Hem Peläniň, hem-de Maradonanyň kubok galdyran stadiony (Dünýä Kubogy 2026-nyň stadionlary – 2)

4

“Dallas” stadiony (beýleki ady AT&T Stadium) 9 duşuşyk bilen çempionatyň taryhynda bir gezek iň köp duşuşygyň geçiriljek stadiony bolar. 16 stadionyň arasynda hem Peläniň, hem-de Maradonanyň kubok galdyran stadiony hem bar.

Lincoln Financial Field – Filadelfiýa şäherinde ýerleşýän bu stadiona 67 müň 594 janköýer sygýar. 2003-nji ýylda 2 ýyllyk gurluşygy tamamlanan stadionda 6 duşuşyk geçiriler. Stadionyň gurluşygy üçin 512 million dollarlyk maýa goýulýar. Stadionda 10 müň sany gün panelli bolup, ol stadionyň sarp edýän ýyllyk energiýa mukdarynyň üçden birini öndürýär. Stadionyň tribunalary üç gatly bolup, olaryň agramly bölegi üçeksiz gurlupdyr.

AT&T Stadium – Tehasyň Arlington şäherindäki bu stadiona adaty ýagdaýda 70 müňden gowrak janköýer ýerleşýär. Onuň sany 80 müňe çenli hem artdyrylyp bilinýär. “Dallas” stadiony hem diýilýän bu desga futuristik keşbi bilen “Ýyldyz söweşleri” filmindäki “Death Star”-a çalym edýär. 2006-09-njy ýyllar aralygynda gurluşygy alnyp barlan stadion üçin 1,95 milliard dollar sarp edildi. Stadionda 9 duşuşyk geçiriler we bu bir Dünýä Kubogynyň çäginde iň köp duşuşygyň oýnaljak stadiony bolar.

Levi’s Stadium – Kaliforniýa ştatynyň Santa Klara şäherindäki bu stadiona “San Francisco Bay Area” hem diýilýär. 2014-nji ýylda açylan bu desga üçin 1,3 milliard dollarlyk maýa goýulýar. 68,500 orunlyk stadionyň San Hose howa menziline golaýlygy sebäpli tribunanyň üstüne kölege bolar ýaly üçek gurup bolmaýar. Amerikan futboly üçin niýetlenen stadion FIFA-nyň ölçeglerine gabat getirilip, futbol duşuşyklary üçinem oňaýly bolar ýaly edildi. Bu stadionda 6 duşuşyk oýnalar.

Estadio Azteca – Meksikanyň paýtagty Mehiko Sitidäki bu stadion dünýäniň iň meşhur stadionlarynyň biridir. 1966-njy ýylda açylan stadion taryhy wakalary başdan geçiren desgadyr. Bu stadionda futbolyň iň ägirdi – hem Pele (1970), hem-de Diego Maradona (1986) Dünýä Kubogyny gazanýar. Dünýä Kubogynyň duşuşyklarynyň 3 gezek geçiriljek ilkinji stadiony adyny aljak bu desga 87 müň 523 janköýere niýetlenendir. Çempionatyň açylyş, jemi 5 duşuşygy bu stadionda oýnalar.

 

Estadio Akron – Meksikanyň Guadalahara metropolitanynyň Zapopan şäherinde ýerleşýän bu stadion 2010-njy ýylda 200 million dollara gurulýar. Ýörite dikeldilen emeli depäniň üstünde gurlan stadiona birbada 49 müň 813 janköýer sygýar. Stadionda çempionatyň 4 duşuşygy oýnalar we şolaryň arasynda Meksika –Günorta Koreýa hem-de Urugwaý – Ispaniýa duşuşyklary öňe saýlanýar.

BC Place – Dünýä Kubogyny guraýjy 3-nji ýurt Kanadanyň 2 stadionynyň biri bolan bu desga Wankuwer şäherinde ýerleşýär. 54 müň 500 tomaşa niýetlenen stadion 1983-nji ýylda 256 million dollar gurulýar. 2011-nji ýylda durky täzelenen stadionda 7 duşuşyk oýnalar. 2010-njy ýyldaky gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy bu stadionda geçirilipdi.

Estadio BBVA – Meksikadaky 3-nji stadion bolan bu desga 53 müň 529 tomaşaçy orunlykdyr. 2015-nji ýylda 200 million dollara gurlan stadion Meksikanyň Monterreý metropolitanynyň Guadalupe şäherinde ýerleşýär. 4 duşuşygyň geçiriljek stadiony Serro de la Silla dagynyň eteginde ýerleşmegi oňa aýratyn görk goşýar. Stadionyň demirgazyk tribunasyndan ady agzalan dagy synlamak hem bolýar. Guadalupe Dünýä Kubogy 2026 üçin saýlanan şäherleriň arasyndaky iň yssysy hasaplanýar.

BMO Field – Dünýä Kubogy 2026-nyň iň az tomaşaçyly stadiony bolan bu desga Kanadanyň Toronto şäherinde ýerleşýär. Çempionat üçin wagtlaýynça goşmaça tribunalar döredilip, tomaşaçy sany 45 müň 736-a çykarylan stadion 2007-nji ýylda 44,5 million dollara gurulýar. Bu stadionda çempionatyň 6 duşuşygy oýnalar.