20-nji iýunda Gazagystanyň paýtagtynda GDA agza döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIII forumy öz işini tamamlady. Oňa Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarusdan, Gyrgyzystandan, Moldowadan, Russiýa Federasiýasyndan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan wekiller gatnaşdylar. Olaryň hatarynda görnükli ylym, bilim, medeniýet işgärleri, Arkalaşygyň ýurtlarynyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem döwletara düzümleriň, halkara guramalaryň hem-de jemgyýetçilik birleşikleriň wekilleri bar.
“Astana: medeni institutlaryň döreýşiniň we ösüşiniň üstünlikli tejribesi”, “GDA-nyň medeniýet ýyly: ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk”, “Bilimiň ynsanperwerleşmegi: taryh we geljek”, “Geljekki nesil: dowamatlylyk we innowasiýalar” atly bölümler boýunça geçirilen mejlislerde uzak möhletli döwletara gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna hem-de goldanylmagyna ýardam berýän medeni alyşmalaryň eýeleýän orny bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, edebiýat we sungat ulgamynda yzygiderli esasda bilelikdäki festiwallary, sergileri, bäsleşikleri, şeýle hem bilim we ylym çärelerini guramagyň ähmiýeti barada aýdyldy.
Forumyň işiniň ikinji gününde ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegiň esasy ugurlary gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem Arkalaşygyň çäklerinde gatnaşyklary pugtalandyrmak we ony baýlaşdyrmak boýunça anyk çäreler kesgitlenildi, ýakyn geljekde bilelikdäki maksatnamalary hem-de taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar ynsanperwer ulgamda öz ýurtlarynyň üstünlikleri bilen tanyşdyrdylar, döwrüň möhüm meselelerini çözmekde öz tejribelerini paýlaşdylar hem-de geljekki nesilleriň bähbitlerine hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollary barada öz tekliplerini beýan etdiler.
Foruma gatnaşyjylaryň çykyşlarynda netijeli medeni hyzmatdaşlygyň medeniýet edaralarynyň, döredijilik işgärleriň birleşikleriniň hem-de aýry-aýry meşhur işgärleriň arasynda göni gatnaşyklary nazarda tutýandygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde, hünärmenleri, alymlary, mugallymlary, talyplary, şeýle hem ylmy we usuly edebiýatlary alyşmak arkaly GDA ýurtlaryň bilim merkezleriniň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmagyň we ösdürmegiň zerurdygy barada aýdyldy.
Forumyň işiniň netijeleri boýunça Rezolýusiýa kabul edilip, onda bilelikde geçirilen çäreleriň tejribesi hem-de netijeleri umumylaşdyryldy, geljek üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Dürli bilim pudaklary we döredijilik işleriniň, bilim ulgamlarynyň, sanly ulgama geçirilen kitap, arhiw, muzeý gaznalaryň, ylym, medeniýet hem-de GDA agza döwletleriň halklarynyň taryhy mirasy babatda milli elektron arhiwleriň esasynda umumy sanly ynsanperwer giňişligini döretmek boýunça çäreleriň görülmegine aýratyn üns berildi.