Ba­nan dü­zü­min­de bir­gi­den ka­liý we beý­le­ki mad­da­la­ry sak­la­ýan­ly­gy üçin peý­da­ly­dyr. Em­ma bi­ler­men­ler ba­nan saý­la­nan­da onuň reň­ki­ne se­ret­me­gi mas­la­hat ber­ýär­ler. Bu barada “Me­dik Fo­rum” saý­ty habar berýär. Şeý­le­lik­de, ola­ryň iň ýo­ka­ry ber­hiz äh­mi­ýet­li­si ýa­şyl ba­nan­­dyr. Çün­ki olar­da içe­ge­le­riň mik­rof­lo­ra­la­ry­na oňaý­ly tä­sir ed­ýän krah­mal­lar bo­lup, ýo­gyn içe­ge­de düw­nük how­pu­ny pe­se ga­çyr­ýar. Üs­te­si­ne-de, ýa­şyl ba­nan­lar be­den­de mad­da­la­ryň ça­lşygyny tiz­leş­dir­ýän glýu­ka­go­nyň iş­läp çyk­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär. Bu­lar­dan baş­ga-da, ýa­şyl ba­nan­­da gan ba­sy­şy­ny pe­se dü­şür­ýän köp muk­dar­da­ky ka­liý bar.
Öz ge­ze­gin­de sa­ry ba­nan­lar an­ti­ok­si­dant­la­ra baý bo­lup, be­de­niň go­rag ul­ga­my­ny güýç­len­dir­ýär we do­fa­mi­ni ön­dü­ri­şi­ni iş­jeň­leş­dir­ýär. Şeý­le hem ol ug­le­wod­la­ryň – aras­sa ener­gi­ýa­nyň iň oňat çeş­me­si­dir. Sa­ry ba­nan­­da ka­li­niň we mag­ni­niň uly muk­da­ry sak­lan­ýar. Ola­ryň iki­si bi­le­lik­de ýü­rek-da­mar ul­ga­my üçin kä­mil iý­mit önü­mi bo­lup dur­ýar. Go­wy ýe­ti­şen goň­ras reňk­li ba­nan­ dü­zü­min­dä­ki gan­dyň uly muk­da­ry we ýe­ňil si­ň­şi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Şeý­le hem, olar­da göw­nü­çök­gün­lik we uku­syz­lyk bi­len gö­reş­mä­ge ýar­dam ber­ýän trip­to­fon bar. Şo­nuň ýa­ly-da da­şy ga­ra­lyp ug­ran hem-de içi abat sak­la­nyp ga­lan ba­nan­la­ryň dü­zü­min­de düw­nük bi­len gö­reş­ýän güýç­li an­ti­ok­si­dant­la­ryň bardygy bellenilýär.

Begmyrat ILJANOW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň talyby.