Aziýa futbol konfederasiýasynyň 3-nji derejeli ýaryşy bolan AFK Çagyryş Kubogynda möwsümiň çempiony belli boldy. Final duşuşygy Kuweýtiň paýtagty El-Kuweýtde geçirildi. Omandan Kasim Al-Hatminiň eminlik eden oýnunda Kuweýtiň “Al-Kuweýt” topary bilen Kambojanyň “Prieh Han Riç Swaý Rieng” topary duşuşdy. 7 goluň geçirilen duşuşygynda ýeňiji goşmaça wagtda belli boldy.
Kambojanyň wekili T. Alwesiň 3-nji, Fujiiniň 9-njy minutda geçiren gollary esasynda 2-0 öňe saýlandy. Ýöne ýer eýeleri, has takygy, arap kluby 2-nji ýarymyň başynda Barrahmanyň (48) hem-de Marhunyň (56) gollary bilen hasaby deňledi.
Oýnuň esasy wagty 2-2 deňlikde tamamlandy. Goşmaça 30 minutda-da ilkinji bolup, gol geçiren tarap Uzak Gündogar Aziýadaky klubuň oýunçylary boldy. Rokeniň 96-njy minutda goluna “Al-Kuweýt” topary 99-njy minutda Amuriniň goly esasynda jogap berdi. 110-njy minutda bolsa Nasser arap toparyna ýeňiş getiren goly öz adyna ýazdyrdy. Şunlukda, goşmaça wagtda 4-3 hasabynda ýeňiş gazanan “Al-Kuweýt” topary bu kubogyny ilkinji gezek eýelemegi başardy.
Ilkinji gezek 2005-nji ýylda AFK-nyň Prezidentiniň Kubogy ady bilen geçirilip başlanan bu ýaryş 2014-nji ýylda ýatyryldy. 2024-nji ýylda täzeden dikeldilen bäsleşikde geçen möwsümde “Arkadag” topary çempionlyk gazanypdy. Ýurdumyzyň çempiony “Arkadag” topary Kambojada oýnalan finalda “PKR Swaý Rieng” topary bilen duşuşypdy we goşmaça wagtda 2-1 hasabynda üstün çykypdy.
Başgaça aýdylanda, “PKR Swaý Rieng” topary bassyr 2-nji gezek finalda ýeňlişe sezewar boldy.
PDF









