8-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Balkan welaýatyndaky medeniýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň medeniýet ojaklarynda bu ugurda degişli işler alnyp barylýar. Balkan welaýaty taryhy-medeni ýadygärliklere baý bolup, onuň çäginde “Gadymy Dehistan” döwlet taryhy-medeni goraghanasy ýerleşýär. Sebitiň çägindäki ýadygärlikleriň 258-si döwlet tarapyndan hasaba alnyp, olar ylmy taýdan giňden öwrenilýär. Ýüze çykarylýan arheologik tapyndylar muzeýlerde sergilenip, halk köpçüligine ýetirilýär. Balkanabat şäherindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynda dürli medeni çäreler geçirilip, ilata medeni taýdan hyzmat edilýär. Welaýatyň zehinli ýaşlary, bagşy-sazandalary ýurdumyzda geçirilýän döredijilik bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşyp, ýokary ussatlyklaryny görkezýärler. Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda nobatdaky Medeniýet hepdeligini Balkan welaýatynda geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Halkara medeni hyzmatdaşlygyň çäklerinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda köp sanly halkara medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmegi hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bu sebitiň dünýä derejeli iri çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülendigini görkezýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Balkan welaýatyndaky döwrebap medeniýet merkezleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň we teatrlaryň işini talabalaýyk guramak boýunça işleri dowam etdirmegiň, şu ýyl welaýatda geçiriljek Medeniýet hepdeligine gowy taýýarlyk görmegiň hem-de ony ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere welaýatyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikleri aýawly saklamak we giňden öwrenmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.