Gazagystanda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň döwlet saparyna taýýarlyk görülýär. Sapar maý aýynyň ahyryna meýilleşdirilýär diýip, Respublikanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew habar berdi.
«Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, siziň maýyň aýagyndaky döwlet saparyňyza taýýarlyk görýäris. Siz bilýänsiňiz, soňky 20 ýylda diňe senagat kooperasiýasy pudagynda bilelikdäki 177 taslama işlenip düzüldi we 122 taslama soňky bäş ýylda üstünlikli amala aşyryldy» diýip, Tokaýew Putin bilen Moskwada duşuşanda belledi.
Ol şeýle hem Russiýanyň gazak ykdysadyýetiniň iň esasy maýadarydygyny nygtady. «Özara söwda üstünlikli ösýär. Şu ýylyň jemleri boýunça, çaklamalara laýyklykda, biz 30 milliard dollarlyk sepgide ynamly ýetip bileris» diýip, gazak Lideri sözüniň üstüni ýetirdi.
Kasym-Žomart Tokaýew Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygynyň dabaralaryna gatnaşmak üçin Moskwa bardy diýip, TASS ýazýar.