Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon suw gorlary ulgamynda halkara baýrak esaslandyrdy. Onuň maksady suw gorlary hem-de howanyň üýtgemegi meselelerinde halkara hyzmatdaşlyga, ylmy barlaglara, durnukly syýasat boýunça goşant goşan adamlary höweslendirmekden we ykrar etmekden ybaratdyr.
Prezident Rahmon şeýle hem Kataryň Telekeçiler bileleşiginiň geňeşiniň başlygy Şeýh Feýsal ibn Kasym al Tani bilen duşuşykda özara söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek barada pikir alyşdy. Taraplar Täjigistanyň ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynda infrastruktura taslamalary durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlary çekmek, özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek barada ylalaşdylar.
PDF









