Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallasy netijesinde, Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynda raýatlaryň saglygyny goramak we berkitmek, ýokanç keselleriň öňüni almak we daşky gurşawy goramak ýaly döwlet ähmiýetli möhüm wezipeleriň çözgüdine giň möçberli işler gönükdirilýär.
Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan “Türkmenistany 2018–2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamy hemmetaraplaýyn göwnejaý kämilleşdirilýär, ilatyň arasynda keselleriň öňüni almakda, anyklamakda we bejeriş işlerini geçirmekde dünýä lukmançylygynyň iň täze gazanan usullary ornaşdyrylýar. Aşgabat şäherinde, welaýatlarda häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen abzallaşdyrylan saglygy goraýyş – öňüni alyş hem-de sagaldyş edaralary, şypahanalar, derman kärhanalary ulanylmaga berilýär.
Saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebap binalaryny ulanmaga bermek her ýylyň 21-nji iýulynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlap geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Her ýyl saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň hünär baýramçylygy ýurt derejesinde uludan tutulýar. Bu ugurda edilýän giň gerimli işler ýurdumyzda sagdyn jemgyýetiň döredilmegi ugrunda ägirt uly tagallalaryň edilýändiginiň subutnamasydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen ilatyň saglygyny gorap saklamakda we keselleriň öňüni almakda uly ähmiýete eýe bolan “Türkmenistanyň ilatly nokatlaryny arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň Baş maksatnamasy”, “Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2013–2017-nji ýyllar üçin Milli maksatnama” hem-de “Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynda bellenen wezipeleri 2014–2020-nji ýyllarda amala aşyrmagyň Milli strategiýasy” kabul edildi. Türkmenistan 2012-nji ýylda BMG-niň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň hem-de Azyk we oba hojalyk guramasy bilen bilelikde sarp edijileriň saglygyny goramak hem-de azyk önümleriniň netijeli söwdasyna ýardam bermek maksady bilen, “Kodeks Alimentarius” toparynyň agzasy boldy. Häzirki wagtda iýmit önümleriniň hili we howpsuzlygy boýunça kadalaşdyryjy resminamalar “Kodeks Alimentariusyň” ýa-da “Azyk kodeksiniň” ülňülerine laýyk getirilýär.
ÝUNISEF, BSGG we Ýod ýetmezçiligi bilen baglanyşykly kesellere gözegçilik boýunça halkara geňeşi tarapyndan Türkmenistana duzuň ählumumy ýodlaşdyrylmagynyň gazanylandygy barada halkara güwänamasy berildi hem-de Türkmenistan GDA agza ýurtlaryň we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ilkinji, Ýer ýüzünde dördünji bolup, duzy ýodlaşdyrmagy üpjün edýän ýurt hökmünde ykrar edildi. 2011-nji ýylda ýurdumyz unuň ýokumyny güýçlendirmek boýunça öňdebaryjy döwletleriň biri hökmünde sylaga mynasyp boldy. Ýurdumyzda ýokanç kesellere epidemiologiýa gözegçiligi ulgamy doly ýola goýuldy. Yzygiderli geçirilýän öňüni alyş çäreleriniň netijesinde, Türkmenistana drakunkulýozyň eliminasiýasy barada BSGG-niň güwänamasy gowşuryldy.
Häzirki döwürde öňüni alyş sanjymlaryň milli tertibine laýyklykda, çagalar tölegsiz esasda 11 sany ýokanç kesellere garşy, ýagny: gökbogma, difteriýa, bürmä, “B” gepatite, “b” görnüşli gemofil ýokanjyna, gyzamyga, gyzylja, hapgyrtma, inçekesele, poliomielite we adamyň papilloma wirusyna garşy waksinalary alýarlar. Ýurdumyzda çagalaryň sanjym bilen gurşawy 95 göterimden ýokary derejede saklanýar.
Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny düýpgöter özgertmek maksady bilen milli Liderimiziň hut özüniň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyñ esasy wezipeleriniň biri hem saglygy goraýyş ulgamynyň ilkinji halkasynda edilýän işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, maşgala lukmançylygyny has kämil derejä ýetirmek bolup, häzirki wagtda ilata berilýän saglygy goraýyş hyzmatlary pudak ylmynyň we tehnikanyň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap saglyk öýlerinde doly ýola goýuldy.
“Saglyk” Döwlet maksatnamasynyñ kabul edilen döwründe Aşgabat şäherinde saglyk öýleriniň 9-sy hereket eden bolsa, şu günde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen saglyk öýleriniň sany 16-a ýetdi. 2017-nji ýylda paýtagtymyzda şeýle edaralaryň üçüsi ulanmaga berildi. Şu ýagdaý ýurdumyzyň ähli welaýatlarydyr şäherlerinde, etrapdyr obalarynda döwrebap derejede alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyñ dermanlyk ösümlikleri” we “Çaý – melhem hem ylham” atly kitaplary diňe bir lukmanlaryň ýankitaby bolman, eýsem, halk köpçüligi üçin hem gymmatly ylmy çeşmä, ygtybarly gollanma öwrüldi. Dermanlyk ösümlikleriň adam bedenine täsiri has oňaýlydyr, näsagyň ýagdaýyna, onuň ýaşyna we ugurdaş keselleriň bardygyna baglylykda ösümlikleri seçip almak mümkindir. Himiýa serişdeleriniň we fitoserişdeleriň utgaşdyrylyp, rejeli ulanylmagy näsagyň saglygyny dikeltmekde aýratyn netijelidir.
