Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynda milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişiniň barşy bilen tanyşmak üçin ýurdumyzyň günbatar sebitine iş saparyny amala aşyrýar.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menziline barýan ýolda milli Liderimiz Aşgabatda alnyp barylýan şähergurluşyk işleriniň ýagdaýyny synlady we Atamyrat Nyýazow hem-de Hoja Ahmet Ýasawy köçeleriniň çatrygynda saklandy. Şol ýerde döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, kaşaň “Garagum” myhmanhanasy gurlar.
Bu ýerde Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew milli Liderimiziň ozal beren maslahatlaryna we tabşyryklaryna laýyklykda, döwlet Baştutanymyza şol taslamany amala aşyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrmak, onuň landşaftyna düýpli özgertmeleri girizmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz uzynlygy howa menziline baryp ýetýän seýilgäh zolagyny döretmek baradaky pikiri aýtdy. Ol diňe bir şäheriň bezegine öwrülmän, eýsem, şol ýerdäki jaýlarda ýaşaýan adamlaryň dynç almagy üçin amatly ýere öwrüler. Her bir etrapda, ýaşaýyş toplumynda şeýle seýilgäh ýa-da seýilbag bolmalydyr. Raýatlarymyz ýaşaýan ýerlerinden daşa gitmän, şolarda çagalary bilen gezelenç edip bilerler, suw çüwdürimleriniň golaýynda dynç alarlar, irki bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirip bilerler.
Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň şu bölegini ösdürmek meselelerine geçmek bilen, bu ýerdäki 21-nji orta mekdebiň köne binada ýerleşýändigini aýtdy we häkime bu bilim ojagy üçin täze, häzirki wagtda halkara derejesine çykýan, Türkmenistanyň bilim ulgamynyň talaplaryna doly laýyk gelýän täze binalaryň gurulmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz häkime Bilim ministrligi bilen bilelikde bu mekdebiň täze, döwrebap we has giň binasynyň ýerleşjek ýerini kesgitlemegi, bilim ojagyna çagalaryň barmagy has amatly bolar ýaly çäreleri görmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz bilim babatdaky hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini giňeltmek, okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmek meselesine degip geçip, dürli ugurlara ýöriteleşdirilen täze mekdepleri gurmagyň zerurdygyny aýtdy. Şu mekdebi we beýleki käbir bilim ojaklaryny dil öwrenmek ugruna gönükdirmek maksada laýyk bolar. Ýurdumyzda mekdep ýaşyna çenli we mekdep bilim ulgamynda üç dili öwrenmek üstünlikli ösdürilýär. Döwlet dili hökmünde türkmen dili, ählumumy ykdysadyýete üstünlikli goşulyşmagyň dili hökmünde iňlis dili, milletara gatnaşyklaryň dili hökmünde rus dili öwrenilýär. Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriniň hem-de orta mekdepleriň maksatnamasyna ýapon we koreý dilleri hem girizildi. Indi bu sanawy giňeltmek zerur bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Başgaça aýdylanda, umumybilim derslerinden başga-da, täze ýöriteleşdirilen mekdepleriň okuw maksatnamasyna daşary ýurt dilleriniň birnäçesini, ilkinji nobatda bolsa, dünýä dillerini girizmek möhümdir. Şolaryň hatarynda, BMG-niň resmi iş dilleri bolan arap, ispan, hytaý, fransuz hem-de ýokarda agzalyp geçilen iňlis we rus dilleri bar. Şol sanawa Aziýada giňden ýaýran ýa-da dünýäniň ösüşine goşant goşmak babatda möhüm orun eýeleýän dilleri goşmak bolar.
Dünýä dilleri giňden öwredilýän mekdeplerden başga-da, tehnologik ugurly orta mekdepleri hem-de ýörite synplary döretmek möhümdir. Şolarda inžener-tehniki işe, konstruktorçylyk pikirine isleg bildirýän zehinli çagalar okarlar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Häzirki döwürde matematika ugurly mekdepler hem örän wajypdyr. Şolarda häzirki döwürde zerur bolan sanly ykdysadyýet hünärleri boýunça düýpli bilim berler.
