“Temmäki önümleriniň daşyna reklama goýmakdan ýüz döndermek çilime garşy göreşde netijeli usullaryň biridir”. Bu barada BMG-niň baş sekretary Pan Gi Mun 31-nji maý – Bütindünýä temmäkisiz güni bilen baglanyşykly eden çykyşynda mälim etdi.
– BMG temmäki önümlerine bolan islegiň azalmagynda öz netijeliligini subut eden ýönekeý çäreleriň biri bolan gaplardaky şekillerden boýun gaçyrmakda öz goldawyny mälim edýär – diýip, baş sekretar aýtdy.
Temmäkä garşy göreş boýunça çarçuwaly konwensiýanyň düzgünnamasyna laýyklykda, bu çäre, hatda kompaniýanyň we önümiň adyndan başga ülňülere laýyk reňkdäki logotipleri, reňkli şekilleri ýa-da reklama maksatly maglumatlary ulanmakda çäklendirmeleri we gadaganlyklary göz öňünde tutýar.
– Çilim çekmek birgiden kesellere, şol sanda düwnük, ýürek-damar we öýken kesellerine sebäp bolýar. Çilim gaplarynda şekilleriň bolmazlygy, temmäki önümlerine bolan islegi azaldýar, temmäki reklamasynyň gerimini çäklendirýär we çilim çekmegiň zyýany baradaky duýduryşlaryň täsirliligini artdyrýar – diýip, BMG-niň baş sekretary sözüni jemledi we dünýäniň hökümetlerini temmäki önümleriniň ýönekeý çilim gaplaryny girizmäge taýýar bolmaga çagyrdy. Bu sene 1987-nji ýylda Bütindünýä Saglygy Goraýyş assambleýasy tarapyndan esaslandyryldy. Bütindünýä Saglyk Guramasynyň bilermenleriniň pikirine görä, ýönekeý çilim gaplaryna geçmek boýunça golaýda köp sanly geçirilen çäreler temmäki önümlerine bolan islegiň pese düşmegine sebäp boldy. Bütindünýä Saglyk Guramasy ähli döwletlere ýönekeý çilim gaplaryna geçmegi maslahat berýär. Olarda reňkli şekillere derek diňe ülňülere laýyk reňkdäki söwda belgisi we önümiň ady şekillendirilen. Awstraliýa 2012-nji ýylyň dekabrynda ýönekeý gaplara doly geçen ilkinji ýurt bolupdy. Bilermenler soňky ýyllarda çilimkeşleriň sanynyň durnukly azalýandygyny belleýärler. 2016-njy ýylyň 20-nji maýynda Fransiýa we Beýik Britaniýa hem ünsüňi çekýän temmäki gaplaryna gadaganlyk girizmek hakyndaky niýetlerini mälim etdiler.
Şu ýyl Bütindünýä temmäkisiz gün “Ýönekeý çilim gaplaryna geçmäge taýýarlanyň” atly şygar astynda geçdi. Bu bolsa, bütin dünýäde temmäki önümleriniň ýaýradylmagyna garşy göreşde tagallalaryň has-da artýandygyna şaýatlyk edýär. Çilim çekmek bilen baglanyşykly keseller saglygy goraýyş pudagynda iň uly howplaryň biri bolup durýar.