Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň 17-nji fewralynda paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgünde resmi taýdan işe girişmek dabarasynda eden çykyşynda halkymyz bilen el-ele berip, yhlasly zähmet çekip, öňümizde goýan şu belent wezipelerimizi üstünlikli amala aşyrjakdygymyza, eziz Watanymyzy dünýäniň gülläp ösýän döwletleriniň birine öwürjekdigimize berk ynanýandygyny aýratyn belläpdi.
Soňky ýyllarda milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda amala aşyrylýan giň möçberli çäreler özüniň oňyn netijesini berýär. Ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn senagatlaşdyrylmagyna gönükdirilen işler ägirt uly ykdysady kuwwatyň emele gelmegini şertlendirdi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde häzirki zaman senagat toplumlarynyň gurluşygyna badalga berildi.
Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde ägirt uly täze gazhimiýa toplumy bolan häzirki zaman tehnologiýalary esasynda iri möçberli önümçilik ulgamynyň gurluşygy alnyp barylýar, ol tebigy gazy gaýtadan işlemäge hem-de dünýä hil görkezijilerine laýyk gelýän önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär. Täze karbamid zawody Gündogar–Günbatar gaz geçiriji ulgamy boýunça gelip gowuşýan çig maldan mineral dökünleri öndürer. Toplumyň ýyllyk kuwwaty bolsa, 1 million 155 müň tonna karbamide deň bolar.
Mineral dökünleriniň önümçiligi boýunça Garabogaz zawodynyň ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň himiýa senagatynyň kuwwatlyklaryny birnäçe esse artdyrmaga mümkinçilik berer, munuň özi pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrar.
Ahal welaýatynyň Owadandepe şäherçesinde gazdan benzin almak boýunça iri zawod gurulýar. Iş tejribesinde ilkinji gezek tebigy gazyň uly möçberde suwuk ýangyja – benzine öwrülmegi amala aşyrylar. Bu bolsa, ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmegiň, onuň tehnologik howpsuzlygyny ýokarlandyrmagyň, uglewodorod serişdelerini sarp ediş bazarlaryny giňeltmegiň we diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halk hojalygynyň ähli pudaklaryny ösdürmegi höweslendirmegiň möhüm ýagdaýlarynyň biridir.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi, şeýle hem Türkmenistan–Owganystan–Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň düýbi tutuldy. Şunuň bilen birlikde, Serhetabat-Turgundy demir ýoly ulanmaga berildi.
Uzynlygy 1840 kilometr bolan TOPH energiýa geçirijisi doly güýjünde ulanmaga tabşyrylandan soň, her ýyl türkmen tebigy gazynyň 33 milliard kub metrini ibermek mümkinçiligi dörär. “Mawy ýangyjyň” gorlary boýunça Ýer ýüzünde ikinji orny eýeleýän “Galkynyş” käninden öz gözbaşyny alyp gaýdýan TOPH gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmegi sebitde möhüm durmuş meselelerini çözmekden başga-da, parahatçylygyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagyna-da ýardam berer. Müňlerçe täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik bolar.
Şeýle hem şu ýylyň fewral aýynda hormatly Prezidentimiz sebitde deňi-taýy bolmadyk ýokary tehnologiýaly “Türkmen aýna önümleri” aýna kärhanasyny ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşdy. Türkmenistanda ilkinji gezek ulanylýan “float” usuly bilen aýna öndürmegiň öňdebaryjy tehnologiýasy bu taslamanyň esasynda durdy. Senagat desgasynyň toplumynda kwars çägesiniň esasynda çig maly taýýarlamak boýunça bölümi, dürli ölçegdäki we galyňlykdaky termopoliriwlenen aýnalary öndürmek boýunça “float-wanna” ugruny, gyzdyryp taplama, aýnany senagat taýdan gaýtadan işleýän bölümi hem-de taýýar önümleriň önümçiligini goşmak bilen işleriň ähli düzüminiň tehnologik ugry göz öňünde tutuldy.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň hususy kärhanalaryna örän iri we jogapkärli taslamalar ynanylýar. Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziliniň gurluşygy şeýle desgalaryň biri boldy, onuň açylyş dabarasyna 26-njy fewralda hormatly Prezidentimiz gatnaşdy.
