary boýunça geçirilýän abraýly olimpiadalarda her ýylda üstünlik gazanmagy bilim ulgamynda amala aşyrylýan täzeçil özgertmeleriň oňyn netijesidir. Şu ýylyň ilkinji aýlarynda ýurdumyzyň mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşiklerine gatnaşyp, dürli derejedäki medallaryň onlarçasyny gazandylar. Ýaş türkmenistanlylar internet bäsleşiklerinde hem köp sanly ýokary sylaglara mynasyp boldular.
Ylymly-bilimli ýaş nesli kemala getirmek babatda alnyp barylýan işlerde edep-terbiýe ugrunda-da köpçülikleýin wagyz çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. “Çaga eziz, edebi ondanam eziz” diýlişi ýaly, edep-terbiýe uly ähmiýete eýedir. Nusgawy edebiýatymyza nazar salsaň-da, halk döredijiliginiň nusgalaryna – ertekilere, nakyllara, rowaýatlara göz aýlasaň-da adamy edep-terbiýä çagyrýan eserlere köp duş gelmek bolýar.
Şonuň üçin mekdep okuwçylary hem, talyplar hem diňe bir geçilýän sapaklar bilen kanagatlanman, çeper edebiýaty köp okamalydyrlar. Sebäbi gözýetimiň giň bolmagy, düşünjesiniň köp taraply bolmagy olaryň jemgyýetde özlerini gowy alyp barmagyna, durmuşda öz orunlaryny tapmagyna ýardam edýär.
“Ýaşlar jemgyýetimiziň esasy hereketlendiriji güýji bolmalydyr” diýýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem barha rowaçlansyn!
Gülşat MUHAMMETDURDYÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.