1897-nji ýylyň 16-njy iýunynda Hawai Respublikasyny Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna birikdirýän şertnama gol çekilýär, emma adalar bir ýyldan – respublika ýatyrylandan soňra ABŞ-nyň düzümine girizilýär.
Hawai Respublikasy (hawai dilinde: Lepupalika o Hawaiʻi) – Hawai adalarynda 1894-nji ýylyň 4-nji iýulynda (Hawai wagtlaýyn hökümetiniň möhleti tamamlanandan soň) döredilip, 1898-nji ýylyň 12-nji awgustyna çenli (Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan anneksiýa edilýänçä) dowam edýär. Ondan öň adanyň döwlet dolandyrylyşy Patyşalykdy.
Adalara 1959-njy ýylyň 21-nji awgustynda ştat statusy (50-nji ştaty) berilýär. ABŞ-nyň gury ýer böleginden 3200 kilometr uzaklykda ýerleşýän adalaryň 1,4 million töweregi ilaty bar. Ýuwaş ummanyndaky ada Demirgazyk Amerikada ýerleşmeýän ABŞ-nyň ýeke-täk ştaty hasaplanýar. Arhipelag esasy uly 8 adadan we beýleki ýüzlerçe adadan hem-de wulkan adalaryndan durýar. Olaryň köpüsi örän kiçi bolup, haýsydyr bir jandar ýa-da hemişelik ýaşaýyş ýok. Paýtagty we iň iri şäheri Honolulu.
PDF









