Iri şä­her­ler­dä­ki ýol dyk­ny­şyk­la­ry onuň öňü­ni al­mak üçin tä­ze çöz­güt­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne iter­gi ber­ýär. Bu me­se­lä­niň öňü­ni al­mak üçin bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri uç­ýan aw­tou­lag­lar iş­le­nip dü­zül­ýär. Hä­zi­re çen­li şeý­le ulag­la­ryň bir­nä­çe­si sy­nag­dan ge­çi­ril­di. “Uber”, “Air­bus”, “Volvo”, “Toyo­ta” we beý­le­ki bir­nä­çe kom­pa­ni­ýa bu ugur­da­ky tas­la­ma­la­ry taý­ýar­la­ýar ýa-da ola­ra gol­daw ber­ýär. Uçar he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri­ni we kuw­wat­ly aw­tou­lag­la­ry ön­dür­ýän “Rolls Royce” kom­pa­ni­ýa­sy hem lýuks gör­nüş­li uç­ýan tak­si tas­la­ma­sy­nyň üs­tün­de iş­le­ýär. Ka­şaň aw­tou­lag­la­ry ön­dür­mek­de meş­hur­lyk ga­za­nan brend bu ugur­da iş­le­ýän­di­gi­ni mä­lim et­di. 3D prin­ter­ler ar­ka­ly me­ýil­na­ma­sy taý­ýar­la­nan ulag­la­ryň 90 de­re­je aý­la­nyp bil­ýän ga­nat­la­ry­nyň bol­jak­dy­gy we 5 ýo­lag­ça ni­ýet­le­nen­di­gi mä­lim edil­di. Tak­si­le­riň tur­bi­na­la­ry­nyň iş­le­me­gi üçin 500 ki­lo­wat­lyk kuw­wat ge­rek bo­lar. Sa­gat­da­ky tiz­li­gi 405 ki­lo­met­re ýet­jek ulag­lar ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa bi­len üp­jün edi­ler. Köp ilat­ly şä­her­ler­de ýol he­re­ke­tin­dä­ki dyk­ny­şy­gy azalt­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýan tak­si­le­riň 2020-nji ýyl­da do­ly taý­ýar edil­jek­di­gi aý­dyl­ýar. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, şeý­le tas­la­ma­la­ry taý­ýar­la­ýan, baş­ga-da bir­nä­çe kom­pa­ni­ýa­ bar.
Ka­na­da­nyň “Ope­ner” şe­re­ke­ti bol­sa, “BlackFly” at­ly uç­ýan aw­tou­la­gy­ny ta­nyş­dyr­dy. Bäs­deş­le­rin­den yz­da gal­mak is­le­me­ýän kom­pa­ni­ýa­nyň ula­gy bir orun­lyk bo­lup, onuň sa­gat­da­ky tiz­li­gi 100 ki­lo­met­re ýet­ýär. Do­lan­dyr­ma­gy örän ýö­ne­keý bo­lan elekt­rou­lag bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len ba­ry-ýo­gy 40 km ýol ge­çip bil­ýär. Ony sür­mek üçin uçar­man şa­ha­dat­na­ma­sy hök­man däl. Suw­da hem uçup-go­nup bil­ýän ulag gu­ry ýer­de ot­la­ryň üs­tün­den hem ho­wa gö­te­ri­lip bil­ýär. 30 mi­nut­da zar­ýad­lan­dy­ryp bol­ýan ula­gyň ba­ha­sy­nyň or­ta­ça, sport ulag­la­ry­nyň­ky bi­len deň­räk bol­jak­dy­gy aý­dy­lýar. “Go­og­le”-yň esas­lan­dy­ry­jy­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Lar­ri Peýç “Ope­ner” şe­re­ke­ti­niň tas­la­ma­la­ry­na gol­daw ber­ýär.