Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni giňden bellenip geçilýär. Ylymlar gününe bagyşlanyp, paýtagtymyz Aşgabatda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara maslahat geçirildi. Halkara forumyň işine türkmen alymlary bilen bir hatarda, 30-dan gowrak ýurduň ylmy toparlarynyň wekilleri, şol sanda Russiýanyň, ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Bangladeşiň, Türkiýäniň, Eýranyň, Finlýandiýanyň, Bolgariýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Ermenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Latwiýanyň, Estoniýanyň, Ukrainanyň we beýlekileriň wekilleri gatnaşdy.
Maslahatyň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalary uniwersitetinde geçirildi.
Foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň maslahata gatnaşyjylara hem-de ýurdumyzyň ähli ylmy jemgyýetçiligine iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda häzirki zaman bilimleriniň we ylymlarynyň dünýäniň ykdysady, medeni, tehnologik ösüşleri bilen berk baglanyşykly bolmak bilen, parahatçylykly, dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagyň hem örän möhüm şerti bolup durýandygy bellenilýär.
Maslahatda edilen ylmy çykyşlar energetikadan başlap, ekologiýa çenli dürli ulgamlara innowasiýalary ornaşdyrmagyň möhüm amaly we usulyýet meselelerine bagyşlandy.
Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy daşky gurşawy goramaga ylmy taýdan çemeleşmek meselesine degip geçip, türkmen tebigatynyň bioköpdürlüligiň täsin nusgasydygyny hem-de hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy işinde aýdyň beýanyny tapandygyny nygtady. Belarus Respublikasynyň wekiliniň çykyşynda Türkmenistanda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň, ylmyň hem-de bilimiň okgunly ösdürilmeginiň belarus we türkmen alymlarynyň hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berip, programmalaşdyrmak, robototehnika, biologiýa, bioinženeriýa ýaly wajyp ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berendigi nygtaldy. Şeýle hem Ylymlar güni mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň maslahatlar zalynda ýaş alymlaryň arasynda geçirilýän bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu abraýly ylmy bäsleşige gatnaşýanlaryň sany ýylsaýyn artýar. Şu ýyl ýaş alymlaryň 1 müňden gowragy ýurdumyzyň ylmynyň nanotehnologiýalar, täze serişdeleri ylmy taýdan barlamak, energetika, biotehnologiýalar, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman lukmançylyk hem-de derman serişdeleri önümçiligi tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlar ýaly ileri tutulýan ulgamlarynda özleriniň taslamalaryny we ylmy barlaglaryny hödürlediler. Emin agzalary hödürlenen ylmy işleriň wajyplygy, ylmy taýdan täzeçilligi, olary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň we önümçilige ornaşdyrmagyň ähmiýeti bilen baglylykda, zerurlygy nukdaýnazaryndan ýeňijileri kesgitlediler.