1992-nji ýylyň 2-nji martynda dünýäniň iň abraýly halkara guramasy – Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzalygyna kabul edilen Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bu halkara guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy has-da berkitmekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt, ähli adamzat bähbitli halkara başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi bilen bir hatarda Birleşen Milletler Guramasynyň gyzgyn goldawyna eýe bolýar. Bu asylly başlangyçlaryň esasynda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklary hil taýdan täze derejelere çykaryldy.
Döwlet Baştutanymyzyň energetika howpsuzlygy, ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ýaly ençeme beýleki ugurlardaky öňe sürýän başlangyçlary halklaryň bähbidine hyzmat edýär.
Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan BMG-niň köp sanly düzümleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk saklaýar we bu abraýly guramanyň geňeşliklerine agzalyga yzygiderli saýlanýar. Ine, golaýda ýene-de bir şatlykly habar gelip gowuşdy. Türkmenistan döwletimiz 2019 – 2021-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň agzalygyna saýlandy. Munuň bilen baglanyşykly karar şu ýylyň 13-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 96-njy mejlisinde kabul edildi. Bu şatlykly hem-de buýsandyryjy waka hormatly Prezidentimiziň netijeli içeri we daşary syýasatynyň halkara ykrarnamasyna hem-de belent baha mynasyp bolýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 14-nji iýunynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde türkmen halkymyzy bu şanly waka bilen gutlady.
Ykdysady we Durmuş Geňeşi (EKOSOS) guramanyň esasy düzümi bolup durýar. Ol bu babatda döwletler üçin halkara ykdysady we durmuş meselelerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de maslahatlary işläp taýýarlamak üçin merkezi forum bolup hyzmat edýär. BMG-niň ähli serişdeleriniň 70 göterimden gowragy Geňeşiň ygtyýaryndadyr. EKOSOS arkaly halkara ylalaşyklaryň esasynda BMG özüniň ýöriteleşdirilen edaralary – ykdysady, durmuş we ynsanperwer meseleleri boýunça halkara hökümetara guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär. Olaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO), Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO), Halkara pul gaznasy (HPG), Halkara zähmet guramasy (HZG), Birleşen Milletler Guramasynyň senagat taýdan ösüş guramasy (ÝUNIDO) we beýlekiler bar.
EKOSOS-yň işi ykdysady hem-de durmuş taýdan ösüşe, şol sanda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, saglygy goraýyş, medeniýet we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyga, adam hukuklaryna hem-de onuň esasy azatlyklaryna hormat goýmak üçin şertleri döretmäge ýardam bermekden ybaratdyr. Ýakyn üç ýylda Türkmenistan EKOSOS-da Aziýa we Ýuwaş ummany sebitiniň döwletlerine wekilçilik eder.
EKOSOS her ýylyň iýul aýynda dört hepdäniň dowamynda yzly-yzyna Nýu Ýorkda we Ženewada esasy sessiýany geçirýär. Sessiýa 5 tapgyrdan ybaratdyr. Mysal üçin, syýasy işgärleriň we ýokary wezipeli adamlaryň gatnaşmagynda geçirilýän ýokary derejeli mejlisler tapgyrynda ösüş ulgamynda örän wajyp meselelere garalýar.
EKOSOS-yň düzümine Baş Assambleýa tarapyndan üç ýyl möhlet bilen saýlanylýan 54 döwlet girýär. Her ýyl sebitleýin toparlaryň 5-siniň agza ýurtlary saýlanylýar. Ýurdumyz ençeme gezek BMG-niň abraýly düzümlerine, şol sanda EKOSOS-a (2013–2015-nji ýyllar) saýlanyldy. Häzirki döwürde Türkmenistan BMG-niň birnäçe komissiýasynyň, komitetiniň we geňeşleriniň agzasy bolup durýar, olaryň çäklerinde degişli halkara işini amala aşyrýar.
“Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda gatnaşyklary ösdürmek maksadynda 2016-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasy” üstünlikli amala aşyrylýar. Ol ýurdumyzda amala aşyrylýan milli maksatnamalaryň ileri tutulýan wezipelerine, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde kabul edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüşiň maksatlaryna doly laýyk gelýär.
Şeýlelikde, Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgeleri bilen çykyş edip, sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmegiň bähbidine netijeli halkara gatnaşyklaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklap, döwrüň möhüm meselelerine düýpli oýlanyşykly, sazlaşykly çemeleşmesini görkezýär hem-de olary çözmegiň has oňaýly ýollaryny işläp taýýarlamak boýunça yzygiderli çäreleri görýär. Ýurdumyzyň at-abraýyny has-da belende galdyrmak hem-de il-ýurt bähbitli asylly işleri bilen türkmen döwletini ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň ähli başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
Azatmyrat BABAÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.