Häzirki döwürde tehniki tilsimatlaryň ösmegi bilen, el zähmetini ýeňilleşdirýän, elektrik togy bilen işleýän gap-gaçlary, kir ýuwujy, otag sowadyjy, nahar bişirilende ulanylýan gyzdyryjy enjamlar, kompýuter ulgamy, tele-wideo enjamlary, tozan sorujylar, suw gyzdyryjylar, çaý gaýnadyjylar mahlasy, bularyň ählisi öý hojalygynda giňden ulanylýar. Elektrik enjamlary gurnalanda elektrik tok ulgamy özbaşdak geçirilip, olaryň ugrunda ýörite goraýjy oturdylmaly. Bu enjamlaryň elektrik tok sarp edijiligi örän ýokary bolup, olar işleýän wagty gözegçilikde saklanmaly. Enjamlaryň birikdirijileriniň elektrik togunyň garşylyklaýyn geçip, gyzmaklygynyň öňüni almak üçin, olaryň berk gysylyp durmagyny üpjün etmeli.
Ýaşaýyş jaýlarydyr edara binalaryny ýyly saklamak üçin elektrik gyzdyryjy enjamlaryndan peýdalanylýar. Bu enjamlar ulanylanda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň kadalaryna laýyklykda, ilkinji nobatda öýleriň hem-de edara binalarynyň elektrik ulgamynyň gurnalyşynyň talabalaýyk bolmagyny gazanmaly. Daşky örtügi zaýalanan, ulanyş möhletleri geçen, köne elektrik tok geçirijilerini ulanmak gadagan edilýär. Öýüň elektrik togunda awtomatlaşdyrylan görnüşde tok gelmegini kesýän goraýjyny talabalaýyk gurnap, onuň iş kadasyna hemişe gözegçilik etmeli. Elektrik gyzdyryjy enjamlary köp wagtyň dowamynda işletmek ýa-da işläp duran wagty ony gözegçiliksiz galdyrmak talabalaýyk däldir. Elektrik gyzdyryjy enjamlaryň aşagynda ýeňil ýanyjy palasdyr halylaryň bolmagy hem howpludyr. Mümkin boldugyça, gyzdyryjylaryň aşagynda oda çydamly gatlaklar goýulsa talabalaýyk bolar. Elektrik gyzdyryjy enjamlaryň üstünde ýuwlan egin-eşikleri we beýleki goşlary guratmak örän howpludyr.
Bilşimiz ýaly, gyş paslynyň gelmegi bilen howanyň sowuk günlerinde awtoulag serişdelerini aňsatlyk bilen işletmek üçin, onuň hereketlendirijisiniň aşagynda açyk ody ýakmak howpludyr. Ýaşaýyş jaýlaryň, ulaghanalaryň daş-töweregi hapa zir-zibillerden arassalanylyp, zir-zibiller öz wagtynda çäkden çykarylmalydyr. Geçelgelerdir girelgeleri, howlynyň içini, jaýlaryň ýangyna garşy araçäklerini, jaýlaryň daşarky halas ediş merdiwanlaryny, ýangyna garşy suw howuzlaryna barylýan ýollary dürli materiallar bilen baglap, geçmeklige päsgelçilik döretmek, jaýlaryň ýangyna garşy araçäklerinde, boşluklarynda ýanyjy materiallary saklamaklyk talabalaýyk däldir. Ýaşaýyş jaýlarynyň ýangyn howply otaglarynda, üçeginde, ýerzemininde, awtoulaghanalarda, malýataklarda, saman-bede, odun we öýüň beýleki kömekçi otaglarynda elektrik ýagtylandyryjy çyralaryň daşlary ýörite gorag aýna örtügi bilen üpjün edilmeli. Şol otaglarda elektrik tok geçirijileri suwagyň astyndan ýa-da polat turbanyň içinden geçirilmeli.
Hormatly ýaşaýjylar! Ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň kadalaryny doly we dogry berjaý edeliň! Türkmenistanyň her bir ýaşaýjysy ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň talaplaryny berjaý etmäge borçludyr. Janymyza, saglygymyza, jemgyýetiň, döwletiň bähbitlerine maddy zyýan ýetirýän gözegçiliksiz otdan seresap bolalyň!
Muhammetdurdy Durdyýew,
Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 100-nji harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk bölüminiň başlygynyň orunbasary,
içerki gullugyň maýory.