Kino sungaty we edebiýat — biri söz bilen, beýlekisi-de wideoşekiller bilen çuňňur mana öwrülen iki jady. Ikisini utgaşdyryp, täzeçe eser döretmek o diýen aňsat däl. Sere gelen setirleri — zenan ýa-da erkek ýazyjylaryň duýgularyny, arzuwlaryny, biri-birinden çeper sözler bilen beýan edilişini, okyjylara ýetirmek isleýän zatlaryny wideoşekillere öwürmek juda kyn. Kyn hem bolsa, edebi eserler esasynda döredilen filmler sanardan juda köp. Edebiýat muşdaklarynyň käbiri filmleriň kitaplary beýan etmekde juda bärden gaýdýandygyny belleselerem, kino sungatyny edebiýatsyz göz öňüne getirmek kyn. Käbir adamlar üçinem kitabyny okan eseriniň filmine tomaşa etmek aýratyn lezzetli. Zenan ýazyjylaryň edebiýatda aýratyn orny bar. Olaryň döreden eserleri uly meşhurlyga eýe. Häzirki wagtda zenan ýazyjylaryň eserleri esasynda surata düşürilen müňlerçe film bar. Bizem şolaryň saýlama 5 sanysyny siziň dykgatyňyza ýetirmegi makul bildik. Bu kinolaryň iň esasy aýratynlygy-da şol kitaplara wepaly bolup, üýtgewsiz ekranlaşdyrylan filmler bolmagydyr.
“Frankenştaýn”
(Frankenstein, 1931) — Meri Şelli
Iňlis ýazyjysy, XVIII—XIX asyrlarda ýaşap geçen Meri Şelliniň dünýä belli eseri “Frankenştaýn” esasynda onlarça filmdir serial ekranlaşdyryldy. Ýöne kinotankytçylaryň pikirine görä, Jeýms Weýliň režissýorlyk etmeginde 1931-nji ýylda döredilen “Frankenştaýn” filmi häzirki günde-de gymmatlygyny birjik hem ýitirmän gelýär. Ondan soňky “Frankenştaýn” kinolary şol taryhy filmiň derejesine ýetip bilenok.
“Şemal bilen giden”
(Gone With the Wind, 1939)
— Margaret Mitçell
Amerikaly ýazyjy Margaret Mitçelliň ýeke-täk eseri esasynda Wiktor Fleming tarapyndan surata düşürilen bu kino ähli zamanalaryň iň öňdebaryjy filmlerinden diýlip görkezilýär. Oskar baýragynyň 10-syny gazanan film Amerikan raýatlyk urşy ýyllarynyň kynçylyklary barada söhbet açýar. 4sagatlap dowam edýän ekran eseri kino taryhynyň iň girdejili filmlerindendir.
“Orlando” (Orlando, 1992)
— Wirgjiniýa Wulf
Britan ýazyjysy Wirjiniýa Wulfuň 1928-nji ýylda çapdan çykan “Orlando: A Biography” atly romany esasynda 1992-nji ýylda Salli Potteriň surata düşüren kinosyny bu sanawda agzaman geçmek bolmaz. “Orlando” atly bu kinoda Tilda Swinton bilen Billi Zeýn baş keşpleri janlandyrýar. Film zenan we erkegiň deň hukuklylygy barada gürrüň berýär.
“Paýhas we duýgy”
(Sense & Sensibility, 1995) — Jeýn Ostin
1775–1817-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen iňlis ýazyjysy Jeýn Ostiniň 1811-nji ýylda döreden meşhur eseriniň filmini 1995-nji ýylda taýwanly režissýor Eng Li ekranlaşdyrdy. Emma Tompson, Alan Rikman, Keýt Winslet, Hýu Grant ýaly artistleriň surata düşen filmi ençeme baýraga mynasyp boldy. Paýhas bilen duýgynyň arasyndaky ýiti göreş barada gürrüň berýän film tomaşaçylaryň uly söýgüsini gazanypdy.
“Harry Potter” filmler toplumy
(The Harry Potter series, 2001–2011)
— J. K. Rowling
Häzirki zaman zenan ýazyjylarynyň iň tanymaly, angliýaly J. K. Rowling bolup, onuň “Harry Potter” erteki romanlary tutuş dünýäde giňden ýaýrandyr. Edil kitaplary ýaly filmleri hem kino taryhynda uly yz galdyran “Harry Potter” filmler toplumy 2001–2011-nji ýyllar aralygynda 8 bölüm esasynda tomaşaçylaryň dykgatyna ýetirildi. Jadygöýlük baradaky filmlerde Daniel Redkliff, Emma Watson, Rupert Grin baş keşpleri janlandyrdy.