Türkmenabat şäheriniň täze howa menzili diňe bir Lebap welaýatynyň howa gatnawlaryna bolan barha ösýän isleglerini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, iri edara ediş, Türkmenistanyň ösen senagat merkezine öwrülýän Amyderýanyň kenaryndaky şäheriň derejesini berkitmelidir.
Ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň ýokary hünär derejesi, guramaçylyk başarnyklary eýýäm ozaldan bäri ýurdumyzyň çäklerinden daşarda hem mälimdir.
Olaryň elleri bilen Aşgabatda, Türkmenabatda, Awazada we Türkmenistanyň beýleki şäherlerinde soňky ýyllarda senagat, ulag we durmuş maksatly iri desgalaryň köpsanlysy guruldy.
Hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylyň 16-njy martynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen bolan duşuşykda ýurdumyzyň işewürler toparlarynyň öňünde täze strategik wezipeleri goýdy.
Olaryň hatarynda Türkmenabat–Aşgabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň hem-de kaliý dökünleri önümçiligi boýunça kärhananyň taslamalaryny amala aşyrmak işleri bar.
Soňky ýyllarda kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna giň gerim berildi. 2017-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji tapgyrynda bina edilen kottejlerden ybarat ýaşaýyş jaý toplumynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaralar geçirildi. Şu tapgyra hem ýokary amatlylygy bolan we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan belent gatly jaýlaryň ýene-de 18-si, söwda merkezleriniň 11-si, 600 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep we çagalar bagy girdi. Degişli ähli inženerçilik-kommunikasiýa we ýol-ulag düzümleri göz öňünde tutuldy, zerur tehniki serişdeleri bolan täze ýollar çekildi.
2018-nji ýylyň başynda hormatly Prezidentimiz Täze zaman ýaşaýyş jaý toplumynyň täze tapgyrynyň açylyşyna gatnaşdy. Bu ýerde birwagtda 1 müň 152 sany iki we bir gatly öýler, şeýle hem 600 okuwça niýetlenen orta mekdep, iki sany çagalar bagy, saglyk öýi, azyk harytlary dükany ulanmaga berildi.
Döwletimiz oba hojalyk pudagyna yzygiderli goldaw berýär, senagat – innowasiýa esasynda tutuş önümçilik düzümleri tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylýar. Türkmenistana dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryndan gelip gowuşýan iň täze hasyl ýygnaýjy we beýleki oba hojalyk tehnikalarynyň iri tapgyrlary munuň subutnamasydyr.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen gysga döwrüň içinde ýurdumyzda ýyladyşhana hojalyklarynyň sany birnäçe esse artdy, olar oba ilaty üçin girdejili iş ugry bolup, tutuş ýylyň dowamynda dürli görnüşli gök önümleri öndürmäge, olar bilen içerki bazarlary doly üpjün etmäge hem-de daşarky bazarlara ibermäge mümkinçilik berdi.
Hormatly Prezidentimiziň, birnäçe ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, daşary ýurtlaryň belli hünärmenleriniň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de beýleki hormatly myhmanlaryň gatnaşmagynda geçen ýylyň 17-nji sentýabrynda “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasy, hakykatdan-da, ägirt uly sport baýramçylygyna öwrüldi.
Ähli türkmenistanlylar, şeýle hem beýleki ýurtlaryň millionlarça tomaşaçylary göni ýaýlym arkaly dünýä derejeli taryhy wakanyň şanyna guralýan dabaralaryň şaýady boldular. 45 müň orunlyk Olimpiýa stadionynda tomaşaçylary haýran galdyran sahnalaşdyrylan giň gerimli tomaşa ýaýbaňlandyryldy, onda köpsanly ýörite şöhle-lazer usullary peýdalanyldy. Dürli öwüşginli tomaşada Watanymyzyň şanly taryhy, onuň häzirki döwri barada täsin hekaýat öz beýanyny tapdy.
