Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyny halkara derejede iş ýüzünde amala aşyrmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna we Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen halkara forumda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky başlangyjy öňe sürdi. Bu teklip forumyň netijeleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasynda öz beýanyny tapdy we halkara derejede giň goldawa eýe boldy. Bu Jarnama Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde ýaýradyldy.
Parahatçylyk we bitaraplyk boýunça ýokary diplomatik okuw mekdebini döretmek baradaky örän ähmiýetli bu başlangyjy ilki milli derejede amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan degişli teklipler taýýarlanyldy. Hususan-da, ilkinji ädim hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasyny döretmek hem-de bu kafedrada 2026-2027-nji okuw ýylyndan başlap magistrleri okatmak teklip edilýär.
Täze dörediljek kafedra tarapyndan Halkara gatnaşyklary instituty bilen BMG-niň Kosta-Rikadaky Parahatçylyk uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamany baglaşmak meselesini öwrenmek teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Bu barada 8-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabat berdi we degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
PDF









