2018-nji ýylyň 22–27-nji iýuny aralygynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilen Medeniýet hepdeliginiň milli öwüşginlere çaýylan çäreleri Türkmenistanyň ýokary gazananlaryny, onuň parahatçylyga we ösüşe tarap okgunly hereketini, halkymyzyň ruhubelentligini we abadançylygyny alamatlandyrýar. Bu sungat forumy medeniýet ulgamynyň dürli ugurlarynda, ozaly bilen bolsa, türkmen halkynyň ruhy mirasyny gorap saklamak, öwrenmek hem-de Ýer ýüzünde wagyz etmek, döredijilik işgärleriniň hünär taýdan ösüşini höweslendirmek boýunça geçirilýän işler barada özboluşly hasabat bolup durýar.
Döwür her ýylda şeýle giň gerimli medeni çäräniň guralmagynyň zerurlygyny hem-de ähmiýetini tassyklaýar, bu çäreler milli sungatyň ähli ugurlaryny öz içine alýar. Bu forum medeniýet we sungat işgärleriniň gününe gabatlanylýar, şu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, bu senäniň Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramy bilen birleşdirilendigini bellemek gerek, munuň özi nesilleriň ruhy dowamatlylygyny alamatlandyrýar.
Köp asyrlyk taryhyň dowamynda medeniýet halkyň milli aňyýetini kemala getirýän esasy gurşaw bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar. Onuň binýadyny biziň jemgyýetimizi jebisleşdirýän ynsanperwerlik ýörelgeleri düzýär hem-de medeni-ruhy durmuşy baýlaşdyryp, ählumumy gatnaşyklaryň kemala gelmegine we ösdürilmegine ýardam berýär.
22-nji iýunda Ahal welaýatynyň “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynda Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilýän giň gerimli çäre her ýyl ýurdumyzyň dürli sebitlerinde guralýar hem-de milli medeniýetimiziň aýdyň we köp öwüşginli aýratynlyklaryny äşgär edýär, adamlaryň ýurdumyzyň medeni gymmatlyklary bilen tanyşmagyna, täze zehinleriň ýüze çykarylmagyna ýardam berýär.
Şu gezekki Medeniýet hepdeligi “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygaryna beslenýär. Türkmenistan ata-babalarymyzyň baý ruhy mirasyny gorap saklamak we baýlaşdyrmak bilen, umumadamzat siwilizasiýasynyň hazynasyna uly goşant goşýar.
Ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň çäklerinde hem Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunyň möhüm düzümleri bolan köp sanly ýadygärlikler ýerleşýär, muzeýlerde bolsa, türkmen halkynyň gadymy taryhynyň we medeniýetiniň, edermenliginiň hem-de gahrymançylygynyň gymmatly subutnamalary saklanylýar.
Hepdeligiň ikinji gününiň maksatnamasy beýik türkmen şahyry – akyldar Magtymguly Pyraga bagyşlandy. Medeniýet işgärleri, sungat ussatlary, ylym we bilim işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda ýerleşýän muzeýe baryp gördüler, ol ýerde “Magtymguly Pyragy – ýürekleriň buýsanjy” atly duşuşyk geçirildi, şeýle hem şahyryň Gerkez obasyndaky ýadygärligine gül desselerini goýdular.
Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe we beýleki taryhy ýadygärliklere baryp gördüler.
Medeniýet hepdeligi Ahal welaýatynyň dürli künjeklerinde guralan gyzykly wakalara baý boldy. “Gökdepe” milli muzeýinde “Beýik Ýüpek ýoly we muzeý gymmatlyklarynyň taryhy ähmiýeti” atly maslahat geçirildi, Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde “Şirwan perdäniň owazlary” ady bilen çäre geçirildi. Onda bagşylar öz ussatlyklaryny görkezdiler.
Döredijilik forumynyň çäklerinde Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy. Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Änew şäheriniň Medeniýet öýüniň öňündäki sahna meýdançasynda halk we häzirki zaman aýdymlarydyr sazlary ýaňlandy, joşgunly tanslar ýerine ýetirildi.
Medeniýet hepdeliginiň bäşinji gününiň çäklerinde Ahal welaýatynyň Änew şäherinde “Küşt depip, gazal aýdyp…” atly konsert geçirildi. Bu çäräniň maksady aýdym we tans däplerini, ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni gymmatlygynyň sanawyna girizilen küştdepdini giňden wagyz etmekden ybarat boldy.
27-nji iýunda ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet hepdeligi Ahal welaýatynda, “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynda geçirilen jemleýji çäreler – uly baýramçylyk konsert bilen utgaşdy. Baýramçylyk konsertiniň maksatnamasy türkmen halkyny täze zähmet ýeňişlerine, döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýan sungatyň beýik güýjüniň dabaralanmasyny has aýdyňlygy bilen görkezdi.
Umuman, sungat baýramçylygynda ýaýbaňlandyrylan çäreler ýurdumyzyň medeniýetiniň ýeten derejesini we ägirt uly mümkinçiliklerini beýan edýän şanly wakalara baý boldy, ajaýyplygy, many taýdan baýlygy bilen tapawutlandy. Ol ýurdumyzda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda halkymyzyň we Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alnyp barylýan giň möçberli işlerde döredijilik gatnaşyklarynyň möhüm orun eýeleýändigini äşgär etdi.