2018-nji ýylyň birinji ýarymynda gazanylan ösüşlere we degişli döwürde ykdysadyýetimiziň dürli-dürli pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde makroykdysady görkezijiler babatda hasabatlar berildi. Şol hasabatlardan görnüşi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde oňat netijeleriň gazanylmagy dowam edýär. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.
Mejlisiň çäklerindäki hasabatlara görä, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ähli pudaklarda üstünlikli amala aşyrylan düýpli özgertmeleriň netijesinde, jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim artdy. Şu ýylyň alty aýynyň jemleri boýunça öndürilen önümleriň ösüş depgini 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,4 göterim artdy. Ortaça aýlyk zähmet haklary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9 göterim köpeldi.
Ýanwar–iýun aýlarynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy ýokary depginde alnyp baryldy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi degişli döwürde 19,1 milliard manada deň boldy.
Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi baradaky hasabatlardan görnüşi ýaly, 1-nji iýula çenli ýagdaýa görä, baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 103 göterim, çykdajy bölegi bolsa, 85,3 göterim ýerine ýetirildi. Ýerli býujetiň girdeji böleginiň ýerine ýetirilişi 4 milliard 56,1 million manada, çykdajy bölegi 3 milliard 235,6 million manada deň boldy.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde birinji ýarym ýylda 871,6 million manat özleşdirildi.
Hususan-da, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümleriň köp görnüşleriniň möçberiniň artdyrylmagynyň üpjün edilendigi habar berildi. Nebitiň çykarylyşy 0,2 göterim, benziniň öndürilişi 1,5 göterim, kerosiniň öndürilişi 1,9 göterim, nebit koksunyň öndürilişi 9,3 göterim, polipropileniň öndürilişi 6,1 göterim, mineral dökünleriň öndürilişi 7,2 göterim, sementiň öndürilişi 0,7 göterim, plastmassa we aýna süýümli turbalaryň öndürilişi 9,4 göterim, pagta süýüminiň öndürilişi 12,3 göterim, nah matalaryň öndürilişi 15,7 göterim, eýlenen deriniň öndürilişi 7,3 göterim, gaýtadan işlenilen balyk we balyk önümleriniň öndürilişi 23,8 göterim, tikinçilik we örme önümleriniň öndürilişi 8,9 göterim, çörek we çörek önümleriniň öndürilişi 2,3 göterim ýokarlandy.
Mundan başga-da, senagat önümleriniň täze görnüşleriniň çykarylmagy özleşdirilip, 2,6 million inedördül metr aýna öndürildi.
Oba hojalyk toplumynda hem oňyn görkezijiler gazanyldy. Ulaglaryň ähli görnüşleri bilen ýükleri daşamagyň möçberi alty aýyň dowamynda 6,6 göterim artdy. Hasabat döwründe 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 3,1 göterim ýokarlandy.
Hususan-da, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, beýleki döwletlerden ýurdumyza getirilýän harytlaryň möçberi 43 göterim azaldy. Ýurdumyzdan beýleki döwletlere iberilýän eksport önümleriniň möçberi bolsa, 41,5 göterim artdy.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11,5 göterim artdy, şol sanda bölek satuw haryt dolanyşygy hem-de lomaý haryt dolanyşygy degişlilikde 23 göterim we 3,9 göterim artdy. Öndürilen önümleriň möçberi 4,7 göterim artdy, ministrligiň kärhanalary boýunça gazanylan peýda 34,7 göterim ýokarlandy.
Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe 124 birža söwdasy geçirilip, 12 müň 256 şertnama hasaba alyndy. Umumy girdejiniň möçberi 19,6 göterim artdy.
Söwda-senagat edarasy boýunça 2018-nji ýylyň ýanwar–iýun aýlarynda ýerine ýetirilen hyzmat işleriniň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,6 göterim artdy.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň birinji ýarymynda senagat önümleri 26 göterim, oba hojalyk we azyk önümleri 65,2 göterim köp öndürildi. Söwda-haryt dolanyşygy 1,3 göterim artdy. Hyzmat ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň möçberi 1,5 göterim artdy.
Şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň netijelerine görä, 2018-nji ýylda neşir edilmegi meýilleşdirilen 200 görnüşli okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň 92 görnüşi neşir edildi. Şu ýylyň ýanwar–iýun aralygynda mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşiklerinde 90 medala mynasyp boldular. Hasabat döwründe energiýany tygşytlamagyň 2018 – 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy işlenilip taýýarlanyldy.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 – 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna laýyklykda işler dowam etdirildi.
Hasabat döwründe ýurdumyzda içerki ýaryşlaryň 96-sy geçirildi, 55 sany köpçülikleýin sport çäreleri guraldy. Biziň türgenlerimiz dünýä we Aziýa çempionatlarynyň, şeýle hem beýleki halkara ýaryşlaryň 52-sine gatnaşyp, 110 medaly eýelediler.
Mejlisde bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde örän möhüm wezipäniň – ýokary okuw mekdeplerine talyplary kabul etmek wezipesiniň durýandygy bellenilip, bu ugurda edilmeli işler baradaky wezipeler kesgitlendi.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2018-nji ýylda ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy, ýokary okuw mekdeplerine we ýörite orta okuw mekdeplerine kabul etmek boýunça döwlet synag toparynyň düzümi, 2018 – 2019-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy we diňleýjileri kabul etmek boýunça giriş synaglaryny guramagyň tertibi hödürlenildi.
Milli Liderimiz olary tassyklamak hakynda degişli Buýruklara gol çekip, şolaryň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmek barada degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.
MEDENIÝET ULGAMYNDA
EDILEN IŞLERIŇ JEMLERI
Hasabat döwründe dürli çäreler, şol sanda ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, bäsleşikler, teatrlaşdyrylan sahnalar, kinofilmleriň görkezilişi, baýramçylyklar hem-de şanly seneler mynasybetli aýdym-sazly dabaralar, daşary ýurtly artistleriň gatnaşmagynda döredijilik çäreleri we sirk çykyşlary guraldy. Hususan-da, ýurdumyzda Belarus Respublikasynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri, HHR-de ýurdumyzyň Medeniýet günleri geçirildi.
“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar hem-de “Türkmen jigitleri” toparlary Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen sirk sungatynyň I Halkara festiwalyna gatnaşyp, altyn heýkeljige mynasyp boldular. Şu ýylyň 29-njy iýunynda bolsa, Akhan atly ahalteke bedewi 10 metr aralygy çarpaýa galyp, 4,19 sekuntda geçmegi başardy we dünýä rekordyny täzeledi hem-de Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Aprel aýynda Aşgabatda “Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri” atly halkara ylmy maslahat we festiwal geçirildi, Berliniň Täze muzeýinde bolsa “Margiana – Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly arheologik sergi açyldy we şu günler hem dowam edýär.
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artistleri Türkiýäniň Mersin şäherinde geçirilen IV Halkara teatr festiwalyna gatnaşyp, baýrakly orna, ýagny iň gowy sahna eseri we ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin ýörite kuboga mynasyp boldy. Şeýle hem ajaýyp türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 80 ýyllygy mynasybetli aýdym-saz festiwaly geçirildi.
Birinji ýarym ýyllygyň möhüm wakalarynyň hatarynda Ahal welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeligi hem bar. Onuň çäklerinde “Hüýrlukga – Hemra” operasynyň ilkinji görkezilişi boldy. Şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dürli mazmunly medeni çäreler geçirildi.
Hasabatyň çäklerinde Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň maliýe-hojalyk işi boýunça maglumatlar berildi. Şol döwürde 72 müň 509 syýahatça hyzmat edilip, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 105,2 göterime deň boldy. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýanwar–iýun aýlarynda kitap önümleriniň 147 görnüşi we okuw kitaplarynyň 88 görnüşi çap edildi. Meýilnama 127,5 göterim ýerine ýetirildi.
