Tokaýew Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

3

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine doglan güni bilen bagly gutlag telegrammasyny ýollady. Gazak lideri gutlagynda iki ýurduň arasyndaky däp bolup gelýän hyzmatdaşlygyň geljekde has-da berkidiljekdigine ynam bildirdi. Bu barada Gazagystanyň lideriniň metbugat gullugy habar berýär.
Tokaýew gutlagynda Si Szinpine döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikleri, dostlukly hytaý halkyna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.
15-nji iýunda HHR-niň Başlygynyň 73 ýaşy dolýar.