2017-nji ýylyň Aziýa oýunlary gatnaşyjylaryň sany boýunça hem, sportuň görnüşleri boýunça hem aýratyn häsiýete eýedir. Bu Oýunlar babatynda “ilkinji gezek” diýen sözler ýygy-ýygydan ýaňlanýardy. Bu sport çäresi Merkezi Aziýa döwletinde ilkinji gezek geçirildi, bu ýaryşlaryň taryhynda Aziýa yklymynyň wekiliýetlerinden başga-da, oňa ilkinji gezek Okeaniýanyň 19 döwletiniň türgenleri hem gatnaşdylar. Jemi 65 topar sportuň 21 görnüşi boýunça bäsleşdi. Ilkinji gezek Aziýa oýunlaryna Bosgunlaryň Olimpiýa topary gatnaşdy.
82 ýurtdan ýarym müňden gowrak habarçylar we synçylar V Aziadany beýan edip, diňe bir ýaryşlaryň netijeleri barada däl, eýsem, Türkmenistan hakda, onuň ajaýyp paýtagty barada gürrüň berip, guwançlaryny paýlaşdylar hem-de biziň myhmansöýer we bereketli topragymyza täze garaýyşlaryny bütin dünýä açdylar.
Ilkinji günlerden Türkmenistanyň ýygyndy topary ýaryşyň öňdeligini çekdi we şondan soň, medal gazanmakdaky hasaplarda ilkinji setirden düşmän, özünde birinji umumy toparlaýyn orny pugta berkitdi. Türkmen türgenleri jemi 245 medal gazanyp, şolardan 89-sy altyn, 70-si kümüş we 86-sy bürünç medallar boldy.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan täze iri möçberli ýaryşlara – 2018-nji ýylyň sentýabrynda geçiriljek “Amul – Hazar 2018” halkara awtorallisine taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Şeýle hem 2018-nji ýylyň 28-nji oktýabry-10-njy noýabry aralygynda Aşgabatda agyr atletika boýunça dünýä çempionaty geçiriler.
Milli Liderimiziň ýadawsyz işleriniň aýdyň netijeleri – bular paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze zawodlar, fabrikler, mekdepler, hassahanalar, ýaşaýyş jaýlarydyr çekilen müňlerçe kilometr awtomobil we polat ýollary, turba geçirijileri, Türkmenistanda öndürilen dünýä bazarynda bäsleşige ukyply ýüzlerçe we millionlarça tonna önümlerdir asyryň iri taslamalaryna gönükdirilýän milliardlarça maýa goýumlardyr.
Türkmenistanyň halky häzirki zaman ykdysadyýeti kemala getirmäge, demokratik hukuk döwletiniň gymmatlyklaryny berkarar etmäge hem-de ýurduň her bir raýatyna hyzmat etjek döwlet ulgamyny döretmäge, halkyň ýokary durmuş ölçeglerine tarap ugur alan oňyn durmuş syýasatyny alyp barmaga öz ähli zehinini, pikirini we tagallalaryny gönükdirýän Arkadag Prezidentine mynasyp sarpa goýýar.
Hormatly Prezidentimiziň täzeçillige beslenen we netijeli daşary syýasat işleri halkymyzyň giň goldawyna eýe bolýar. Şol işler halkara derejesinde ýurdumyzyň abraýyny ýokary göterýär.
Häzirki wagtda biziň ýurdumyz sebitiň örän möhüm ulag çatrygynda özüniň geografik taýdan amatly ýerleşmegi hem-de daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk boýunça möhüm teklipleri öňe sürýän we olary iş ýüzünde durmuşa geçirmekde yzygiderli çäreleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň oňyn daşary syýasaty netijesinde iri halkara logistika merkezine öwrülýär.