HALK MASLAHATYNYŇ BIRINJI MEJLISI
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi. Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň durmuşynda öňde boljak möhüm wakanyň – Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň ähmiýetini belledi, ol Watanymyzyň baş baýramynyň – Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň öň ýanynda geçiriler.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň ünsüni bu forumyň esasy mejlisiniň 24-nji sentýabrda geçiriljekdigine, 25-nji sentýabrda bolsa, zähmetde gazanan üstünlikleri üçin döwlet sylaglaryna hödürlenen türkmenistanlylary sylaglamak dabarasynyň guraljakdygyna ünsi çekip, “Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini guramaçylykly geçirmek hakyndaky” Permana hem-de degişli Karara gol çekip, umumymilli forumy ýokary derejede guramak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakyndaky” Permana gol çekdi.
TÄZE WEZIPELER KESGITLENDI
Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň geçen alty aýynda ýerine ýetirilen işleri häsiýetlendirdi, içeri we daşary syýasatyň ileri tutulýan meseleleri barada durup geçdi hem-de ýakyn geljek üçin esasy wezipeleri kesgitledi.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, alnyp barylýan ygtybarly salgyt-býujet we pul-karz syýasaty ýurdumyzyň içerki strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Oňa laýyklykda, hususy we döwlet üpjünçilik ulgamlaryna gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberi barha artdyrylýar. Ykdysadyýetiň käbir pudaklarynda önüm öndürmek we hyzmatlary etmek boýunça gowy netijeler gazanylýar. Bu bolsa, jemi içerki önümi 6,2 göterime çenli artdyrmaga mümkinçilik berdi.
Jemi bahasy 40 milliard 500 million amerikan dollaryna golaý bolan 1600 töweregi senagat we ýaşaýyş-durmuş maksatly iri desgalaryň gurluşygy giň gerimde dowam etdirilýär.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna” laýyklykda, hasabat döwründe 731,2 million manat möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdirildi.
Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, geçen ýarym ýylyň dowamynda 26 sany iri desganyň, umumy bahasy 3 milliard 200 million amerikan dollaryna golaý bolan meýdany 612,6 müň inedördül metr, şol sanda ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berlendigini belledi.
Taryhda ilkinji gezek Türkmenistanda ýüz müňe golaý kompýuter öndürilendigini bellemek ýakymlydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. Bu bolsa, ykdysadyýetimiziň sanly ulgamynyň maksatnamalaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin gowy binýat bolup hyzmat edýär. Bu işleriň netijesinde daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberi 41,5 göterim köpeldi. Şunuň bilen birlikde, çözülmegini talap edýän köp sanly meseleler hem bar. Biz bu meseleleri çözmek üçin köp işleri alyp barmalydyrys.
Hormatly Prezidentimiz hususylaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, paýnamalary ýerleşdirmegiň, gazna bazaryny guramagyň we bäsleşikli söwda edaralaryny açmagyň hususylaşdyrmagyň esasy gurallary bolmalydygyny nygtady. Maýadarlara özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin bu örän gowy mümkinçilikdir.
Döwlet Baştutanymyz şu maksat bilen, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy toplumyny telekeçileriň garamagyna bermek barada karara gelnendigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýewe Awazadaky dynç alyş-bejeriş toplumyny dolandyrmak baradaky geňeşi döretmegi, her myhmanhanany, her bir desgany bir ýa-da birnäçe telekeçiniň garamagyna bermek meselesini çözmegi, munuň üçin, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň üsti bilen ähli zerur bolan resminamalary resmileşdirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz ýygnananlara ýüzlenip, şu ýylyň ikinji ýarymynda birnäçe halkara we içerki döwlet çäreleri geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, ýurdumyzda däp bolşy ýaly, bu çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we uly üstünlikleri, “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen ýylda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.