Eger-de tokaý jandarlarynyň arasynda gözellik bäsleşigi geçirilse, gaplaň bu bäsleşigiň ýeňijisi bolardy. Ýyrtyjy jandardygyna garamazdan, gara zolakly (çyzyk) äpet sargylt-goňur pişikler milli seýilgählere we haýwanat baglaryna barýan syýahatçylaryň iň eý görýän jandarlarynyň biri hasaplanýar.
Soňky ýyllarda syýahatçylykda janly-jandarlar bilen ýakyndan selfi düşmek ýörgünli däbe öwrüldi. Ýabany jandarlara has golaý barmak onuň eldekileşdirilendigine garamazdan, howply hasaplanýar. Şol sebäpli Kosta-Rika, Hindistan, Indoneziýa, Birleşen Arap Emirlikleri, ABŞ, Keniýa ýaly ýurtlarda ýabany jandarlar bilen ýakyndan surata düşmeklige gadaganlyk girizildi.
Hindistanda 2025-nji ýylyň noýabr aýynda bengal gaplaňlary bilen selfi we surata düşmek gadagan edildi. Gaplaňlaryň saklanýan goraghanalaryna we milli seýilgählere barýan syýahatçylar mobil telefonly ýa-da fotoapparatly içeri girip bilmeýärler. Munuň esasy sebäbi bolsa, safarilere ulagly gezelenç edilende mobil enjamlaryň ýabany jandarlarda rahatsyzlyk döredip, gaçmaga mejbur bolýandygy we adam saglygyna howp salyp bilýändigi bilen düşündirilýär. Şeýle hem bengal gaplaňlary we ýolbarslar bir gyra dykylyp, howsalaly ýagdaýa düşýär. Muňa Hindistanda «safari dykylmasy» diýilýär.
Dünýädäki ýabany gaplaňlaryň, takmynan, 70 göteriminiň, 3 müň 600-den gowrak bengal gaplaňynyň ýaşaýan ýeri bolan Hindistanda täze düzgünleriň girizilmegi ýabany tebigaty goramak boýunça netijeli çözgüt diýlip kabul edildi. Hindistanda ýabany tebigaty goramak boýunça çäreler 2010-2022-nji ýyllar aralygynda iki esse artdyryldy. Şeýlelikde, safarilerde we milli seýilgählerde döräp biljek birnäçe hadysalaryň öňi alyndy.
«Nature Safari India»-nyň baş direktory Şarad Kumar Wats: «Jübi telefonlary safari gezelenjine ähli babatda öz täsirini ýetirýär. Biz ýabany jandarlar bilen belli aralygy saklamalydyrys. Sosial media ýazgylarynda ýabany jandarlar barada maglumatlaryň ýaýradylmagy bengal gaplaňlarynyň eldegrilmesizligine howp salýar» diýip belleýär.
Häzirki wagtda dünýäde
4 müň 500 töweregi gaplaňyň bardygy çaklanylýar. Ýyl-ýyldan sany azalýan bu ýyrtyjylar Günorta-Gündogar Aziýada, Hytaýda, Hindistanda, Sumatra adasynda we Russiýanyň käbir sebitinde ýaşaýarlar. Gaplaňyň uzynlygy 3 metre, boýy 1,5 metre we agramy 200-350 kilograma çenli ýetýär. Gaplaňlar iki topara – kontinental we Sunda gaplaňlaryna bölünýär. Gaplaňlaryň jemi 9 görnüşi (Bengal, Amur, Hindihytaý, Malaýziýa, Sumatra, Günorta Hytaý gaplaňy) bolup, olaryň 3 görnüşi (Bali, Ýawa we Hazar gaplaňy) ýitip giden jandar hasaplanýar.
PDF