Munuň üçin ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän ulag düzümi döredilýär. Ýokary tizlikli awtomobil ýollary çekilýär, halkara demir ýollary, menziller, howa menzilleri gurulýar, häzirki zaman gämileri satyn alynýar, demir ýol we awtomobil köprüleri gurulýar, olar diňe bir ýurdumyzyň içerki sebitlerini däl-de, goňşy döwletleri hem birleşdirýär.
Täze deňiz porty Türkmenistanyň ykdysady, senagat we ulag ulgamynyň ösüşine, täze iş orunlarynyň döredilmegine goşmaça kuwwatly itergi berer, şeýle hem iri maýa goýumlarynyň çekilmegine ýardam eder. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmek, daşary döwletlerden ýurdumyza deňziň kenarynda dynç almaga gelýänleriň sanynyň artdyrylmagy babatynda uly mümkinçilikler açylýar. Bu ýerde dynç alýanlary kaşaň myhmanhanalar hem-de ýokary derejeli hyzmat düzümleri bolan amatly kottej toplumlary, iň häzirki zaman sport desgalary hem-de boş wagtyňy amatly we peýdaly geçirmegiň ösen düzümleri garşylaýar.
Halkara sport gatnaşyklaryny ösdürmek babatda türkmen Lideriniň köpsanly hyzmatlarynyň hatarynda dünýä giňişliginde türkmen göreşiniň üstünlikli öňe ilerledilişini agzamak gerek. Dünýäniň ýigrimiden gowrak ýurdunda göreş boýunça Milli federasiýalaryň döredilendigi hem-de göreş boýunça ýaryşlaryň 2017-nji ýylyň Bütindünýä oýunlarynyň maksatnamasyna girendigi hem sporty, şol sanda onuň milli görnüşlerini ösdürmek ulgamynda, şeýle hem olimpiýa gymmatlyklarynyň esasynda halklaryň arasynda dostlugy pugtalandyrmakda hormatly Prezidentimiziň ägirt uly tagallalarynyň netijesidir.
Öz halkyny, onuň medeniýetini we taryhyny bilmegi we oňa düşünmegi milli Liderimize içeri we daşary syýasatyny alyp barmakda dogry ugurlary tapmaga mümkinçilik berýär. Halkyna gulak asmak we onuň bilen maslahat etmek – Türkmenistanyň Prezidentiniň esasy nukdaýnazarlarynyň biridir.
Bilşimiz ýaly, döwlet Baştutanymyz işden boş wagtyny hem ata Watanymyz we halkymyz baradaky oý-pikirlere bagyşlaýar. Milli Liderimiz ussat çapyksuwar, behişdi bedewleriň hakyky muşdagy bolmak bilen, boş wagty atlar bilen didarlaşýar. Döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewleriniň gadyr-gymmatyny bilip, atlaryň bu tohumynyň wagyz-nesihatçysy we milli atçylygyň tarapdary bolup durýar. Türkmenistanda atçylyk sport ulgamy döwletimiziň we hut milli Liderimiziň üns merkezinde durýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň atçylygyny döwrebaplaşdyrmaga, atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini, şol sanda konkury ösdürmäge hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Sportuň bu görnüşi döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen “Aziada–2017-niň” maksatnamasyna girizildi.
“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň dürli bäsleşiklere gatnaşmagy daşary ýurtlarda ahalteke bedewlerini we türkmen çapyksuwarlarynyň zehinini has-da ýaýmaga ýardam edýär. Bu topary döretmek pikiri bolsa, milli Liderimize degişlidir.
Ýurdumyzda köpçülikleýin sporty we ýokary görkezijiler sportuny ösdürmek, ilatyň bedenterbiýe bilen işjeň meşgullanmaga çekmek, aýratyn-da, oňa ýaşlary, çagalary çekmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler kabul edilýär.
Arkadag Prezidentimiziň ähli babatda nusgalyk görelde görkezmegi halkymyzy, aýratyn-da ýaşlary belent ýeňişlere, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Bu bolsa, Milli Liderimiziň ýurdumyzyň abadançylygyna, halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirýän giň möçberli işleriniň oňyn netijelere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.