Dün­ýä­niň köp ýur­dun­da su­wuň aşa­gyn­da ga­lan mag­dan kän­le­ri bar. Olar­dan wag­tyn­da mag­dan çy­ka­ry­lan hem bol­sa, hä­zir­ki wagt­da peý­da­la­nyl­ma­ýan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, um­ma­syz baý­lyga eýe. Em­ma ola­ryň haý­syn­da nä­çe­räk mag­dan bar­dy­gy­ny anyk­la­mak aň­sat däl. Ýew­ro­pa­ly hü­när­men­ler haý­sy kän­de nä­çe­räk mag­da­nyň bar­dy­gy­ny anyk­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän su­was­ty ro­bo­ty iş­läp düz­dü­ler. UNEXMIN yl­my tas­la­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de iş­le­nip dü­zü­len ro­bot ba­ry-ýo­gy 60 san­ti­met­re ba­ra­bar. Şol se­bäp­li dar ýer­le­re hem gi­rip bil­ýän en­jam su­wuň 500 met­re çen­li çuň­lu­gy­na çü­müp bil­ýär. Şe­kil­le­ri ýaz­ga al­mak üçin 4 ka­me­ra, pH (wo­do­rod gör­ke­zi­ji) sen­so­ry, la­zer we led çy­ra ul­ga­my we gid­ro­lo­ka­si­ýa ýa­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry bo­lan ro­bot su­wuň aşa­gy­nyň kar­ta­sy­ny taý­ýar­la­ýar.
Su­was­ty mag­dan­la­ryň kö­pü­si bir­nä­çe ýyl peý­da­la­ny­lan­dan soň­ra ol ýer­dä­ki mag­da­nyň gu­ta­ran­dy­gy üçin däl-de, yk­dy­sa­dy taý­dan peý­da­ly bol­man­dy­gy üçin ýa­py­lyp­dyr. Hä­zir­ki wagt­da ösen teh­no­lo­gi­ýa ar­ka­ly ola­ry gaý­ta­dan di­kel­dip, peý­da­lan­mak üçin dür­li tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şol kän­ler­de yl­my bar­lag­la­ry guw­was­lar bi­len ge­çir­mek örän köp wagt ta­lap ed­ýär. Şol se­bäp­li öz­baş­dak he­re­ket edip bil­ýän en­jam­lar­dan peý­da­lan­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.