Aýry-aýry mekdepler üçin himiýa-biologiýa ugurly, tebigy ylymlary öz içine alýan dersleri işläp taýýarlamak möhüm bolup durýar. Onda ösüp gelýän nesliň daşymyzy gurşap alan dünýäniň kanunlaryna has çuňňur düşünmek üçin tebigaty goraýyş, ekologiýa hünärlerine aýratyn üns berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Umuman, paýtagtymyzyň ilatynyň sanynyň çalt köpelýändigini nazara almak bilen, ýakyn wagtda çagalar baglarynyň we mekdepleriň zerur bolan möçberini gurmak barada pikirlenmek zerurdyr. Şunda ol ýa-da beýleki ulgamlar boýunça işgärleriň bilimleriniň hem-de iş kämilliginiň zerurlygy bilen baglylykda olaryň ýörite ugurlaryny kesgitlemek wajypdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
600-700 orunlyk mekdepler iň täze halkara ülňülerine laýyklykda enjamlaşdyrylmalydyr, çünki multimediýa okuw tehnikasy çalt ösýär, şunuň bilen birlikde, san tehnologiýalaryny ulanmak arkaly okatmagyň usullary yzygiderli täzelenilýär. Şoňa görä-de, täze eýýamyň çagalarynyň ruhuna we ösüşine laýyk gelýän mekdeplere gatnamagy üçin bize geljege nazar aýlamak hem-de wagtdan ozduryp işlemek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, umumy bilim edaralarynyň täze nusgasy — dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýokary derejeli mekdepler zerur bolup durýar. Olar döwrüň talabyna laýyk gelýän taýýarlygyň derejesini üpjün eder we goşmaça bilim hyzmatlarynyň giň görnüşlerini hödürlär. Mekdepleriň ählisi iň döwrebap enjamlar, barlaghanalar, elektron kitaphanalary, döredijilik ussahanalary, sport zallary, alysdan gatnap okaýan çagalar üçin niýetlenen umumyýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmelidir.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän mekdeplerde iň kämil enjamly lingafon otaglarynyň, öwrenilýän dillerde neşir edilen çeper we ylmy-köpçülikleýin edebiýata degişli kitaplaryň, daşary ýurtlaryň gazetleriniň we žurnallarynyň bolmalydygyny aýtdy. Okuwçylarda maglumatlary gözlemek hem-de maglumat çeşmeleri bilen işlemegiň endiklerini kemala getirmek babatda garaýyşlaryny ösdürmekde hut mekdep kitaphanalaryna möhüm orun degişlidir. Şoňa görä-de, mugallymlaryň we okuwçylaryň alyp biljek bilimleriniň hem-de tejribe endikleriniň görnüşlerini giňeltmek mekdeplerde we başlangyç hünär bilim edaralarynda döwrebap kitaphana hyzmatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmalydyr.
Hormatly Prezidentimiz bitewi sanly kitaphanany döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Şol kitaphana ähli mekdepler birikdirilmelidir, ony bütindünýä mekdep kitaphanalary ulgamyna birikdirmek mümkinçiligine garalmalydyr. Şeýle hem uly ders olimpiýadalaryny – mekdebara hem-de umumy milli olimpiýadalary, okuwçylar maslahatlaryny hem-de forumlaryny, bäsleşikleri geçirmek zerurdyr. Şolarda çagalar özleriniň işläp taýýarlamalaryny, pikirlerini, ylym we döredijilik babatda gazananlaryny paýlaşyp bilerler.
Şeýle hem ynsanperwer ugurly mekdepleri açmak wajypdyr, çünki medeniýet, ruhyýet, milli miras bilen baglanyşykly meseleler hemişe üns merkezinde bolar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häzir hereket edýän iri medeniýet ojaklaryndan başga-da, kiçi medeni-aň-paýhas, dynç alyş edaralar ulgamyny ösdürmegiň möhümdigini aýtdy. Bu çäreleriň ählisi bar bolan hem-de çaklanylýan islegleri nazara almak bilen, sazlaşykly durmuş ulgamyny döretmäge ýardam eder diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Milli Liderimiziň pikirine görä, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak üçin uly mümkinçilikler bar. Şol mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak bolsa bilim ulgamyndaky wezipeleri çözmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Milli Liderimiz ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň Aşgabatda durmuşa geçirilýän giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň ileri tutulýan ugrudygyny nygtap, şäher häkimine bu babatda anyk görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde amala aşyrylýan işleriň hil, bezeg we ekologiýa babatda häzirki döwrüň talaplaryna hem-de ülňülerine laýyk gelmeginiň esasy görkezijiler bolmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz türkmen paýtagtyny dünýäniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin has amatly şäherleriniň birine öwürmäge gönükdirilen toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň wajypdygyny ýene-de bir gezek belläp, Aşgabat şäheriniň häkimine anyk tabşyryklary berdi hem-de howa menziline tarap ýoluny dowam etdi. Milli Liderimiz şol ýerden Balkan welaýatyna ugrady.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gelenden soň, özüniň Hazaryň kenaryndaky kabulhanasyna tarap ugrady.