Häzirki wagtda saglygy goraýyş edaralarynda milli Liderimiziň bu ajaýyp kitaplarynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan çaýlary hödürleýän fitobarlar hereket edýär. “Adam jemgyýetiň we döwletiň esasy gymmatlygydyr” diýen ýörelgeden ugur alýan hormatly Prezidentimiz milli syýasatyň taglymat esasy bolan şypahana-dynç alyş pudagynyň ösdürilmegine, dynç alyş, saglygy goraýyş we syýahatçylyk ulgamynyň netijeli häsiýete eýe bolmagyna möhüm ähmiýet berýär.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň şypahanalary durkunyň düýpli täzelenilmegi hem-de täzeden gurulmagy, iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilmegi netijesinde, öz keşbini özgerdip, ýokary derejeli hyzmatlary ýerine ýetirýärler we dynç almak hem-de saglygy berkitmek üçin aňrybaş amatly şertleri döredýärler. Aşgabatdaky “Berzeňňi”, Ahal welaýatyndaky “Arçman” we “Ýyly suw”, Lebap welaýatyndaky “Farap”, Mary welaýatyndaky “Baýramaly”, Balkan welaýatyndaky “Mollagara”, Daşoguz welaýatyndaky “Daşoguz” şypahanalary raýatlary gije-gündizleýin tertipde kabul edýärler we diňe bir ýurdumyzyň ilatynyň arasynda däl-de, onuň çäklerinden daşarda hem uly meşhurlyga eýedir. Türkmenistanyň şypahanalary Germaniýada, ABŞ-da, Beýik Britaniýada, Slowakiýada we beýleki Ýewropa ýurtlarynda öndürilen täze ýörite enjamlar bilen üpjün edilendir, olar näsagyň ýagdaýyny doly gözden geçirmäge hem-de degişli bejergi çärelerini ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy döredildi, ol diňe bir döwrebap şypahana ulgamy hökmünde däl-de, wekilçilikli duşuşyklaryň, maslahatlaryň, sergileriň, festiwallaryň hem-de halkara derejeli sport çäreleriniň merkezi hökmünde hem meşhurdyr.
Türkmenbaşy şäherinde täze “Awaza” şypahanasy guruldy, bu ýerde amatly ýerli şertler we dermanlyk ösümlikleri peýdalanmak bilen dürli sagaldyş hyzmatlary hödürleniler, olar adam saglygynyň berkidilmegine, bedeniň kesellere durnuklylygynyň ýokarlandyrylmagyna kömek eder.
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda möhüm orun degişli bolup durýar. Lukmançylyk uniwersiteti – munuň özi döwrebap tehnologiýalary we iň gowy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen, netijeli hünär okuwy hem-de ylmy-barlag işleri üçin ähli mümkinçilikler döredilen iri ylym-bilim merkezidir.
Lukmançylyk şäherjiginde diňe bir ýokary derejeli bilim almak üçin däl, eýsem, geljekki hünärmenleriň sazlaşykly ösüşi üçin hem zerur şertler göz öňünde tutuldy. Zerur bolan çeper hem-de ýöriteleşdirilen edebiýatlar bilen üpjün edilen döwrebap elektron kitaphanasy, sport merkezi, ähli amatlyklary özünde jemleýän umumy ýaşaýyş jaýlary talyplaryň hyzmatynda. Bularyň ählisi ýaşlarymyzyň dünýä ölçeglerine kybap bilim almagyna, hünär öwrenmegine, köpçülikleýin sport we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmagyna, göwnejaý dynç almagyna ýardam berýär.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny gorap saklamagyň täze keşbiniň kemala getirilmegine gönükdirilen usullarynyň toplumyny işläp taýýarlamak we giň möçberli çäreleri geçirmek boýunça wezipeleri öňde goýdy, ol ekologiýa taýdan amatly durmuş giňişligini döretmek, dogry iýmitlenmegiň esaslaryny ýola goýmak, bedenterbiýe bilen meşgullanmak hem-de boş wagty işjeň, peýdaly geçirmek çärelerini öz içine alýar.
Milli saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine, Watanymyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak hem-de saglygyny berkitmek maksady bilen bu ulgama maýa serişdelerini goýmaga hem-de innowasiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiz halkymyzyň saglygynyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň esasy hereketlendiriji güýçleriniň biri bolup durýandygyny nygtaýar.
“Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän şu ýylda guralýan ähli medeni-köpçülikleýin we sport çäreleri sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge ýardam edýär. Lukmanlaryň bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek boýunça amala aşyrýan işleri türkmenistanlylary yzygiderli guralýan welosipedli ýörişlere, köpçülikleýin ylgaw ýaryşlaryna, Saglyk ýolundan geçmek ýaly çärelere çekmäge hem gönükdirilendir.