Gar, to­mus we Af­ri­ka – hem­me­le­riň ün­sü­ni çek­ýän söz­ler. To­mus pas­lyn­da, on­da-da Af­ri­ka­da gar ýa­gyp­dyr diý­se­ler kim ynan­jak. Şeý­le-de bol­dy. Şu ýy­lyň 2-nji iýu­lyn­da Gü­nor­ta Af­ri­ka­nyň Keýp­ta­un şä­he­ri­niň ýa­şaý­jy­la­ry ir bi­len tu­ran­la­ryn­da, 10 san­ti­metr ga­lyň­ly­gyn­da ýa­gan ga­ry gö­rüp, haý­ran gal­dy­lar. Köp­ler dag­lyk se­bit­le­ri­ne ta­rap ýo­la çyk­yp, dag etek­le­rin­dä­ki owa­dan gör­nüş­le­ri­ syn­la­dy­lar.
Gü­nor­ta Af­ri­ka­nyň kedr tokaýlykly dag­la­ry­nyň daş-tö­we­re­gi­niň ýa­şaý­jy­la­ry umu­my kadadan çyk­ýan ho­wa ha­dy­sa­la­ry­na haý­ran gal­ýan­dyk­la­ry­ny mä­lim et­di­ler. Köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, bu sebite 10 ýyl­dan gow­rak wagt­dan bä­ri gar ýag­man­dyr. Şo­nuň üçin gyş pas­ly­nyň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy bo­lan ga­ryň Af­ri­ka yk­ly­myn­da, hat­da bu yk­ly­myň has ys­sy se­bit­le­rin­de ýag­ma­gy hem­me­le­riň ün­sü­ni çek­ýär.
Gü­nor­ta Af­ri­ka­nyň paý­tag­ty Keýp­tau­nyň ýa­şaý­jy­la­ry il­kin­ji ge­zek öz dog­duk ýer­le­ri­ni ta­na­mak­da kyn­çy­lyk çek­di­ler. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­sy Gü­nor­ta ýa­rym şar­da ýer­le­şip, ek­wa­tor­dan uzak­da­dyr. Şo­nuň üçin bu ýer­de şeý­le ho­wa ha­dy­sa­la­ry­na seý­rek duş ge­lin­ýär. Ho­wa­nyň ýag­da­ýy­nyň çalt üýt­ge­megi­niň ha­sa­by­na dür­li ho­wa ha­dy­sa­la­ry­na duş gel­mek bol­ýar. Soň­ky 37 ýy­lyň do­wa­myn­da dün­ýä­niň iň uly hem-de ys­sy çöl­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýan Sa­ha­ra çö­lü­ne gar ýa­gyp­dy.