Dün­ýä­niň iň ab­raý­ly ki­no­fes­ti­wal­la­rynyň biri bo­lan Kann film fes­ti­wa­ly uly da­ba­ra bi­len ta­mam­lan­dy. Fes­ti­wal­da iň­lis re­žiss­ýo­ry Ken Lou­çyň “Men, Da­ni­el Bleýk” at­ly fil­mi baş baý­ra­ga — “Al­tyn pal­ma” sy­la­gy­na my­na­syp bol­dy. Bu onuň 2-nji “Al­tyn pal­ma” baý­ra­gy­dyr. Fes­ti­wal 11 gün­läp do­wam et­di.
11-nji maý­da baş­lan 69-njy Kann film fes­ti­wa­ly­nyň baş baý­ra­gy bo­lan “Al­tyn pal­ma” sy­la­gy “Men, Da­ni­el Bleýk” (I, Da­ni­el Bla­ke) fil­mi üçin so­si­al ul­gam, iş­çi­ler we ola­ryň hu­ku­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly ki­no­la­ry su­ra­ta dü­şür­ýän ang­li­ýa­ly re­žiss­ýor Ken Lou­ça be­ril­di. 19 al­tyn ýap­rak­dan yba­rat pal­ma aga­jy şeki­lin­dä­ki we 18 ka­rat al­tyn­dan ýa­sa­lan 20 müň ýew­ro möç­be­rin­de ba­ha­sy bo­lan heý­kel­ji­gi 2-nji ge­zek alan Lo­uç öňem 2006-njy ýyl­da “The Wind That Sha­kes the Bar­ley” ki­no­sy bi­len alyp­dy. Ol bu sy­la­gy 2-nji ge­zek alan 9-njy re­žiss­ýor­dyr.
“Tel­be Maks: ga­zap ýo­ly” fil­mi­niň re­žiss­ýo­ry, awst­ra­li­ýa­ly Jorj Mil­le­riň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky emin­ler to­pa­ry­nyň “Gran Pri” baý­ra­gy­na “Bu di­ňe dün­ýä­niň so­ňy” (Jus­te La Fin Du Mon­de) at­ly ki­no­sy üçin ka­na­da­ly re­žiss­ýor Ksa­wie Do­lan la­ýyk gö­rül­di. “Bu di­ňe dün­ýä­niň so­ňy” at­ly şu ki­no­da Ma­ri­on Ko­tiý­ýar, Lea Seý­du ýa­ly meş­hur fran­suz akt­ri­sa­la­ry çy­kyş ed­ýär. Emin­le­riň ýö­ri­te baý­ra­gy-da iň­lis re­žiss­ýo­ry And­rea Ar­nol­dyň “Ame­ri­kan gö­ze­li” (Ame­rican Ho­ney) fil­mi­ne be­ril­di. Eý­ran­ly re­žiss­ýor, Os­ka­ryň eýe­si As­gar Far­ha­di­niň “Sa­ty­jy” (Fo­rus­han­de) fil­mi iň go­wy sse­na­riý baý­ra­gy bi­len sy­lag­la­nan bol­sa, şol kino­da baş keş­bi jan­lan­dy­ran Şa­hab Hos­sei­ni iň go­wy akt­ýor diý­len ugur­da ýe­ňiş gazan­dy. Iň go­wy akt­ri­sa baý­ra­gy fi­lip­pin­li re­žiss­ýor Bril­lan­te Men­do­za­nyň “Ro­za ene” (Ma Ro­sa) ki­no­sy­nyň ýyl­dy­zy Jek­lin Jou­za gow­şu­ryl­dy. Iň go­wy re­žiss­ýor baý­ra­gy­ny “Uçu­rym” (Gra­dua­ti­on) fil­mi üçin ru­my­ni­ýa­ly Kris­ti­an Mun­gui bi­len “Şah­sy kö­mek­çi” (Per­so­nel Shop­per) fil­mi esa­syn­da fran­siý­aly Oli­wie As­sa­ýas paý­laş­dy. “Al­tyn pal­ma” hor­mat sy­la­gy fran­suz ki­no sun­ga­ty­nyň ägirt­le­rin­den, meş­hur akt­ýor Žan-Pi­er Loý­da be­ril­di. Ol fran­suz ki­no­syn­da “Tä­ze tol­kun” aky­my­nyň düý­bü­ni tu­tu­jy­la­ryn­dan Fran­sua Truf­fa­nyň film­le­rin­de An­tu­an Dio­nel at­ly gah­ry­ma­nyň keş­bi­ bilen meşhurlyk gazanypdy.
11 gün­läp gy­zyl ha­ly­dan ge­çen ýyl­dyz­la­ryň sa­ny­nyň az bol­ma­dyk fes­ti­wa­lyn­da baş baý­rak ug­run­da 21 ki­no bäs­le­şi­ge al­nyp­dy. Emin­ler to­pa­ry­na, ola­ryň baş­tu­ta­ny hök­mün­de Jorj Mil­ler­den baş­ga-da, weng­ri­ýa­ly re­žis­sýor Las­lo Ne­mes, fran­si­ýa­ly re­žiss­ýor Ar­nau Dep­le­şin, ita­li­ýa­ly re­žiss­ýor Wa­le­ria Go­li­no, ame­ri­ka­ly akt­ri­sa Körs­ten Danst, da­ni­ýa­ly akt­ýor Mads Mik­kel­sen, ka­na­da­ly akt­ýor Do­nald Sa­ter­land, fran­suz akt­ri­sa­sy Wa­nes­sa Pa­ra­dis we eý­ran­ly prod­ýu­ser Ka­ta­ýun Şa­ha­bi ça­gy­ry­lyp­dy. Je­mi ýüz­ler­çe fil­miň gör­ke­zi­len fes­ti­wa­ly­na Ju­lia Ro­berts, Bleýk Laýw­li, Şon Penn, Ro­bert De Ni­ro, Jo­di Fos­ter, Mel Gib­son, Jorj Klu­ni, Ma­ri­on Ko­tiý­ýar ýa­ly Gol­li­wu­dyň ýyl­dyz­la­ry hem gat­naş­dy­lar.

69-njy Kann film fes­ti­wa­ly­nyň ýe­ňi­ji­le­ri:
“Al­tyn pal­ma”: “Men, Da­ni­el Bleýk” (I, Da­ni­el Bla­ke) – Ken Lo­aç
“Gran Pri” baý­ra­gy: “Bu di­ňe dün­ýä­niň so­ňy” (Jus­te La Fin Du Mon­de) – Ksa­wie Do­lan
Emin­le­riň ýö­ri­te baý­ra­gy: “Ame­ri­ka­n gö­zeli” (Ame­ri­kan Ho­ney) – And­rea Ar­nold
Iň go­wy sse­na­riý: “Sa­ty­jy” (Fo­rus­han­de) – As­gar Far­ha­di
Iň go­wy akt­ýor: Şa­hab Hos­sei­ni – “Sa­ty­jy” (Fo­rus­han­de)
Iň go­wy akt­ri­sa: Jek­lin Jo­uz – “Ro­za ene” (Ma Ro­sa)
Iň go­wy re­žiss­ýor: Kris­ti­an Mun­giu – “Uçu­rym” (Gra­dua­ti­on) bi­len Oli­wie As­sa­ýas – “Şah­sy kö­mek­çi” (Per­so­nal Shop­per).