Geçen hepdäniň ahyrynda 40 günläp dowam eden 23-nji FIFA Dünýä Kubogy Ispaniýanyň çempionlygy bilen tamamlandy. Finalda Argentinany Ferran Torresiň goşmaça wagtda geçiren ýeke-täk goly bilen ýeňen ispanlaryň çempion boljakdygyna “yşarat eden” käbir wakalar seljerildi. Başgaça aýdylanda, Ispaniýanyň ýygyndysynyň ilkinji çempionlygy bolan 2010-njy ýyldaky ýeňşinden öň hem şeýle wakalara duş gelinipdi. Käbir wakalar juda meňzeş bolup, olaryň käbirleri bolsa edil 2010-njy ýyldaky ýaly gaýtalanan statistikalar boldy.
- Ispaniýanyň ýygyndysyny 2010-njy ýyldaky ýaly şu çempionatda-da “H” toparçada çykyş etdi.
- Ispaniýanyň ýygyndysy şu çempionatda edil 2010-njy ýyldaky ýaly 1-nji duşuşygynda gol geçirip bilmedi. Bu ýaryşda Kabo Werde bilen golsuz deňme-deň oýnan ispanlar 16 ýyl öň Çiliden 1-0 utulypdy.

- Ispaniýanyň ýygyndysy argentinaly meşhur tälimçi Marselo Bielsanyň tälim berýän topary bilen duşuşdy. Bu gezek Urugwaý bilen duşuşan ispanlar 16 ýyl öň Çili bilen güýç synanyşypdy.
- 2010-njy ýyldaky çempionatyň açylyş duşuşygynda ýer eýesi Günorta Afrika bilen Meksikanyň ýygyndylary duşuşypdy. Şu çempionat hem şolaryň duşuşygy bilen açyldy.
- Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzümine şu gezek edil 16 ýyl öňki ýaly, “Barselonadan” 8 futbolçy çagyryldy.

- Ispaniýanyň ýygyndysy bu çempionatdan öň 2024-nji ýylda Ýewropanyň çempiony bolupdy. Ispanlar 2008-nji ýylda-da Ýewropanyň çempionlygyny gazanypdy.
- “Real Madrid” topary şu möwsümi kuboksyz tamamlady. Olar 2009/10 möwsüminde-de kubok gazanyp bilmändiler.
- Şu möwsümde “Atletiko Madrid” Ispaniýanyň Şa Kubogy duşuşygynda edil 2010-njy ýylda bolşy ýaly ýeňlişe sezewar boldy.
- “Barselona” topary edil 2010-njy ýyldaky ýaly şu möwsümde-de “La Liganyň” çempionlygyny gazandy.
- Portugaliýaly meşhur hünärmen Žoze Mourinio “Real Madridiň” tälimçisi boldy. Ol 2010-njy ýylyň tomsunda-da “Real Madridiň” tälimçiligine bellenipdi.

- Dünýä belli wideo-oýun kompaniýasy “EA Sports” edil 2010-njy ýyldaky ýaly şu gezek hem Ispaniýanyň çempion boljakdygyny çaklapdy.
PDF









