Ben­gal gap­laň­la­ry bi­len sel­fi düş­mek ga­da­gan edil­di

22

Eger-de to­kaý jan­dar­la­ry­nyň ara­syn­da gö­zel­lik bäs­le­şi­gi ge­çi­ril­se, gap­laň bu bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­si bo­lar­dy. Ýyr­ty­jy jan­dar­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, ga­ra zo­lak­ly (çy­zyk) äpet sargylt-go­ňur pi­şik­ler mil­li se­ýil­gäh­le­re we haý­wa­nat bag­la­ry­na bar­ýan sy­ýa­hat­çy­la­ryň iň eý gör­ýän jan­dar­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýar.
Soň­ky ýyl­lar­da sy­ýa­hat­çy­lyk­da jan­ly-jan­dar­lar bi­len ýa­kyn­dan sel­fi düş­mek ýör­gün­li dä­be öw­rül­di. Ýa­ba­ny jan­dar­la­ra has go­laý bar­mak onuň el­de­ki­leş­di­ri­len­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, howply hasaplanýar. Şol se­bäp­li Kos­ta-Ri­ka, Hin­dis­tan, In­do­ne­zi­ýa, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri, ABŞ, Ke­ni­ýa ýa­ly ýurt­lar­da ýa­ba­ny jan­dar­lar bi­len ýa­kyn­dan su­ra­ta düş­mek­li­ge ga­da­gan­lyk gi­ri­zil­di.
Hin­dis­tan­da 2025-nji ýy­lyň no­ýabr aýyn­da ben­gal gap­laň­la­ry bi­len sel­fi we su­ra­ta düş­mek ga­da­gan edil­di. Gap­laň­la­ryň sak­lan­ýan go­rag­ha­na­la­ry­na we mil­li se­ýil­gäh­le­re bar­ýan sy­ýa­hat­çy­lar mo­bil te­le­fon­ly ýa-da fo­to­ap­pa­rat­ly içe­ri gi­rip bil­me­ýär­ler. Mu­nuň esa­sy se­bä­bi bol­sa, sa­fa­ri­le­re ulag­ly ge­ze­lenç edi­len­de mo­bil en­jam­la­ryň ýa­ba­ny jan­dar­lar­da ra­hat­syz­lyk dö­re­dip, gaç­ma­ga mej­bur bol­ýan­dy­gy we adam sag­ly­gy­na howp sa­lyp bil­ýän­di­gi bi­len dü­şün­di­ril­ýär. Şeý­le hem ben­gal gap­laň­la­ry we ýol­bars­lar bir gy­ra dy­ky­lyp, howsalaly ýag­da­ýa düş­ýär. Mu­ňa Hin­dis­tan­da «sa­fa­ri dy­kyl­ma­sy» di­ýil­ýär.
Dün­ýä­dä­ki ýa­ba­ny gap­laň­la­ryň, tak­my­nan, 70 gö­te­ri­mi­niň, 3 müň 600-den gow­rak ben­gal gap­la­ňy­nyň ýa­şa­ýan ýe­ri bo­lan Hin­dis­tan­da tä­ze düz­gün­le­riň gi­ri­zil­me­gi ýa­ba­ny te­bi­ga­ty go­ra­mak bo­ýun­ça ne­ti­je­li çöz­güt diý­lip ka­bul edil­di. Hin­dis­tan­da ýa­ba­ny te­bi­ga­ty go­ra­mak bo­ýun­ça çä­re­ler 2010-2022-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da iki es­se art­dy­ryl­dy. Şeý­le­lik­de, sa­fa­ri­ler­de we mil­li se­ýil­gäh­ler­de dö­räp bil­jek bir­nä­çe ha­dy­sa­la­ryň öňi alyn­dy.
«Na­tu­re Sa­fa­ri In­dia»-nyň baş di­rek­to­ry Şa­rad Ku­mar Wats: «Jü­bi te­le­fon­la­ry sa­fa­ri ge­ze­len­ji­ne äh­li ba­bat­da öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Biz ýa­ba­ny jan­dar­lar bi­len bel­li ara­ly­gy sak­la­ma­ly­dy­rys. So­si­al me­dia ýaz­gy­la­ryn­da ýa­ba­ny jan­dar­lar ba­ra­da mag­lu­mat­la­ryň ýaý­ra­dyl­ma­gy ben­gal gap­laň­la­ry­nyň el­de­g­ril­me­siz­li­gi­ne howp sal­ýar» di­ýip bel­le­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de
4 müň 500 tö­we­re­gi gap­la­ňyň bar­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Ýyl-ýyl­dan sa­ny azal­ýan bu ýyr­ty­jy­lar Gü­nor­ta-Gündogar Azi­ýa­da, Hy­taý­da, Hin­dis­tan­da, Su­mat­ra ada­syn­da we Rus­si­ýa­nyň kä­bir se­bi­tin­de ýa­şa­ýar­lar. Gap­la­ňyň uzyn­ly­gy 3 met­re, bo­ýy 1,5 met­re we ag­ra­my 200-350 ki­log­ra­ma çen­li ýet­ýär. Gap­laň­lar iki to­pa­ra – kon­ti­nen­tal we Sun­da gap­laň­la­ry­na bö­lün­ýär. Gap­laň­la­ryň je­mi 9 gör­nü­şi (Ben­gal, Amur, Hindi­hy­taý, Ma­laý­zi­ýa, Su­mat­ra, Gü­nor­ta Hy­taý gap­la­ňy) bo­lup, ola­ryň 3 gör­nü­şi (Ba­li, Ýa­wa we Ha­zar gap­la­ňy) ýi­tip gi­den jan­dar ha­sap­lan­ýar.