Şu gün­ki gün­de alym­la­ryň kö­pü­si ne­bi­tiň bio­gen ge­lip çy­ky­şy ba­ra­da gür­rüň goz­ga­lan­da, onuň mil­li­on­lar­ça ýyl mun­dan ozal­ky jan­dar­la­ryň we ösüm­lik­le­riň çüý­rünt­gi­le­rin­den eme­le ge­len­di­gi­ni öňe sür­ýär­ler. Ola­ryň çak­la­ma­la­ry­na gö­rä, iň ga­dy­my ne­bit ýa­ta­gy 600 mil­li­on ýyl mun­dan ozal eme­le ge­lip­dir. Şol za­ma­n­larda Ýe­riň köp bö­le­gi­ni suw gur­şap alyp­dyr. Di­ri or­ga­nizm­ler ölen­den soň deň­ziň, aý­lag­la­ryň düý­bü­ne çö­küp, üs­ti laý­dyr gyr­man­ça­lar bi­len ör­tü­lip­dir. Bu çö­kün­di­ler kem-kem­den dy­kyz­la­nyp, has aşak çö­küp­dir­. Şu­nuň bi­len bir­lik­de bu çö­kün­di­le­riň ba­sy­şy we ýy­ly­lyk de­re­je­si hem ar­typ, or­ga­ni­ki mad­da­la­ryň anae­rob bak­te­ri­ýa­la­ry­nyň tä­si­ri ne­ti­je­sin­de, ug­le­wo­do­rod­la­ryň eme­le ge­len­di­gi çak­la­nyl­ýar. Ýö­ne hä­zir­lik­çe alym­lar or­ga­ni­ki çö­kün­di­ler­de haý­sy pro­ses­ler ar­ka­ly ne­bi­tiň eme­le ge­len­di­gi­ni do­ly anyk­lap bi­le­nok­lar. Güýç­li ba­sy­şyň ne­ti­je­sin­de, olar dür­li gat­lak­lar­dan sy­zyp, ýe­riň jüm­mü­şi­ne ara­la­şyp­dyr­lar. Ne­bit ahy­ry hiç zat syz­dyr­ma­ýan has ga­ty gat­la­ga ba­ryp di­räp, geo­lo­gik “du­za­ga” düş­ýär. Ne­bi­tiň eme­le ge­liş pro­se­si do­wam ed­ýär­kä Ýe­riň gur­lu­şyn­da hem bir­to­par öz­ge­riş­lik­ler bo­lup geç­ýär. Bu öz­ge­riş­ler bol­sa, dür­li gör­nüş­li ne­bit ýa­tak­la­ry­ny eme­le ge­tir­ýär.
Ýer to­ga­la­gy­nyň dür­li kün­jek­le­rin­den ga­zy­lyp al­nan ne­bi­tiň dü­zü­mi bir-bi­rin­den düýp­li ta­pa­wut ed­ýär. Mu­nuň özi bol­sa, şol ýer­de ösen ösüm­lik­le­riň we ýa­şan jan­dar­la­ryň ta­pa­wut­ly­dy­gy bi­len dü­şün­di­ril­ýär. Dün­ýä­de ne­bit gor­la­ry ýüz­ler­çe mil­liard ton­na ba­ra­bar bo­lup, hem­me ýer­de – gu­ry ýer­de we de­ňiz­ler­de ýü­ze çy­ka­ryl­ýar. Ýe­riň üst­ki gat­la­gyn­da­ky ne­bit bir­ma­hal­lar ula­ny­lyp gu­ta­ryl­dy. Hä­zirki wagtda ne­bi­t 2-4 ki­lo­metr­den gow­rak çuňlukdan çy­ka­ryl­ýar. Ne­bi­ti has çuň­luk­lar­dan hem çy­kar­mak müm­kin, ýö­ne ol köp­lenç yk­dy­sa­dy taý­dan bäh­bit­siz bol­ýar.
Ne­bi­tiň bar ýe­rin­de gaz hem bol­ýar. Ol hem has ýo­ka­ry ba­syş as­tyn­da ga­dy­my ösüm­lik­le­riň we jan­dar­la­ryň çüý­rünt­gi­le­rin­den ýe­riň jüm­mü­şin­de eme­le gel­ýär­ler. Bu or­ga­nizm­le­riň çö­kün­di­le­ri ug­le­rod­dan we wo­do­rod­dan yba­rat­dyr. Uly mo­le­ku­la­ly ug­le­wo­do­rod­lar­dan ne­bit, ki­çi mo­le­ku­la­ly ug­le­wo­do­rod­lar­dan bol­sa, gaz eme­le gel­ýär. Te­bi­gy gaz dür­li gaz­la­ryň ga­ry­şma­gyn­dan yba­rat­dyr. Te­bi­gy ga­zyň 98 gö­te­ri­mi me­tan­dan, ga­lan­la­ry bol­sa baş­ga-baş­ga ele­ment­ler­den yba­rat­. Te­bi­gy gaz 1 ki­lo­metr­den bir­nä­çe ki­lo­metr çuň­luk­da ýer­leş­ýär. Gaz ýe­riň jüm­mü­şin­dä­ki dür­li öý­jük­ler­de ýer­le­şip, olar no­wa­lar ar­ka­ly bir-bi­ri­ne bag­la­nyş­ýar­lar. Ne­ti­je­de, bu ýe­ras­ty baý­lyk­lar ýe­riň jüm­mü­şin­den bu­raw gu­ýu­la­ry ar­ka­ly ýe­riň ýü­zü­ne çy­ka­ryl­ýar. Olar ýe­riň gat­lak­la­ryn­da ýo­ka­ry ba­syşda du­ran­dy­gy se­bäp­li bu­raw gu­ýu­la­ry ar­ka­ly ýe­riň ýü­zü­ne aty­lyp çyk­ýar­lar.

Gül­şat Ora­zo­wa,
Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş
uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.