Mä­lim bol­şy ýa­ly, şu ýy­lyň 12-nji aw­gus­tyn­da Ga­za­gys­ta­nyň Ak­tau ke­nar­ýa­ka şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň V sam­mi­ti ta­ry­hy se­ne­le­riň bi­ri hök­mün­de ýat­da ga­lar. Şol gün Türk­me­nis­ta­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň, Azer­baý­ja­nyň we Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­dent­le­ri­niň gol çe­ken Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ha­kyn­da­ky Kon­wen­si­ýa­sy dün­ýä­niň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de giň ses­len­me dö­re­tdi.

Bu ta­ry­hy res­mi­na­ma “Ha­zar deň­zi­niň Kons­ti­tu­si­ýa­sy” hök­mün­de at­lan­dy­ryl­dy. Dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de giň ses­len­me dö­re­den bu du­şu­şy­gyň ne­ti­je­le­ri­ne Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan hem ýo­ka­ry ba­ha be­ril­di. BMG-niň Baş sek­re­ta­ry An­to­nio Gu­ter­reş Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ha­kyn­da­ky Kon­wen­si­ýa­nyň ka­bul edil­me­gi­niň uly şat­lyk­ly ha­bar­dy­gy­ny we bu res­mi­na­ma­nyň gol çe­kil­me­gin­den ho­şal bo­lan­dyk­la­ry­ny mä­lim et­di. Bu ba­ra­da BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň adyn­dan onuň met­bu­gat sek­re­ta­ry çy­kyş et­di.
– Bu ta­ry­hy res­mi­na­ma hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­ly­gy­nyň we howp­suz­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gin­de se­bit hyz­mat­daş­ly­gy üçin uly äh­mi­ýe­te eýe­dir – di­ýip, BMG-niň Baş sek­re­ta­ry bel­läp geç­di.
An­to­nio Gu­ter­reş Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ry­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­ny bu şan­ly wa­ka bi­len gut­lap, Kon­wen­si­ýa­nyň se­bit hyz­mat­daş­ly­gy we köp­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi ba­bat­da ädi­len ta­ry­hy ädim­di­gi­ni bel­le­di.
Ha­ky­kat­dan hem, ýig­ri­mi ýyl­dan gow­rak wag­tyň do­wa­myn­da ge­çi­ri­len gep­le­şik­ler­den soň, Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ry Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ha­kyn­da­ky Kon­wen­si­ýa­ny ka­bul et­di­ler. Sam­mi­tiň çäk­le­rin­de Kon­wen­si­ýa­dan baş­ga-da, bäş döw­le­tiň hö­kü­met­le­ri­niň ara­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da­ky we ulag ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da­ky mö­hüm hal­ka­ra bäş­ta­rap­la­ýyn Yla­la­şyk­lar, şeý­le hem Ha­zar deň­zin­de ha­dy­sa­la­ryň öňü­ni al­mak ha­kyn­da­ky Yla­la­şyk ka­bul edil­di.

HOR­MAT­LY PRE­ZI­DEN­TI­MI­ZIŇ BAŞ­LAN­GYÇ­LA­RY DÜN­ÝÄ MET­BU­GA­TYN­DA

Bu sam­mit di­ňe sam­mi­te gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň däl, eý­sem tu­tuş dün­ýä­niň äh­li kün­je­gi­niň met­bu­ga­tyn­da uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sam­mit­de eden çy­ky­şyn­da Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da­ky iş­jeň hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge de­giş­li bir­nä­çe baş­lan­gyç­lary öňe sürdi. Hu­su­san-da, mil­li Li­de­ri­mi­ziň Türk­me­nis­tan­da Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­ny ge­çir­mek hem-de ulag ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak üçin se­bit ulag-lo­gis­ti­ka mer­ke­zi­ni dö­ret­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly baş­lan­gyç­la­ry iri ha­bar agent­lik­le­ri ar­ka­ly dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne ýe­ti­ril­di.
Kon­wen­si­ýa­da Ha­zar deň­zi­niň düý­bün­den su­was­ty ka­bel­le­ri we tur­ba­ge­çi­ri­ji­le­ri çek­mek müm­kin­çi­li­gi göz öňün­de tu­tul­dy. On­da “Ta­rap­lar öz­le­ri­niň tas­la­ma­la­ry­nyň eko­lo­gi­ýa ta­lap­la­ry­na hem-de ola­ryň gat­naş­ýan hal­ka­ra yla­la­şyk­la­ryn­da ber­ki­di­len stan­dart­la­ra la­ýyk gel­ýän şer­tin­de Ha­zar deň­zi­niň düý­bi bo­ýun­ça esa­sy su­was­ty tur­ba­ge­çi­ri­ji­le­ri çe­kip bi­ler­ler” diý­lip bel­le­nil­ýär. Ka­bel­le­ri we tur­ba­ge­çi­ri­ji­le­ri çek­me­giň ug­ru­ny di­ňe öz­le­ri­niň bö­le­gin­den ka­bel ýa-da tur­ba­ge­çi­ri­ji çe­kil­jek ýurt­lar kes­git­läp bi­ler.
Kon­wen­si­ýa­da öňe çy­kan bu ýag­daý, esa­san hem, Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň ha­bar­lar gul­luk­la­ry­nyň ün­sü­ni özün­de jem­le­di. Ha­za­rüs­ti gaz ge­çi­ri­ji­si – türk­men ga­zy­ny Azer­baý­jan we şol ýer­den Gün­ba­tar Ýew­ro­pa­nyň ba­zar­la­ry bi­len bag­la­nyş­dyr­ýan su­was­ty gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­na giň ýol açy­lan­dy­gy ba­ra­da­ky ha­bar­lar “Reu­ters” ha­bar­lar gul­lu­gy, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň “The Gu­ar­di­an”, “Dai­ly Express” ýa­ly iri ne­şir­le­rin­de, “Rig­zo­ne” hal­ka­ra in­ter­net ne­şi­rin­de, Ame­ri­ka­nyň “For­bes” ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy žur­na­ly in­ter­net-por­ta­lyn­da, BBC te­le­ýaý­ly­myn­da we beý­le­ki met­bu­gat gul­luk­la­ryn­da giň­den be­ýan edil­di.
Esa­sy köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tek­li­bi bo­ýun­ça in­di­ki Ha­zar sam­mi­ti­niň Türk­me­nis­tan­da ge­çi­ril­jek­di­gi­ni hem ha­bar ber­di­ler. Umu­man, dün­ýä­niň köp san­ly köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri Ak­tau sam­mi­ti­niň ne­ti­je­le­ri­ne uly gy­zyk­lan­ma bil­di­rip, dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ün­sü­ni pa­ra­hat­çy­ly­gyň, hoş­ni­ýet­li­li­giň, hyz­mat­daş­ly­gyň deň­zi ha­sap­lan­ýan Ha­zar deň­zi se­bi­ti­ne çek­me­gi ba­şar­dy­lar.