«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda giňden bellenen Türkmen bedewiniň milli baýramynyň çäklerinde ahalteke atlaryna hormat-sarpanyň belent nusgasy hökmünde Aşgabat atçylyk sport toplumynda meşhur Pyýada atly ahalteke bedewiniň ajaýyp heýkeli açyldy. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde keremli türkmen topragynda ady rowaýata öwrülen behişdi bedewlerimiziň, meşhur seýislerimiziň atlary ebedileşdirilýär. Täze taryhy eýýamymyzda şöhratly bedewler bolan Ýanardagyň, Polatlynyň, Akhanyň hormatyna bina edilen heýkeller munuň aýdyň mysalydyr. Pyýada diýen mele bedew arassa ganly ahalteke atlarynyň iň naýbaşylarynyň biridir. Ol owadanlygy, kämil syn-sypaty, ýyndamlygy bilen uly meşhurlyga eýe bolupdy.
Ýurdumyzda bedewleri ösdürip ýetişdirmek, olary seýislemek bilen meşgullanýan, milli gymmatlyk hökmünde nesilden-nesle geçirilip gelinýän atlaryň nesil ugruny mynasyp dowam etdirýän ussat atşynaslar, seýisler sarpalanylýar. Köpetdagyň eteginde binýat bolan Arkadag şäherinde Aba Annaýew
adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
2026-njy ýylyň awgust-sentýabr aýlarynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly
35 ýyllygy mynasybetli Arkadag we Aşgabat şäherleriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň hersinden 5 atlynyň gatnaşmagynda jemi 35 baş bedewden ybarat bolan «Amul – Hazar» atly ýörişini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu şanly senä gabatlanyp, paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky atçylyk sport toplumlarynda baýramçylyk at çapyşyklary geçiriler. Şeýle hem ýurdumyzyň gözel künjeklerine atly syýahatlar guralar. Bu wakalar türkmen bedewiniň sarpasynyň belentdiginden nyşandyr.
Saparmyrat MUKYMOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.
PDF







